"Ýenede bir tat"...

Arada agzalaň biri mowzuk açypdyr. Belki okansyňyz. Haýsy agza haýsy welaýatdan? diýip. Agzalaram ýaşaýan ýerlerini ýazypdyrlar. Wrode bulam bir güýmenje mowzuk, niýetim akyl bermek däl, kim nämäni halasa şony paýlaşar. Ýöne şo ýerdäki bir teswir ünsümi çekdi. "Ýene-de bir tat". "Menem Lebapdan" diýen teswire ýazylan jogapdy bu.
Käwagt köpçülikden şeýle sözleri eşidýän: "Aşgabatlylar wysşyý sort, bizem ikinji sort adamlar hasaplanýarys". Muňa edil beýle göz bilen seretmeli dälmikä diýýän. Sebäbi islendik döwletde-de paýtagtyň ýa-da ösen bir şäheriniň mümkinçilikleri, ýaşaýyş amatlyklary beýleki ýerleriniňkiden has ýokary. Dünýäniň tutýan meýdany boýunça iň uly döwleti Rossiýanyňam ähli ilatynyň ýarysy diýen ýaly (käbir maglumatlarda ýaryndanam gowragy) Moskwa bilen Piterde ýaşaýarlar. Iň bärkisi goňşularymyz Özbegistanda-da welaýatlardan Daşkende gelip propiska üçin janserek bolýanlar sanardan köp.
Bir dostum gül ýaly işini taşlap Aşgabatda 10 ýyldan bäri köçe süpüriji bolup işleýär (Köçe süpürýänlere hiç hili pes garaýşym ýok. Hemmelerem halal gazanýandyr welin, olaryň gazanýany halalyňam halaly). Aýdyşyna görä umumy ýaşaýyş jaýyndan ýaşamaga ýer beripdirler, garaz soňlugy bilen propiska durup bolýan eken.
-"Şol propiska şeýdip köseneniňe degýärmi dostum" diýip soradym bir gezek.
-"Men kösensemem, çagalarym gowy ýaşar" diýip jogap berdi.
Arzuwyňa ýetmegiňi dileýän dostum.
Indi ýaňky "tat"-ly gürrüňe dolanyp geleliň.
Kakalary, ejeleri azap edip, kynçylyk baryny görüp, ahyrynam arzuw, umytlary amala aşyp Aşgabatdan jaý alsa, "Aşgabatly" bolsa, onuňam hiç zat görmedik çagasy gelip öz obadaşyna "tat" diýse haýsy düşünjä dogry geler. Aşgabatda ýaşaýanlaryň 90 %-i haçanam bolsa welaýatlardan göçüp baranlar.
Aşgabat! Mähriban paýtagtym, arzuwlarymyň ganaty, Watanymyň ýüzi sen. Saňa aşyk bolsamam, sende hemişelik ýaşamagy arzuw etmändim. Sende ýaşaýanlara-da diňe gözüm gidýär. Ýöne Aşgabadym saňa bir zat aýdaýyn. Bäş welaýaty aýlanyp sende ýok zatlary gördüm. Howwa, sende ýok zatlary. Belki olaryň käbiri bütin dünýäde-de ýokdur. Balkan Gumdagymyň agaranly düýe çaly, içseň ikinji gezek dünýä inýäň. Ahal Bäherdenimiň domalany, bu bir Allaň beren peşgeşi. Marymyň gije-gündiz müşderilerine ýokary hilli hyzmat edýän "Aşgabat" gipermarkedi. Lebap Mukrymyň balyk tamdyrlamasy, ömür ýatdan çykmajak tagam. Daşoguzymyň Gubadag fitçisi, semremek isleýänleriň dermany.
-Dost, diňe iýip-içgi ýazaýypsyň, başga-da gaýtalanmajak gymmatlyklarymyz bar-a.
-Iş saparda esasanam garnyň doýan ýerleri gowy ýadyňda galýan eken.
Beýleki gymmatlyklary ýazmagy bolsa özüňize galdyrýan...
12 лайков 651 просмотров
55комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Apples
17 июл 2022, 19:37
Menem yedi arkam su yerde yasapdyr. Yone bizden basgada kan yedi arkasy su tayda yasan
Apples
17 июл 2022, 19:40
Yokarda tat sozunin manysyny agzap gecdilera o nahili porsy soz bolyaMassimus,
Massimus
Автор 17 июл 2022, 19:55
Bayker,
Gyzykly tema gozgapsyñ @Massimus Marynyñ Badhyz belentligi, pisse tokaýlary, haýwanat dünýäsi, arassa howasy diýäýmesem meñä gören ýerim ýok:)
Nämüçin tireden utanylýandygna menem haýran. Bir gezek guýyñ başynda otyrkak iki sany saryk çopan gelli. Teke gerek eken. Onsañ ýañkylar erkek geçiñiz ýokmy bir aý sürà kowar ýaly diýdi, ilki düşünmedim welin düşündirdi ahyry geçä kowjak zat diýip. Menem teke gerekmi diýdim howwa diýdi. Näm üçin teke diýmediñ diýsem birhili gördüm diýýä. Saryk diýseñ gaty görýälerow özlerem. Her kimiñ öz tiresidirdä näm aýby bar.

9-10 ýyllar dagy mundan öň Aşgabatly (asly Tejenli) bir professor bilen toýda bile oturmak miýesser etdi. Öz-ä düşünjeli, alym adam. "Arassa türkmenler tekelerdir" diýdi. "Galany ondan-mundan azan, ýary orsdan azan, ýary parsdan, galan gaçanam mongoldan azanlar bilen, Çärjewli "tat"-lar, Daşoguz diýilýäniň-ä üçden biri özbekler" diýdi. Ýaşyny sylasamam uzak oturyp bilmedim. Sorag-jogap başlandy. Köp soraglaryma jogap berip bilmedi. Gaty gören boldy, öýkeläp gaharlanan boldy. Her kimem özüniň tiresi, gelip çykyşyna buýsanyp biler, ýöne muny birini kemsitmän edip bolýandyr-a.
Massimus
Автор 17 июл 2022, 19:59
Kind_boy,
Yokarda tat sozunin manysyny agzap gecdilera o nahili porsy soz bolyaMassimus,

Temany gowy edip oka, düşünersiň
Apples
17 июл 2022, 20:04
Senem.lebap oydyan
Gauzen
17 июл 2022, 20:25
Цитата: Kind_boy
Senem.lebap oydyan

Ýok Daşoguz
Gauzen
17 июл 2022, 20:27
"Aşgabatlylar wysşyý sort, bizem ikinji sort adamlar hasaplanýarys"

Aşgabatlylar diýip däl tekeler diýip eşidipdim men-ä
Apples
17 июл 2022, 20:29
Цитата: Massimus
Gauzen,
Aý meňä tanaýan 7 arkam şu ýerde ýaşap geçipdir. Welaýatdan gelen däl. Ýene-de men ýalylar känmikä diýýän. Göçüp gelişlik soňky 30 ýylda moda bolandyrda. Beý diýip ondan öňkileri gömmek gerek däl. 90/100-yň tersine bolaýmasa awtor...

Seň tanaýanlaň şol 10 %-e degişlidir onda.

Asgabadyn 90 goterim welayat bolsa 10 goterim yerla ozlerini kemsitdiresileri yoklay
Gauzen
17 июл 2022, 20:31
Ýöne her tiräňem "garylany" bar. Eýrandan özbekden arapdan we ş.m. Lebaplylara ärsary diýilýä dämi?! Tat ýaňky aýdyşym ýaly "garylan" tirelere diýilýän bolaýmasyn...
Kleopatra
17 июл 2022, 21:22
Цитата: Hiayress
Hä, ýadyma düşdi, Krasnowodsk bilen Nebit dagyň gyzlary owadan. ))

Gyz diyipgecengyrandegmish hyýar iyen
Kleopatra
17 июл 2022, 21:23
Sho äşşabatistleriň yarymy pocti hemmesi Lebaply diyen yaly
Yusup
17 июл 2022, 21:26
Tekelerin gelip chykan yeri. Mangyshlak. Olam gazagystanda. Otaydanam Was duzlugine gocyaler. Was duzlugem hazir Dashoguz welayatynyn Ruhubelent etraby bolya. Keymir kor teke. Keymir korun goshgusy bar ayalyna bagyshlap "Yor ezizim Was duzlugine gideli" diyip. Tuniderya guranson ilera chekilyaler. Showagtlar ilerde Yazyrlar yashayan eken. Yazyrlardan gelip yer sorayalar. Aslynda biz mesni biz mesni diyyaler olaryn ozi gelmishek.
Kleopatra
17 июл 2022, 21:29
Цитата: Anil Kapur
Tekelerin gelip chykan yeri. Mangyshlak. Olam gazagystanda. Otaydanam Was duzlugine gocyaler. Was duzlugem hazir Dashoguz welayatynyn Ruhubelent etraby bolya. Keymir kor teke. Keymir korun goshgusy bar ayalyna bagyshlap "Yor ezizim Was duzlugine gideli" diyip. Tuniderya guranson ilera chekilyaler. Showagtlar ilerde Yazyrlar yashayan eken. Yazyrlardan gelip yer sorayalar. Aslynda biz mesni biz mesni diyyaler olaryn ozi gelmishek.

Bordey Saş däde janyňy ýakanyňa degenaga boş ver
Yusup
17 июл 2022, 21:33
Kleopatra,

Sen kim indi ). Sash kim)
Kleopatra
17 июл 2022, 21:35
Цитата: Anil Kapur
Kleopatra,

Sen kim indi ). Sash kim)

Edil beydiwermedaröw.Sapa aga senmiň ozi?!
Hiayress
17 июл 2022, 21:37
Anil Kapur,
Ondan daşary hem Köpetdag eteginde ýaşan tire-taýpalar Eýrana bakna bolup ýaşan. Parslar, kürtler bilen garylan. Soňam Gökdepe söweşinde ruslar, azeriler, ermeniler bilen garylan. Ýagny öz aslyňy bilmän arassa, ýasama, ata-baba biz eýle-beýle diýip oturmak gerekdälmikä diýýän.
Yusup
17 июл 2022, 21:41
Kleopatra,
Yok
Yusup
17 июл 2022, 21:46
Hiayress,

Dashoguz Lebap ozbeklere Mary Ahal Eyrana bakna bolup yashadylar. Aslymyza seretsek biz turkmen dal ya ozbek ya pars sonky soweshler yada rus bolyas:).

Suyde sine seretsen gan gorner bize sine seretsek ozbek ya pars rus gorunaymesin :)
Yusup
17 июл 2022, 21:51
Mongollar Chingiz hanyn gyrgynchylygy Ruslaryn Skobolewin gyrgynchylygy Makedonskin Hindistana yorush edende Merkezi Aziyadaky yorishi Araplaryn gelmegi. Shu zatlar yadyma dushse hakyky turkmen barmyka diyyan
Seýit
18 июл 2022, 00:52
Anil Kapur,
Bolman lyboy yerde hakyky millet nirede baray. Shuwagtky musurlilerin ho gadymky b.e. onki gadymy musurlilerdir oytyanmi ? Arap bilen garyshyp arap bolup gidena taryh bizinki diyen bolup yorler
Ötegçi
18 июл 2022, 03:24
Hiayress, edil Gokdepeden bardaki garnuwlar bilinyan ekeni. Pylanylañ garry atasynyñ enesi pylan diýen ýaly.
@Anil Kapur, Tekeleñ asyl mekanymyka diýýan bari. Keýmir kor ata yurdumyza gideliñ dp getirýar. Tekeler Teýmirleñ bn uruşda ýeñilip, Taklamekana sürülýadi ýalñyşmasam.
@Massimus agam, diñe tat murruh diýlenok, Tekeleñ içinde ýaşabam porsy teke diýen bolup oturanlar bar. Dzly şeý diýen. Men Dzdaky kabir tireleri bilyan. Siz kimlerden diysem, ig ýomut diýdi. Soñ bir gezekde ýa pasport getirdi şo, ýa 3 arka, kakasam atasam özbekdi. Diýjek bolýanym, maña-da degdi şoñ sozi, ýöne neha sen türkmenem däl ekeniñ diýdim, ne-de ýalan sozlapsiñ diýdim. Ne iliñ içinde gurledim. Ýogsam meññem güýjim ýetýär şoña islän zadymy diýmäge. Bolmanda iýýan duzyny sylajak ýaly, barde tekelerden gowy ýaşaýa, her kimem kan zat diýmejek bolýar.Maña oñ özbek ýa ýomutdygam gyzykly däl. Adamy adamçylygy bezeýär.
Ýöne ömruñde bir gezek nohur tat ýa mrly görüp, ondanam gerekli zatlarñy satyn alyp, olam brak çyksa, satanam mañlaýyñdan gör diyen bolup ýyrşaryp dursa-maşennikdiginem gizleman, ömrüñe şo millet gozüñde ýalançy bolup galýan ekeni.
Tat-tiremike diyyadim, Arsarylar ýaly, añyrdaky Arsarylañ birinden eşdişim boýunça?!.
Aglylardan nalayan welayatlylaram, Agdaky nohura ýer satyp pulyna alybilmedigem... we.sm zatlary ozuma kop gordum. Ýone her milletiñ her tirañem oçinde gowylarnyñam, dikbaşaşak gömaýmelilerniñem bardygyna goz ýetirdim.
DonMaxx
18 июл 2022, 03:52
Koceli men cilimkesh
Ötegçi
18 июл 2022, 03:55
DonMaxx zyomdygmyz bildirya, iller bu wagt hezil edip duys goryandir :D
Öwreniji
18 июл 2022, 10:11
Ötegçi,
Sagbol dost, esasy adamkarciligi yitirmezlik, Her tiräniň içinde, erbedem bar, gowusam bar, Özüm Ärsary ýöne ol bir tire bu başga diýip ýöremok, şoň üçin dosdumam bar, hemmesinem sylaýan hormatlaýan, öz tirämden moşennik, kezzaplaram bar olardan gaça duranym gowy. tireparazlyk
asly
asly
24 май 2024, 15:48
Pegas, dogry aydylan soz. Paytagty welayatlar paytagt edyar.