Ýaşaýyş näme we onuň manysy nämeden ybarat?

Bu günki gün özümi bimaza etýän sorag bilen saýtdakylary hem bimaza etmekligi ýüregime düwdüm. :)

Ömründe her bir akyly, aňy ýerinde bolan adam "Durmuş näme?!" ýada "Näme üçin ýaşaýas, ýaşaýyşyň manysy näme?!" diýip özüni soraga çeken bolsa gerek. Belki, käbirleriňiz bu soraglaryň jogaplaryny öňden tapansyňyz we tapan jogabyňyzdan kanagatlanyp, şol jogap bilen el-ele tutuşyp ömür ýoluňyzy aladasyz dowam etdirip gelýänsiňiz ýada men ýaly soragyň jogabyny tapman, bu agyr ýüküň altyndan çykyp bilmän ejir çekip ýörenleriňizem bardyr. Öň özüňiz, özüňizi soraglan bolsaňyz bu günki gün men sizden sorajak "Ýaşaýyş näme we onuň manysy nämeden ybarat?". Her kim öz düşünjesini teswirlerde paýlaşsyn, ýöne ýekeje haýyşym soragy jogaplanyňyzda öz ideallaryňyzyň aňy bilen pikirlenip, sözi bilen sözlejek bolmaňda, öz sözüňiz bilen, öz pikiriňizi, düşünjäňizi beýan etmäne synanyşyň.

Hany onda başladyk.))
4 лайков 383 просмотров
48комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 15:30
yaşayyşyň*
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:41
Nairobi,
Seň arzuw edeniň ýada maksat goýup maksadyňa ýeteniň niresinde many bar? Mysal üçin: Maddy ýagdaýyňy gowulaşdyrmak, baýamak arzuwyň bolsun, arzuwyňa ýetdiň nirisinde many boldy?! Başarnygyň arkaly özüňe görä başarnyksyzlaryň özlerine düşmeli paýyny ugruny tapyp özüňe aldyň, gowy ýaşadyň, onsoň niresinde many bar şunuň?! Ilki arzuwyň maddy ýagdaýyňy gowulaşdyrmak bolsa, indiki arzuwyň has gowulaşdyrmak bolar, soňkyň bolsa ondanam we şeýdip dowam edip, gidip oturar. Senä başarnygyň, ugur tapyjylygyň arkaly baýarsyň, beýleki başarnyksyzlar we ugurtapyjy däller bolsa seň baýadygyňça garyplaşar, sen bol-elinlikde ýaşadygyňça olar kösener, jebir-jepa çeker gider otur. Sebäp bu ýerde hemme zat garşylykly, ýeriň materiýalny baýlygynyň sany belli, gyzyllaryň, almazlaryň, demirleriň sany belli, näçe isleseňem şondan artyk artjak zady ýok. I many nirde indi?!
Ötegçi
18 фев 2022, 15:42
Adam dunýa gelende eli boş gelýär. Soñ gazanmalsy oziñe bagly. Isle boşam gidip bilersiñ, isleseñ günäden sogapdan dolubam gidip bilersiñ.
Ötegçi
18 фев 2022, 15:44
Many ajy doýurmakda. Eliñden gelen komegi gaýgyrmazlykda.
Ötegçi
18 фев 2022, 15:44
MANY-YNAM
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:49
Ötegçi,
Nähili gitmegiň özüňe baglylygy hemme aýan zat, ýöne mysal üçin: günäden doly gideniňde ýada boş gideniňde ikisiniň tapawut näme?! Ine sorag... Näme etseň, näme gazansaň, bu ýerde galýar... Eger ýanyň bilen äkidäýeniňde-de aňyrda düşünmezler. Diýeli siz ökde sürüji we ökde sürüjilik ukybyňyzy ýanyňyz bilen äkitdiňiz ýöne aňyrda maşyn ýok, onsoň kime derkar siziň bu ýerde ökde sürüji bolanlygyňyz ýada diýeli taryhdan gowy başyňyz çykýar we aňyryk bardyňyz siziň bu ýeriniň taryhyny ýada edebiýaty gowy bileniňiz kime derkar. Ine sorag...
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 15:55
Цитата: Ötegçi
Many ajy doýurmakda. Eliñden gelen komegi gaýgyrmazlykda.


"Many ajy doýurmakda" diýseňiz bu eýýäm dolandyryş sistema bolup gitýär. Belki, ajyň ýada ajlygyň döremegine nämeniň esas bolýanyny bilmeýän bolmaly. Eger diýeli sistema kommunistik ýada sosialistik sistema bolan bolsa, hemme zat gyra deň paýlanýan bolsa, onda ajam bolmazdy, baýam. Şol ýagdaýda manyny näme baglardyňyz?!
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 15:58
Hiayres,
hä onda hereketsiz yatmalymy iki ayagyňy asmana galdyryp?! Şoň niresinde many bar? Soňam meň arzuwym bayamak däl bay-garyby nireden getirdiň bärik? Başarnyksyz adam bolanok.
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 16:04
Arzuwyňa yetmek un fiziki we ruhy aň taydan kämmileşyäň yetensoň yene bir arzuwa başlayaň şeydip kämilleşip gidip otyrsyň. Adamyň arzuwlaryna maksadyna zähmetine lezzetine keypine baryna manysyzlyk diyip otyrsyňsa sen maňka ?
Hanguly
18 фев 2022, 16:11
Durmuşyň manysyna intek düşünen ýok filosofik tarapdan seretsek. Ýöne durmuşyň manysy şadyýan ýaşamak, bary-bolany.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 16:14
Nairobi,
Bolýa... görşüm ýaly seň arzuwyň kämilleşmek diýeli. Ruhy taýdana goýaly, sebäp intäk sen ruhuň nämedigini bileňok. Ylmy-bilimi taýdan diýeli, mysal üçin: gowy görýän ugruň taryh taýdan, ilki student bolmak, soň professor, soňam bir uly ylmy iş ýazyp taryhda yz galdyrmak we ýazan işleriň hemde biografiýaň bilen taryha gyzykjak geljek nesilleri gümemek diýeli. Indi şunda näme many bar?! Özüňi we özüň ýaly toslamalara we teoriýalara gyzyklanjak geljek nesilleri gümemekdemi many?!
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 16:16
Wlad,
Şatlyk näme @Wlad bilýäňmi?!
Hanguly
18 фев 2022, 16:19
Hiayres,
Bilmege gerek ýok, görýänsiň her ýerde
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 16:35
Hiayres,
yurege bagra duşdiňay çagaň zayasy ekeniňay iňňir-iňňir etimi iydiň saňa heley boljaga dözum bersin?
Özuň ayt hany manyň nämedigini?
Hanguly
18 фев 2022, 16:37
Цитата: Hiayres
Wlad,
Şatlyk näme @Wlad bilýäňmi?!

Hem şatlygyň nämedigini bilmän ýaşaýyşyň nämedigini soraýaňmy ?
Sen çylşyrymlaşdyrýaň, görýän welin mowzugyň gaty dagan şekilde, bular sorag däl, danasyramak
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 16:43
Wlad,
@Wlad sorag berilip danasyralmaýa, jogap berip ýada öwüt berip danasyralýar. Elementarnyý zatlary öwren ilki.
Hanguly
18 фев 2022, 16:44
Hiayres,
Şeýledir
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 16:46
Nairobi,
Göwnüme bolmasa ýokarda sen meň gürrüňime goşuldyňmyka diýýän?! Menem şu ýerde çaga bilen çekeleşip oturmany uslyp bilýän, ýöne elementarnyý zatlaram biri aýtmala size))
Leyli Amanowa
18 фев 2022, 16:54
Hiayres,
Gurruňiňe goşuldyrmajak bolsaň nämä mowzuk yazyaň hä?! Soltanyň agtygymy sen aydan zadyňa goşulman oturar yaly? Soltanyň agtygy bolaňda-da goşulardym. Soňam sen berlen soraga jogap bereňokda yzyna gaytdan sorag beryäň ?