2 minudyňyzy maňa sarp edip bilersiňizmi?!

Gözüňizi ýumuň. Bir uly märekeli (köpçülik) dykylşyk köçede gidip barýaňyz. Ýoldan awtoulaglar geçýär. Ýolda trafik bar. Aýylganç ulag seslerini eşidýäňiz. Siz gözüňiz ýumulgy ýoluň beýleki tarapyna geçmäge synanyşýanyňyzy duýuň. 2 minutlap gözüňiz ýumulgy şol ýagdaýy duýjak boluň. 2 minutdan soň açyň.

Indi özüňizi nähili duýanyňyzy, näme pikir edeniňizi teswirlerde ýazaýyň.
10 лайков 526 просмотров
102комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
18 май 2022, 22:30
Menä gözüňizi ýumuň diýen ýerinde gözümi ýumdumda soňam ýadap açdym. :D
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:34
Hiayress,
5 minudy 2 minut edäýerin.
Öwreniji
18 май 2022, 22:34
Gözüňi ýum diýen ýerde ýumdym, az salymdan açdym, okap boljak däl eken gözüňi ýumsaň, popkorn kinodaky ýaly boljak
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:35
Remezan,
Ilki mowzugy okaň. Soň ýumup dowam ediň.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:35
Ýalta-la siz oglanlar. :)
seyis
18 май 2022, 22:42
Goz yumup shunca azap etsemem mena gozonune getirip bilmedim. Bashga zatlar gelyalay gozonune.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:44
seyis,
Gözöňüňize näme gelýänini ýazaýyň.
A....
18 май 2022, 22:47
Salam doganjygym.
Wagty bilen ýoldan geçip bolmady maşynlardan ýaňa)))
A....
18 май 2022, 22:48
Iki ýana garaňjaklap durmaly boldy
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:49
Talyp_gyz,
Salam jigim! Gowumy?
Geçip bildiňmi onsaň? Nähili duýgulary başdan geçirdiň?
seyis
18 май 2022, 22:50
Nirvana,
Mashyn adamlar gelya soñ bulashya men sho yoldan gechip bilemokda.
Cicek
18 май 2022, 22:50
Salam nace gun ukyn zary,yum diymeselerem,yolda yatyp galyp,ishe gija galaryn garashyan
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:51
seyis,
Seýis dogan sizem duýgularyňyzy aýdyp beräýiň.
A....
18 май 2022, 22:52
Nirvana,
Gowy, öziň gowmy?
Ýok geçip bilmedim. Ýaňy bir geçjek bolaňda gapdaldan maşyn gelýändir. Geçip bilmän dursaň nerwinçitli edjek.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:52
Mahek,
Salam. Ukyň zary bolsaň, saňa gözüňi ýumup, soň açmazlygy maslahat berýän Gültäç. :)
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:54
Talyp_gyz,
Alhamdulillah oňat. Garaz gaharlanýaň soň. Dogrumy?
A....
18 май 2022, 22:55
Nirvana,
Hawa. Bolmanam wagty bilen geçip bolmasa gaharyň gelerle. Haçan gutararka bul maşynlar diýip.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:56
Gadyrly okyjylar!
Men sizden kyn ýa başaryp bolmajak zat islemedim.
Bu ýönekeýje maşky etdirmegimiň sebäbi, siziň empatiýa duýgyňyzy ösdürmek. 2 sany gözüňiziň görýändigine şükür etdirmek.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:57
…Gözleri görmeýänleriň ýagdaýyna dogry düşünmegiňiz.
seyis
18 май 2022, 22:58
Nirvana,
Men duygulam sheyle dyknyshyk adamly ya kopadamly koche goremok hichem mashynam sheyle trafikli yol dine kinoda gordum onsan kop adamly kop mashynly yol gozonume getiryan emma men yoldan gechishim yok yada men yoldan gechsem hich mashyn adam yok. Toplap bilemok beylede boljak eken.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:59
Talyp_gyz,
Gaharyň görmeýändigiňemi ýa maşynlaryň köpdügine?
Telwas
Автор 18 май 2022, 23:01
seyis,
Düşnükli.
Telwas
Автор 18 май 2022, 23:01
Hemedany,
Gözüň ýumuk wagty swetafory nädip görýäň?
Hiayress
18 май 2022, 23:05
Menä ilki özümi New-Ýorkyň trafikli köçesinden geçjek bolýanymy göz öňüme getirjek bolsam bolmady. Onsoň Marynyň Zelýonysynyň öňüni göz öňüne getirmäni çalyşdym. Onam peşehoddan geçmejek bolup näçe jan etsemem diňe peşehodly ýerinden geçjek bolýanym göz öňüme gelýär. Trafigi göz öňüne getirmäne çalyşdym, boldam daže ýaşyl awtobuslaryň ostanowka gelip gidýänini göz öňüme getirsemem, ýoldan geçip barýarkam hiç maşynyň päsgel berýänini göz öňüme getirip bilmedim. Ulag sesleri diýeňde-de onam göz öňüme getirmäne çalyşamda öňki Başkendiň ýanlarynda güýçli tormuz sesi we maşyn awariýasy bolan ýaly duýdum. Ýöne peşohoddan geçýän adamlar, maşynlaram, birhili memden üzňe, daşlykdan bolýan ýaly, sadaja özümi şolaryň bolşuna synlaýan ýaly ýada olar meň barlygymy görmeýän ýaly duýdum.
Hiayress
18 май 2022, 23:18
Bu zatlaryň pensiýa peýdasy barmyka?! :D
Hiayress
18 май 2022, 23:19
Saýt agyr işleýämi ýada diňe mende şeýlemi?! ?
Telwas
Автор 18 май 2022, 23:24
Hiayress,
Pensiýa ýaşyň ýakynladymy? :)
Agyr işleýän ýaly. Ýa men agyr ýazýan.
Telwas
Автор 18 май 2022, 23:25
Mümkin

Şahsy hatyňa göz aýla. Seň bilen gatnaşmak isleýän.
Hiayress
18 май 2022, 23:27
Nirvana,
Indi meň ýokarda geçiren ahwalatlarymyň gara köpük bahasy barmy jora?!
Telwas
Автор 18 май 2022, 23:27
Hemedany

Hiayress
,

Molodes, ukyply ekeniňiz.