"Ýenede bir tat"...

Arada agzalaň biri mowzuk açypdyr. Belki okansyňyz. Haýsy agza haýsy welaýatdan? diýip. Agzalaram ýaşaýan ýerlerini ýazypdyrlar. Wrode bulam bir güýmenje mowzuk, niýetim akyl bermek däl, kim nämäni halasa şony paýlaşar. Ýöne şo ýerdäki bir teswir ünsümi çekdi. "Ýene-de bir tat". "Menem Lebapdan" diýen teswire ýazylan jogapdy bu.
Käwagt köpçülikden şeýle sözleri eşidýän: "Aşgabatlylar wysşyý sort, bizem ikinji sort adamlar hasaplanýarys". Muňa edil beýle göz bilen seretmeli dälmikä diýýän. Sebäbi islendik döwletde-de paýtagtyň ýa-da ösen bir şäheriniň mümkinçilikleri, ýaşaýyş amatlyklary beýleki ýerleriniňkiden has ýokary. Dünýäniň tutýan meýdany boýunça iň uly döwleti Rossiýanyňam ähli ilatynyň ýarysy diýen ýaly (käbir maglumatlarda ýaryndanam gowragy) Moskwa bilen Piterde ýaşaýarlar. Iň bärkisi goňşularymyz Özbegistanda-da welaýatlardan Daşkende gelip propiska üçin janserek bolýanlar sanardan köp.
Bir dostum gül ýaly işini taşlap Aşgabatda 10 ýyldan bäri köçe süpüriji bolup işleýär (Köçe süpürýänlere hiç hili pes garaýşym ýok. Hemmelerem halal gazanýandyr welin, olaryň gazanýany halalyňam halaly). Aýdyşyna görä umumy ýaşaýyş jaýyndan ýaşamaga ýer beripdirler, garaz soňlugy bilen propiska durup bolýan eken.
-"Şol propiska şeýdip köseneniňe degýärmi dostum" diýip soradym bir gezek.
-"Men kösensemem, çagalarym gowy ýaşar" diýip jogap berdi.
Arzuwyňa ýetmegiňi dileýän dostum.
Indi ýaňky "tat"-ly gürrüňe dolanyp geleliň.
Kakalary, ejeleri azap edip, kynçylyk baryny görüp, ahyrynam arzuw, umytlary amala aşyp Aşgabatdan jaý alsa, "Aşgabatly" bolsa, onuňam hiç zat görmedik çagasy gelip öz obadaşyna "tat" diýse haýsy düşünjä dogry geler. Aşgabatda ýaşaýanlaryň 90 %-i haçanam bolsa welaýatlardan göçüp baranlar.
Aşgabat! Mähriban paýtagtym, arzuwlarymyň ganaty, Watanymyň ýüzi sen. Saňa aşyk bolsamam, sende hemişelik ýaşamagy arzuw etmändim. Sende ýaşaýanlara-da diňe gözüm gidýär. Ýöne Aşgabadym saňa bir zat aýdaýyn. Bäş welaýaty aýlanyp sende ýok zatlary gördüm. Howwa, sende ýok zatlary. Belki olaryň käbiri bütin dünýäde-de ýokdur. Balkan Gumdagymyň agaranly düýe çaly, içseň ikinji gezek dünýä inýäň. Ahal Bäherdenimiň domalany, bu bir Allaň beren peşgeşi. Marymyň gije-gündiz müşderilerine ýokary hilli hyzmat edýän "Aşgabat" gipermarkedi. Lebap Mukrymyň balyk tamdyrlamasy, ömür ýatdan çykmajak tagam. Daşoguzymyň Gubadag fitçisi, semremek isleýänleriň dermany.
-Dost, diňe iýip-içgi ýazaýypsyň, başga-da gaýtalanmajak gymmatlyklarymyz bar-a.
-Iş saparda esasanam garnyň doýan ýerleri gowy ýadyňda galýan eken.
Beýleki gymmatlyklary ýazmagy bolsa özüňize galdyrýan...
12 лайков 651 просмотров
55комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
17 июл 2022, 09:13
Türkmenistanda bolan ýerlerimiň içinde gowy ýeri ýatlajak boldum weli, öldür ýadyma düşmedaý sorry. :)
Hiayress
17 июл 2022, 09:15
Gubadagyň fitçisi bilen Daşoguzyň süzme palawyna öwýärler özä.
Ogulşirin Bayramowa
17 июл 2022, 09:19
Цитата: Hiayress
Gubadagyň fitçisi bilen Daşoguzyň süzme palawyna öwýärler özä.

Süzme palow?!
Hiayress
17 июл 2022, 09:19
Hä, ýadyma düşdi, Krasnowodsk bilen Nebit dagyň gyzlary owadan. ))
Hiayress
17 июл 2022, 09:20
Ogulşirin_Bayramowa,
Ähä, :)
Ogulşirin Bayramowa
17 июл 2022, 09:23
Şu temany 7/24 çekeleşip oturmaly, ýöne ýenede şol boluş)
Hiayress
17 июл 2022, 09:27
Ogulşirin_Bayramowa,
Boýnuňa alaýsana jora. ))
Ogulşirin Bayramowa
17 июл 2022, 09:29
Hiayress,
Nämäni??
Nurmuhammet
17 июл 2022, 09:35
gowy bolupdyr. doredijiliginizde ustunlik.
Pegas
17 июл 2022, 09:48
Aslynda bir zady unudýas. Nemäni... Paýtagtyň diňe paýtagtlylar üçin däl-de, bütin ýurt üçindigini. Özem HEMMÄMIZ unudýas. Şu propiska meselesem bize orslardan galan bir bolgusyzlyk.
Hiayress
17 июл 2022, 09:50
Pegas,
Sapa, şahsyňada bir göz aýlaý.
Pegas
17 июл 2022, 09:52
Hiayress, maňa hat gelýär-dä, hat gidenok. Nädip ugratsamkam saňa hat...
Ýa poçtama ýazyp goýaý bir zatlar. sapahommat@gmail.com
Men seň ugradanyňy aldym.
Hiayress
17 июл 2022, 09:53
Pegas,
Barybir Gawaý adalary, Şwaýsariýa, Ispaniýa, Awstraliýa bolman ýaşaýan ýerimiz Türkmenistan boljak bolsa, nirinde ýaşaňda näme. Hot Garagumda ýaşa, bluçlaryň arasynda ýaşa ýa-da gelene "çarwa" diýýän Esengulyçylaryň arasynda ýaşa.
Hiayress
17 июл 2022, 09:55
Pegas,
Ýazyp ugratdym.
Pegas
17 июл 2022, 10:11
Цитата: Hiayress
Pegas,
Ýazyp ugratdym.

Menem)
Hiayress
17 июл 2022, 10:30
Pegas,
Saul!
Aýnur
17 июл 2022, 11:39
Gaty gowy ýazypsyňyz okanymda täsirlendim..
Apples
17 июл 2022, 11:50
Tat diysen gaty goryaler mana tiram bilen yuzlenseler beter begenyan
Apples
17 июл 2022, 12:03
Massimus mana diyip acdyn oydayan ya gownumemi
Massimus
Автор 17 июл 2022, 13:07
Кинд_боы,
Massimus mana diyip acdyn oydayan ya gownumemi

Siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň hiç bir künjeginiň ýa-da hiç bir ilatynyň beýlekiden üstün däldigini aýtjak boldum.
Gaty gören bolsaňyz ötünç soraýan!
Massimus
Автор 17 июл 2022, 13:10
Pegas,
Aslynda bir zady unudýas. Nemäni... Paýtagtyň diňe paýtagtlylar üçin däl-de, bütin ýurt üçindigini. Özem HEMMÄMIZ unudýas. Şu propiska meselesem bize orslardan galan bir bolgusyzlyk.

Dogry aýdýaň. Ýöne, gaty içgin giresim gelmedi bu meselä. Diňe pikirlerimi ýüzleýräk beýan etdim.
Massimus
Автор 17 июл 2022, 13:14
Hiayress,
Hä, ýadyma düşdi, Krasnowodsk bilen Nebit dagyň gyzlary owadan. ))

Gaty owadan
Massimus
Автор 17 июл 2022, 13:16
Ogulşirin_Bayramowa,
Şu temany 7/24 çekeleşip oturmaly, ýöne ýenede şol boluş)

Dogry aýdýaňyz, üýtgetjek zadymyzam ýokla welin şu dilim gursun, käbir zatlary ýaz diýip günüme goýanokda
Massimus
Автор 17 июл 2022, 13:17
Mona Songz,
Sag boluň
Öwreniji
17 июл 2022, 13:39
Biz özümiz türkmen, bu barada taryha göz aýlasaň, türki döwlet, aňyrsy hytaýa baryp direýär, bu barada aýdyp oturmak hökman däl, ýöne meniň özümde bolan ýönekeý düşündiriş aýdasym gelýä, milletparazlygymyz bn bizde üýtgeşik ylmy ösüş bolmaýa, muny ýönekeý mysal bn aýdasym gelýä, obadaşlaryň biri rossiýada ýaşaýar, soradym diliňizde aksent berseň üstüňden gülýärmi diýip, ýok şu ýerdäki ondada ýakynlarym gülýä orslar millet aýyranok, arasynda, garyşan taýpalar bolaýmas diýdi, ýöne obamyzda bir ors bar welin, şony ýaş çagdan başlap uly adama çenli öz aralaryna goşanok. ine biziň düşünjämiz, özümden mysal getirsem, bir ors gyzy almak isledim, kakam razy bolsada, ejem göwnemedi, orsa ol diýip. näme tapawudy bar, hemmämiz adam, öz üstümizden özümiz gülýäs, Hawa mary ýa ahala barsaň, tat, çärjewe barsaň çokaý, öz öýüňde otursaň, köçeden geçen depip geçjek. Massimus gowy agzapsyň, ýöne muny diýdigim, Ählimiz däl arasynda şeýle edýän 10 dan biri ýeterlik, Kerkide toýda bir myhman gelipdir, elbetde hormat goýup gelýär, menem myhman welin şol ýeriň pglanlaryndan biri, şol myhmandan sorady, nirden dp, olam aşgabat diýdi, Haýsy tire diýdi, men Garrygalaly, Magtymgulynyň tiresinden diýdi, soň bolup galdy, Magtymgulynyň tiresi näme ýene bir zat garaz ahyr sen boýnuňa alaý nohur sen dp başlady, ýaňky myhman öýkeläp gaýtjak bolanda özüm höre köşe edip, ýalbaryp sakladym. ine biziň myhmansöýerligimiz..... başgada aýdara zat kän, ilki özümizi terbiýelemeli
Gauzen
17 июл 2022, 17:48
Aşgabatdan jaý alsa, "Aşgabatly" bolsa, onuňam hiç zat görmedik çagasy gelip öz obadaşyna "tat" diýse haýsy düşünjä dogry geler. Aşgabatda ýaşaýanlaryň 90 %-i haçanam bolsa welaýatlardan göçüp baranlar.

Aý meňä tanaýan 7 arkam şu ýerde ýaşap geçipdir. Welaýatdan gelen däl. Ýene-de men ýalylar känmikä diýýän. Göçüp gelişlik soňky 30 ýylda moda bolandyrda. Beý diýip ondan öňkileri gömmek gerek däl. 90/100-yň tersine bolaýmasa awtor...
Ötegçi
17 июл 2022, 17:56
Nohur bolsañ nohurdugñy boýun almagyñ namesi erbet?!. Tiräñden taýpañdan utanmak gerekmi özi?!.
Massimus
Автор 17 июл 2022, 19:29
Gauzen,
Aý meňä tanaýan 7 arkam şu ýerde ýaşap geçipdir. Welaýatdan gelen däl. Ýene-de men ýalylar känmikä diýýän. Göçüp gelişlik soňky 30 ýylda moda bolandyrda. Beý diýip ondan öňkileri gömmek gerek däl. 90/100-yň tersine bolaýmasa awtor...

Seň tanaýanlaň şol 10 %-e degişlidir onda.
Maksat
17 июл 2022, 19:32
Gyzykly tema gozgapsyñ @Massimus Marynyñ Badhyz belentligi, pisse tokaýlary, haýwanat dünýäsi, arassa howasy diýäýmesem meñä gören ýerim ýok:)
Nämüçin tireden utanylýandygna menem haýran. Bir gezek guýyñ başynda otyrkak iki sany saryk çopan gelli. Teke gerek eken. Onsañ ýañkylar erkek geçiñiz ýokmy bir aý sürà kowar ýaly diýdi, ilki düşünmedim welin düşündirdi ahyry geçä kowjak zat diýip. Menem teke gerekmi diýdim howwa diýdi. Näm üçin teke diýmediñ diýsem birhili gördüm diýýä. Saryk diýseñ gaty görýälerow özlerem. Her kimiñ öz tiresidirdä näm aýby bar.
Massimus
Автор 17 июл 2022, 19:36
Ötegçi,
Nohur bolsañ nohurdugñy boýun almagyñ namesi erbet?!. Tiräñden taýpañdan utanmak gerekmi özi?!.

Dogry aýdýaňyz, tiräňi, taýpaňy aýtmak utanç däl. Ýöne bir ýerden göçüp gelip (göçüp gelmän 10 arkaň şu ýerde ýaşaýanda-da) başga tirä, taýpa, "tat", "marruh" diýen ýaly äsgermezlik manydaky porsy sözleri ulanýarlar. Ana şol utanç.