Massimus we talaňçy aýal

Salam agzalar. Öň bu wakany teswirde ýazypdym. Bu gün mowzuk edip açaýyn diýdim. Mekdep döwründen ýatlamalar kän. Bir güni rus dili mugallymym meni ýanyna çagyryp,
- Massimus öýde giren ýeriňde meň konspektim galypdyr, şony getirip beräý, öýde hiç kim ýokdur diýip öýüniň açaryny berdi. Öýlerem mekdepden uzagrakda. Gitdim sömpüldäp. Öýüne bardym, görsem gapysy çalaja açyk. Içeri girdim, konspekt dur, aldym. Gaýdyberdä yzyňa, gaýtmadym. Gapy açyk bolsa diýmek öýde biri bolmaly, soňam öýlerinden bir zat ýitse menden görerler. Otaglara aýlanyp ogryny gözläp başladym. Içerki otagdan üýtgeşik ýakymsyz sesler eşidilip ugrady. Girsem bir nätanyş aýal mugallymymyzyň adamsynyň üstünde ony bogýarmy, bir zatlar edýär. Özi aýal halyna ogurlyga girip öý eýesinem bogup öldürmäge hyýallanypdyr, muňa näme diýjek. Üstesine öz eşiklerinem, oň eşiklerinem çykarypdyr. Özüniňkä düşnükli, öldüren wagtym gan degmesin diýip çykarandyr, ýöne oň eşiklerini näme üçin çykarandygyna düşünmedim. Men barybir köpi gören ugurtapyjy ýigit, beýle pursatda aljyramadym, göni aşhana girip elime skoworodka (saç) aldym. Otaga girdim, mugallymyň adamsam ölümi boýun alan ýaly üstündäki päliýamana garşylygam bildirenokdy. Menem saç bilen ýaňky saçy kesilmişiň kellesinden urdum. Udarymam güýçlidä meň, ol bir tarapa ýykyldy. Şeýdip ol adamy ölümden halas etdim. Ol maňa şeýle bir minnetdarlyk bildirdi, hatda 200 müň manat pulam berdi, ýöne gören zatlarymy hiç kime, alada edip ýörmez ýaly hatda mugallymymada aýtmazlygymy haýyş etdi. Men sözünde tapylýan oglanlardan, ýöne gahrymançylygymy barybir klasdaşlaryma gürrüň berdim.
9 лайков 357 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
02 май 2022, 17:42
?????
Aýaly alada etmesin diýendir :)
Гость
02 май 2022, 17:56
Wagtynda ýetişipsiň ?.


Ogry gowja zat ekenmi?! dalii
Resul
02 май 2022, 18:03
Pul köpräk bermeli eken.sen bu ýerde uly bir gahrymançylyk etdin. hihi
Chelsea
02 май 2022, 18:58
?????
Hiayress
02 май 2022, 19:17
Intägem öý eýesiniň Hudaý diýen ýeri bar eken. :D
..
02 май 2022, 21:08
Hälem ölmänkä ýetişeniñ ))) ölse dagy señ başyña galardy, şol giripdi iñ soñ öýe diýip)
Hiayress
02 май 2022, 21:15
Gündüziň gönortany ogrulyk bolupdyrda. :D
..
02 май 2022, 21:19
Hiayress,
shu massimus yaly oglanjyk her yerdede gerek diysene))
Hiayress
02 май 2022, 21:23
alaja,
Şol oglanjygyň özüni ulalansoň öýüne ýalaňaç talaňçy girip bogmadyk bolsa bolýar. :D
..
02 май 2022, 21:27
Hiayress,
Häzirki cagalar o döwürdenem akylly, Nyrhyny götermeli bolar ol ))
Hiayress
02 май 2022, 21:44
alaja,
Ýatlama diýip awtoryň hyýaly fantaziýasy bolaýmasa. Durmuş saňa olar ýaly mümkinçilik bersedä 200müň razy bolarsyňmaý.))
..
02 май 2022, 22:03
Hiayress,
Çagada olarýalak zady nirden bilsin, öñki mowzugynaky düýş göreninden biläýmelidä şol zatlardan entak başy çykmaýanyny)
Massimus
Автор 02 май 2022, 22:07
alaja dogry aýdýaň, köp ýerde çagalyk edýändä
Michael
02 май 2022, 23:54
???