Jadygöýlik we jadylamak sungaty.

Eger-de men size dünýämiz görnüşi ýaly däldir diýsem we hat-da görejimiz hem bize dünýäni 100 göterim görkezenok diýsem, onda siz maňa bu sähne aklyndan azaşypdyrow diýmegiňiz ahmal. Ýöne şonda hem men özümiň köp wagtdan bäri gyzyklanýan zatlarym hakynda sizler bilen paýlaşyp pikir alyşmagy ýüregime düwdim.

Elbetde, bu giriş mowzugy bolanlygy üçin men size gysgaça we sada dilde esasy terminleri düşündirip geçmekçi. Soňrabolsa, indiki mowzuklarymda has giňişleýin maglumatlar paýlaşaryn.

Jadygöýlik, jadylamak we jadyly predmetler çynmy? Hakykymy? Bu sorag hemmäňizi hem gyzyklandyrsa gerek. Elbetde eger-de jadylamak diýlende garri potteriň taýajygy we uçýan sübse göz öňüňize gelýän bolsa, onda siz gaty ýalňyşarsyňyz.

Jadygöýler hakykatdan hem bar we olar biziň aramyzda ýaşap gezýärler. Olaryň bizden tapawutly ýerleri ýok, hatda köp ynsanlar, özleriniň jadyly ukyplaryny ýa-da jadygöýler maşgalasynyň neslindenligini bilmeýärlerem.

Eger-de jadygöýler (wedmalar) diňe aýal maşgala bolýandyr öýtýän bolsaňyz, onda siz gaty ýalňyşýarsyňyz. Taryhda jadygöýlikde aýyplanyp diriligine otda ýakylan ýa-da dardan asylan erkek adamlaryň sany zenanlardan köp bolmasa kem bolmagy mümkin däl. Ýöne häzirkizaman mediýa bize diňe şol wakalary aýal maşgalaly şekilde naharlaýar, sebäbi näme?! O soraga jogap entäk gelejekki mowzuklarda aýdyp bererin.

Jadygöýlik sungaty we görnüşleri:
- Dilmaçlar ýa-da dil jadygöýleri: bular esasan sözleri we dogalary ulanmak arkaly jadylaýan toparlardyr. Olaryň gowy we erbet görnüşleri we maşgala we özbaşdak ulanylýanlary hem bardyr.
- Fasfaramanlar - ýa-da 3-nji göze eýe bolan jadygöýler, bular esasy jadylaryndän daşary, halk arasynda aýdylýan 7-nji duýga eýe bolan jadygöýler dir, olar adam gözi görmeýän zatlary görüp we dünýewi düşünjelerden alysdaky zatlara düşünip bilýärler.
- Runçylar we run goraýjylary, bu tipdäki jadygöýler jadylamak üçin tebigy çeşmelerden ýörite simwollar arkaly güýçleri öz bähbitlerine ulanýan jadygöýlerdir.

Eger-de dowamyny isleseňiz teswirlerde öz pikirleriňizi ýazyp bilersiňiz. Indiki mowzuk "Runlar we Run goraýjylary" hakynda bolar. We ýokarlykgan dowam ederis.
9 лайков 341 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
11 июн 2022, 02:15
"Eger-de men size dünýämiz görnüşi ýaly däldir diýsem we hat-da görejimiz hem bize dünýäni 100 göterim görkezenok diýsem, onda siz maňa bu sähne aklyndan azaşypdyrow diýmegiňiz ahmal."

Diýmerin. Hakykatdanam biz dünýäni bolşy ýaly, görmeýäris. 4 ölçegli dünýä teoriýasy, atomlarymyzyň üýtgeşik taraplary we gözümiziň köp zady görerden ejiz bolmagy, biziň köp zatlary bolşy ýaly görmedigimizi görkezýär. Fizikany gowy bilýänler, muňa gowy düşüner.

"Jadygöýler hakykatdan hem bar we olar biziň aramyzda ýaşap gezýärler."

Telepatiýa, duýgy kontrollygy we ş.m amallar bolmagy ahmal. Makala bu barada däl bolmagy ahmal, ýöne gyzyklandym. Gowy makala!
Öwreniji
11 июн 2022, 08:09
Keaip_begcon
"Eger-de men size dünýämiz görnüşi ýaly däldir diýsem we hat-da görejimiz hem bize dünýäni 100 göterim görkezenok diýsem, onda siz maňa bu sähne aklyndan azaşypdyrow diýmegiňiz ahmal."

Diýmerin. Hakykatdanam biz dünýäni bolşy ýaly, görmeýäris. 4 ölçegli dünýä teoriýasy, atomlarymyzyň üýtgeşik taraplary we gözümiziň köp zady görerden ejiz bolmagy, biziň köp zatlary bolşy ýaly görmedigimizi görkezýär. Fizikany gowy bilýänler, muňa gowy düşüner.

"Jadygöýler hakykatdan hem bar we olar biziň aramyzda ýaşap gezýärler."

Telepatiýa, duýgy kontrollygy we ş.m amallar bolmagy ahmal. Makala bu barada däl bolmagy ahmal, ýöne gyzyklandym. Gowy makala!

Gowy makala, ýöne bu ýerde jadygöý nesli bardyr diýip biljekdäl. okap gowy baş alyp çykan adamyda jadygöý diýip atlandyrypdyrlar
Tuman
11 июн 2022, 11:43
7 duýgy diýýäniň intuisiýamy
Ayjahan
11 июн 2022, 12:17
Meniň daýymyň bir mugallymy bar Maryda ýaşaýar. Şonuň jadyly kitaby bar diýip eşitdim hakykatdanam bar eken ýaňky mugallym meň ejemiňem mugallymydy. Daýym dagy herhili hokga çykaryp öňler şol kitapdan peýdalanyp medeniýet çärelerine gatnaşýardy. Jadyly kitap diýlende (Hokgabazlyk) bolýar.
noname
11 июн 2022, 12:19
Yone indiki mowzugumda bolup durlay
Bu mowzuga name boldy
Maksat
11 июн 2022, 12:44
Remezan,
Menem ynanamok beýle zatlara. Ýöne gyzykly bolýar.
Öwreniji
11 июн 2022, 15:50
Keaip_begcon,
Jadygöýlik bu toslamamyka diýýän, ÝÖNE KÄBIR KIŞILER JUDA ADAMYŇ GÖZÜNI BAŞYNY AÝLAP BILÝÄLER. BIZ KÖPLENÇ OŇA UKLATDY DIÝÝÄS. munuň ýaly hereketi durmuşy ýagdaýda we psihologiýada öwrenýärler
Ayjahan
11 июн 2022, 16:42
Remezan,
Menem kän ynanyp baramok jadygöýlüge. Doganym ynanýa ýöne cilimkesh
Öwreniji
11 июн 2022, 17:16
AySa
Remezan,
Menem kän ynanyp baramok jadygöýlüge. Doganym ynanýa ýöne cilimkesh

Geliň biraz jadylanalyň