Ýaşaýyş näme we onuň manysy nämeden ybarat?

Bu günki gün özümi bimaza etýän sorag bilen saýtdakylary hem bimaza etmekligi ýüregime düwdüm. :)

Ömründe her bir akyly, aňy ýerinde bolan adam "Durmuş näme?!" ýada "Näme üçin ýaşaýas, ýaşaýyşyň manysy näme?!" diýip özüni soraga çeken bolsa gerek. Belki, käbirleriňiz bu soraglaryň jogaplaryny öňden tapansyňyz we tapan jogabyňyzdan kanagatlanyp, şol jogap bilen el-ele tutuşyp ömür ýoluňyzy aladasyz dowam etdirip gelýänsiňiz ýada men ýaly soragyň jogabyny tapman, bu agyr ýüküň altyndan çykyp bilmän ejir çekip ýörenleriňizem bardyr. Öň özüňiz, özüňizi soraglan bolsaňyz bu günki gün men sizden sorajak "Ýaşaýyş näme we onuň manysy nämeden ybarat?". Her kim öz düşünjesini teswirlerde paýlaşsyn, ýöne ýekeje haýyşym soragy jogaplanyňyzda öz ideallaryňyzyň aňy bilen pikirlenip, sözi bilen sözlejek bolmaňda, öz sözüňiz bilen, öz pikiriňizi, düşünjäňizi beýan etmäne synanyşyň.

Hany onda başladyk.))
4 лайков 383 просмотров
48комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
18 фев 2022, 12:12
Jogabyny menem tapmadym dogrusy( name ucin geldik we manysy name we sebaplerinide goz onime getirip gormandim
Pegas
18 фев 2022, 12:26
Mende-hä: "Ýaradylypdyrys-da! Indi ýaşamakdan başga alajymyz ýok" pikiri bar şu wagta çenli. Many göremok. "Synag" diýýäler. Synalmak mejburyýetindemikäk biz...
Bagul_Atayeva
18 фев 2022, 12:32
Durmuşyňy böleklere böl. Hersinde özüň jogap berersiň şu soraga.
#B.S
18 фев 2022, 12:40
Durmuşyň manysy manyly durmuşda.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 13:04
Pegas,
Arada bir kitapda okadym "Ýaşaýyş bu geçmişden we geljekden üzňelikdir" diýýär. "Eger her ýaşan pursatyňda geçmişiň tozy ýada geljegiň salgymy gaplanan bolsa bu ýaşaýyş däldir" diýýär. Onsoň adam ömründe şeýle, geçmişiň ýatlamasyndan, tejribesinden, geljegiň arzuwdyr-hyýalyndan saplanan pursat, ýagny hakyky ýaşaýyş bolup bilermi diýip pikirlendim, soňrada çagalygymyz ýadyma düşdi, günüň dogan güni toý-baýram bolan, geçmişiň ýatlamalary aňymyzy gurşamadyk, geljek hakynda umyt etmeýän döwürlerimiz, gün dogdugy ir säherden öz göwünsöýen zatlarymyz bilen meşgullanýan döwürlerimiz ýadyma düşdi we kitapdaky agzalýan geçmişden we geljekden üzňe bolan wagt, ýagny hakyky ýaşaýyş şudyr diýen netijä geldim.
#B.S
18 фев 2022, 13:10
Hieyres sen Annadurdymaý?
Гость
18 фев 2022, 13:27
Şu adamlary bimaza etme gylygyň galman geçjegaý seň cilimkesh
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 13:28
Khanture,
Hol prikoldakymy?!))
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 13:34
Arassa howadan azat dem almak şoňam mugtdygyna begenmek, her gun irden turaňda "Urra bu gunem oyandym yene bir gun yaşap bilyän" diyip begenmek, soňra yyljak suwa yuzuňi yuwup suwuň mylayymlygyna yyljaklygyna meymirek, ajyja kofejik we klassik sazlar bn ertirlik edinmek, soňra abede nahar tayyarlamak nahar suyji bişiryändigiň un begenmek, soň elektron kitaplary okap başlayaň welin dil bilyäniňe we yatkeşligiňe begenmek sayta girip wagt geçirip bilyäniňe begenmek, agşam nahar tayyarlap saçagy durli-dumen bn bezäp hem özuňi hem maşgalaňy hoşal etmek soňra sayt we kitaplar iň soňunda yyljak yorganyň aşagyna girip şol yumşajyk yerde yatyp bilyäniňe begenmek....
#B.S
18 фев 2022, 13:39
Цитата: Hiayres
Khanture,
Hol prikoldakymy?!))

Ýok Annadurdy diýip dostum bar. Şoňa meňzetdimleý seni...
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 13:41
Khanture,
gyz bu oglan däl
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 13:42
Khanture,
Hä bolýala... Onda ýok, ol däl.
#B.S
18 фев 2022, 13:44
Цитата: Hiayres
Khanture,
Hä bolýala... Onda ýok, ol däl.

Hmm. Bilyadimemley birhili yazyan zatlaryndaky zatlar onun pikirlerine menzesh. Yone ol
Цитата: Nairobi
Khanture,
gyz bu oglan däl

name Goýa... bäh bilmändirin...
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 13:47
Nairobi,
Bolýa jora, ýaşaýyşa suratlandyrypsyň, indi seniň şol suratlandyran ýaşaýyşyň manysy nämeden ybarat?
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 13:54
Hiayres,
optimizim hemme kiçijik zatlardan öz göwnuňi hoşal edip bilmek. Özi bir 4-5 gunluk yalançy yoptywaymatda gaygy dert bilen yaşap yörmek manysyzlyk köp adam yaly "Uff bu gun nämeler gelerkä başyma?" diyip yaňy başlajak bolup duran gunuňi özuň zayalamasaň gowy
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 13:55
Khanture,
hawa suratynam gördum bet zat eken
Mechta
18 фев 2022, 14:15
Synagdan doly manysyz dowam etyan durmus/
Mechta
18 фев 2022, 14:15
Synagdan doly manysyz dowam etyan durmus/
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 14:24
felicita,
Näme bilen synaýan we näme üçin?
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 14:27
Her kimi geçip biljek synagyna salyandyr taryhy bilyäni näme uçin fizika dyksyn?
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 14:35
Belli bir dereje ýaşamak diýmekligiň näme many aňlatýanyny bilýän. Ýaşamak - bu ahmyrsyz, arzuwsyz ömür sürmek. Ýöne manysy nämeden ybarat, özümizi fiziki we aňy kämmilleşdirmekdenmi ýada idealistleriň wada berýän bakyýetindäki "Jenneti" şu ýerde bolup, daş-töweregimizi gurşap alýan ähli gözellikler bilen sazlaşykly keýpi-sapada ýaşamakdan ybaratmy ýada başga bir zatmy, ýada olaryň hemmesiniň jemimi, ine çözüp bilmeýän meseläm.
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 14:42
Hiayres,
Ahmyrsyz-bolup biler yöne arzuwsyz adam bolyamy?
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:05
Nairobi,
Tutuş adam ömrüni alsaň arzuwsyz ýaşaýan ýokdur, ýöne bölekleýin alsaň arzuwsyz ýaşaýan pursatlary bolýar. Mysal üçin: çaga dünýä inenden azyndan 3ýaşa çenli känbir arzuw etmeýär ýada adamlar ukydakalar arzuw etmeýäler.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:07
* Tutuş adam ömrüni hasaba alsaň arzuwsyz ýaşaýan adam ýokdur, ýöne bölekleýin alsaň arzuwsyz ýaşaýan pursatlary bolýar. Mysal üçin: çaga dünýä inenden azyndan 3ýaşa çenli känbir arzuw etmeýär ýada adamlar ukyda ýatyrkalar.
Ötegçi
18 фев 2022, 15:08
Ýaşaýyşyñ manysy: "GURY GELIP BOŞ GITMEZLIKDE"
Ötegçi
18 фев 2022, 15:09
Цитата: Khanture
Hieyres sen Annadurdymaý?

Menä poçerkini başga adama meñzetdim
#B.S
18 фев 2022, 15:12
Цитата: Ötegçi
Цитата: Khanture
Hieyres sen Annadurdymaý?

Menä poçerkini başga adama meñzetdim

wirtualda pocerk tanap bilsen mlds kiminka menzetdin onnon?
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:24
Ötegçi,
Meň pikirimçe adam dünýä gelende gury gelmeýär onda dogabitdi instinktler we duýgular bar. Ýöne ine gideniňde näme äkitjek? Bu dünýäden başga bir dünýä, näme äkidip bilersiň? Öwrenen hünäriňmi ýada bilimiň? Sogabyňmy ýada günäň?! Näme äkitseňem tebigy gurluşy boýunça tapawutly bolan älemde seň bu ýerde öwrenen, häzirki adamzadyň (adamdan sähel tapawut etýän) ideýasy tarapyndan ýaýylan hünärem, bilimem, sogabam, günäde geçirlem bolmaz, ýarawlam.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:27
* Meň pikirimçe adam dünýä gelende gury gelmeýär onda dogabitdi instinktler we duýgular bar. Ýöne ine gideniňde näme äkitjek? Bu dünýäden başga bir dünýä, näme äkidip bilersiň? Öwrenen hünäriňmi ýada bilimiň? Sogabyňmy ýada günäň?! Näme äkitseňem tebigy gurluşy boýunça tapawutly bolan älemde seň bu ýerde öwrenen, häzirki adamzadyň (haýwandan sähel tapawut etýän) ideýasy tarapyndan ýaýylan hünärem, bilimem, sogabam, günäde geçerlem bolmaz, ýarawlam.

"Bir gözi aýa bakýar, biri şetdaly kakýar" kelläňde müň alada bolsa şeýle bolýar eken. Birem ýazýan zadymy gaýtadan okamany ýaltanýan.))
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 15:27
Цитата: Hiayres
Nairobi,
Tutuş adam ömrüni alsaň arzuwsyz ýaşaýan ýokdur, ýöne bölekleýin alsaň arzuwsyz ýaşaýan pursatlary bolýar. Mysal üçin: çaga dünýä inenden azyndan 3ýaşa çenli känbir arzuw etmeýär ýada adamlar ukydakalar arzuw etmeýäler.

Diňe şo wagtlary yaşap başga wagt öli diymekmi bu jora?! Arzuw edyäs öňumizde maksat goyyas şo maksada yetmek un hereket edyäs ine yaşayaşyň manysy. Uklap yatyrkaň niresinde many bolsun oň?