Ýatda galan ýatlama...

Gowy döwürlerdi. Döwrebaplyk bolmasa-da, döwrebap dünýäde tapylmajak, hiç bir butig-lerde satylmajak sadalyk bardy ol döwürler. Ýadymda, 3 ýa 4-nji klasdym. Daýyma goňşy obadan guda bolupdyrlar. Begendik. Toý bolýar! Daýymyň begenişini bir görüň. Agzy gulagynda. Adamlaryň içki şatlygyny görkezmäge utanmaýan döwürleridi. Sada çagalygymyň sada ýürekli, päk ynsanlary, kämahal Sizi şeýlebir göresim gelýär.
-Hä, nämä ýyrşaran bolýaň, aý gören gul ýaly?
-Bu ýyrşarman kim ýyrşarsyn, kör düýesi köprüden geçýärä?
-Ullakan ýigit boljakda, zaňňar?
-Gelin gelýär, gelin gelin gelýär, ot bilen ýalyn gelýär!
Deň-duşlary daýyma özleriçe degen bolýardylar. Men bularyň gürrüňine düşünmesemem diňläp durdum. Kör düýe nirden geldi, köpri priçýom bärde? Ýöne olar gidensoň daýymdan şulary soranymy bilýän.
-Daýy, söýgüliňe öýlenýäňdä şeýdip?
-Howwa ýegen.
-Näçe ýyl söýüşdiň?
Ol uzak oýlanmady, ýüzüme birgeňsi seredip şeýle diýdi:
-Gudaçylyga baransoň, gyz ýigidiň özüni görjek diýipdir. Menem ertesi bardym goňşularynyň mal ýatagynyň ýanyna. Geldi ýeňňesi bilen. Gepleşdik 5 minut ýaly, sözümiz alyşdy, boldy.
-Sen 5 minut gören gyzyňa öýlenjek bolýaňmy, ony söýeňokmy sen?
Ol geň galyp maňa seretdi, menem geň galyp oňa.
-Sen kino azrak gör, söýgi-pöýgi diýen zat ýok aslynda, esasy düşünişmek, bir-biriňi halamak.
-Sen bäş minudyň içinde hem-ä düşünşip, hemem halap ýetişipsiňdä?
-Howwa, düşünişdik, halaşdyk.
-Daýzam owadan ekenmi?
-Gije gowy synlap bilmedim, garaňkyd-a owadan ýaly özä...
Uzak garaşylan toý günlerem ýetip geldi. Ine bu günem nesip edenden gyz toýy. Iň soňkydan geýinip bardym babamlara (Raj Kapur häzir meni göräýse "Dost, Sergezdan-da glawnyý roly sen oýnaýsanaý" diýerdi).
Toýa gitmeli myhmanlar jemlendi. Ahyram geldi garaşýan ulagymyz. Ullakan, üsti açyk, uzzzyn kabriolet. Arassa howadan dem alyp, keýpine aýdym aýdyp gidibermeli. Toýuň starşysy gygyrdy:
-Ýaş oglanlar howlukmaň, ilki teležka garrylar, aýal-gyzlar münsün, siz sygmasaňyz pyýada baraýarsyňyz, goňşy obada beýle uzak däl.
Suw ýalyjak kabriolet barka pyýada gidip bolmaz, nätsegem sygmaly teležka (Traktoryň yzynda süýrelýän araba teležka diýilýär bizde, teležka-da toýa gidenler bilýändir muny).
Hemmämiziň ýüzümizde toý şatlygy, şowhuny. Yzrakda garrylar, ortarakda gelin-gyzlar, öňräkde-de biz otyrys. Ol döwürler "dijeý", "çyraçy", "lampa" diýilýän sözler ýokdy, ýöne şolar bilen manydaş "kilçik", "ýuwan", "ýeleksiz" diýen sözler modady. Öňräkde otyrys dijeýler bolup, menem aýdyma hiňlenýän:
"Balamut, balamut, diýme maňa balamut".
Yzrakda oturan daýymyň çyraçy klasdaş gyzlarynyň biri:
-Massimus, senä tüweleme duranja talant ekeniň, aýdymyňam-a gözüni çykardyň.
-Ýok dogan, bu aýdym biraz gijiräk moda bolar, men öňünden aýdaýýan (Arada bir dost oglan jigisini öýlendirdi. Toýdaky bagşy şul aýdymy 77 gezeg-ä aýdandyr, menem paçti ýat tutdym, gyz-gelinler şul aýdyma bir tans oýnaýa, bir tans oýnaýa, göräýdä).
-Wah jorajan, sen sungata düşüneňok, manysyna düşünseň möňňürýänskiý aýdym şü diýdi gyzlaryň biri.
Yzdaky garrylara hezil, nas atýarlar, soňam goýberýärler teležkadan aşak.
Toýa bardyk. Garrylar-a jaýa girdiler, gyz-gelinler toý çadyryna, bizem ululy kiçili oglanlar bolup çadyryň bärsinde toý synlap durus. Daş töweregimiz şol obaň oglanlary. Ahyry geldi iki sanysy ýanymyza.
-Nirden-eý?
-Goňşy obadan.
-Bolanda nä goňşy obadan?
Ses, üýn ýok.
-Bolanda nä goňşy obadan diýýän how?
Hiç kim gürlänok, bir bende jan ýandyryp sorag berýär, biziň bilen tanyşasy gelýändir, belki biziň mowzuklarymyzy halap, köpçülikde gowy diýmäge utanyp, ýekelikde laýk goýmak isleýändir, näme bolsada men bul oglany uzak gynaman jogap berdim.
-Dost biz pylan obadan Siziň obaňyza toýa geldik, nesip bolsa ertir Sizem toýa çagyrýas, barsaňyz begenerdik.
-Tüweleme, sen toýa geldiňmi ýa-da guda bolup, garyndaşlyk açmaga.
-Toýa geldim.
-Diliň-ä süýji ekeni dost, eýleräk geçip arkaýyn süýji-süýji gürrüň edäýeli.
-Ýok dost, süýjä bolamok, saharym bar, uzaga gitmäge bolamok, bir aýagym protez, gowusy şu ýerde gürleşäýeli.
Yzyma seretsem Çennai Ekspress filmindäki obaň garakçylary bize garaşyp dur. Eger çadyrdan daşyna çykaýsak olar bizi hormatlap, aýagymyzy ýere degirmän, elden-ele geçirip alyp gitjekler. Bir garyndaş gyzym ýanyma gelip:
-Ýör Massimus, tans oýnaly.
Tans nire, men nire? Obadaky toýlarda-da tans oýnamokdym. Ýöne, bu ýabanylar bilen gürrüňdeş bolandan tans oýnanyňam gowudyr. Maýkl Jeksonyň "lunny pahodkasyny" edip yzlykgan ýöräp girdim tansa. "Wadasyna ýalan eken, Annasoltanym meniň" diýen aýdyma tans oýnaýarys, göz öňüňize geldimi?!
Howwa ol wagtlar häzirki ýaly Leýli, Melek, Şemşat diýen atlar seýrekdi. Meretgül, Amanbibi, Gurbantäçleň döwrüdi o döwür.
Gyzlaň egninde ganar ýaly köýnekler, oglanlaryň geýen köýnegine bolsa ýene bir oglan ýerleşjek döwürlerdi. O döwürde stilnyý adamlar azdy, ýöne sada, ýönekeý, mähriban adamlar gaty kändi. Çagalygym men seni gowy görýän, seni ýatlamak meň üçin elmydama ýakymly...
12 лайков 344 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
senagul
05 июл 2022, 00:19
Gyzykly sag bol awtor ☺
senagul
05 июл 2022, 00:21
O wagtky toylañ çakylyklarynda toy etjekleñ suraty duryan eken.
Ötegçi
05 июл 2022, 00:38
Meretgul, Amanbibi, Gurbantac-su atlañ hicisine dusamok suwagt...
Yzdaky garrylara hezil, nas atýarlar, soňam goýberýärler teležkadan aşak.

munaa serettt hihi
Ahmet
05 июл 2022, 06:14
Eger çadyrdan daşyna çykaýsak olar bizi hormatlap, aýagymyzy ýere degirmän, elden-ele geçirip alyp gitjekler.
Heh, hemme ýerde şo bir horaz gygyrýar diýýäler welin, şo çyn-ow hehehe
Ahmet
05 июл 2022, 06:15
janulia_mmm
Yzdaky garrylara hezil, nas atýarlar, soňam goýberýärler teležkadan aşak.

munaa serettt hihi

Kamyra (kamera diýdigi şol) ýetişenoga diýýäňmi jora :D
Senyorita.
05 июл 2022, 08:07
Massimus
Salam! Şu meni güldüriberýäňiz-aý Siz! ???
Massimus
Автор 05 июл 2022, 08:24
Senagul,
Ötegçi,
janulýa_mmm,
Ahmet dost,
senýorita
Sag boluň pikirleriňize, meň mowzuklarymy halaýan we her ýazan blogyma öz pikiriňizi ýazýan agzalar hökmünde Size minnetdarlyk bildirýän
Nazar
05 июл 2022, 11:46
Massimus,
"Wadasyna ýalan eken, Annasoltanym meniň" diýen aýdyma tans oýnaýarys, göz öňüňize geldimi?!

Hehe :)
Aýsere
05 июл 2022, 12:15
Bizä bir sapar buluçlaryñ obasyna oglan tarap bolup gyz tarapyñ toýuna bardyk welin awtobusyñ aýnasyny döwüp goýberdiler
Aýsere
05 июл 2022, 12:16
Birem kiçikäk toýlarda bagşy teleşkañ aşagynda oturup lazer tutýardylar
Gauzen
05 июл 2022, 13:25
Gyzykly ýazypsyň. Sag bol!
menembiri
05 июл 2022, 13:58
Erbet gyzykly, molodes!
Jeni
05 июл 2022, 14:10
Gyzykly bolupdyr.
O dowurlen toyy basgady gyzykly bolyady.
#динара.
05 июл 2022, 15:55
Ýylgyrtdy,sag boluñMassimus daýy:) sps
Mahremcynar
05 июл 2022, 21:28
Yatlamaň çagalyk yylary yatlatdyň yzy køp olsyn galamyň ujy yiti olsyn gowy bolupdyr
Esma
05 июл 2022, 23:09
Gyzykly ýazýaňyz, tüweleme.
Şol çagalyk döwrümiziň toýlaryny ýadyma düşürdiňiz. :)
Toýlar juda sada bolsa-da şeýle bir hezil geçerdi. Kameraçydan utanyp gaçýan döwürlerimiz, bagşy teleşkany uly gyzlaryň bezeýişlerini görmek üçin toýa ir barýan günlerimizdi.
Gelnaljy gelende "Gelin gelýär" diýen aýdymda dagyn ýigidiň hossarlarynyň, aýdyşyňyz ýaly giň köýnekde ala tozan bolup pul seçişleri, tans oýnaýyşlary, gaýyn atanyň telpegini asmanda gaýyşy, ýüzärlik tüssesine garylan ýiti duhyň yslaryny, her kimiň ýüzünde begençli pursatlary diýsene.
Märekesem bu wagtky ýaly däl gaty uly bolardy.