Ýyllara per bermeýän Modriç...
Horwatiýanyň milli futbol ýygyndysynyň kapitany, Ispaniýanyň “Real” toparynyň ýarymgoragçysy Luka Modriç futbol karýerasynyň soňky ýyllaryny geçirýär. Soňky möwsümlerini şowly geçirýän Modriçiň bu netijesini ýyllaryň tejribesi bilen baglap bolarmyka?
Adyny futbolyň taryhyna altyn harplar bilen ýazmagyny dowam edýän horwatiýaly zehinli oýunçy ýyllaryň geçmegi bilen kämilleşip, futbol ukybyny ýokary derejä çykardy. Eýsem, aglaba futbolçylar 34-35 ýaşynda wagty karýerasyny tamamlaýarlar. Ýöne bu ýagdaý Modriçe degişli däl. Belki-de, tizlik kemelmek bilen bolsa-da, futbol akyly Modriçde ýyl geçdigiçe ösýän ýaly.
Lukanyň şeýle gurat saklanmagynyň syry nämedekä? Esasanam, 36 ýaşda dünýäniň iň baýry klubynyň esasy düzüminde oýny baglaýjy futbolçy bolmak we 10-luk belgili köýnekçede çykyş etmek — bu uly jogapkärçilik dälmi?!
Hawa, biz 40 ýaşly Zlatan Ibrahimowiçiň “Milanyň” düzüminde, Italiýanyň Serie A çempionatynda ýeňiji bolandygyny gördük. Ýöne şwesiýaly hüjümçi “Milanyň” esasy düzüminiň oýunçysydymy? Ýa-da toparyň oýny Ibrahimowiçe baglydymy? Elbetde, ýok!
Bu mysal ýöne ýerden däl. Ine, “Real”-yň düzüminde çykyş edýän Modriçiň hem sentýabr aýynyň 9-na 37 ýaşy dolýar. Muňa garamazdan, horwatiýaly zehin häzirem fiziki taýdan başarjaň bolup, mynasyp netijäni görkezýär.
Ýene bir anyk zady bellesek, Modriç ýarymgoragda meýdançanyň orta gürpünde oýny alyp barýar. Meýdançanyň bu ýerinde oýnamaklyk uly fiziki güýji talap edýär. Zehinli ýarymgoragçy oýny sazlaýjy bolup durýar. Eýsem, şa toparynyň Modriçe täze şertnama hödürlemegi-de ýöne ýerden däldir. Bu möwsümde wajyp duşuşyklarda toparyny ýeňişlere alyp barýan netijeli oýny bilen Luka uly öwgä mynasyp.
Zehinli, başarnykly ýyldyzyň şu ýaşynda fiziki taýdan görkezýän netijeleri haýrana goýýar. “Altyn topuň” eýesi Luka Modriçiň ýokary netijesini nähili düşündirse bolar?
Modriç fiziki taýdan taýýarlykly, ol şu möwsümde, takmynan, 40 duşuşyk geçirdi. Hawa, tehnologiýa ösýär. Munuň bilen baglylykda, sportda-da öňegidişlikler duýulýar. Meselem, 33 ýaşyndaky Lewandowski ýokary netijäni ýyl-ýyldan kämilleşdirmegi başarýar. 34 ýaşly Benzema bolsa, futbol karýerasynda iň gowy möwsümini geçirýär. Diýmek, 34-35 ýaşly oýunçylar arkaýyn 36-37 ýaşyna çenli ýokary depginde futbol oýnap bilerler. Hawa, ýöne şonda-da Luka Modriçiň meýdançada ýerine ýetirýän funksiýasy düýbünden başga bolup, ol kän fiziki güýji talap edýär.
Modriç karýerasynyň başynda ýiti tehniki ukyby bilen tapawutlanýardy. Ýöne APL-da Modriç fiziki güýje uly üns berip başlady. Çünki bu futboluň zerur bir bölegi bolup, Modriçe elmydama şol ýetmezçilik edipdir. Ol professor Wlatko Wuçetiç bilen duşuşygyndan soň zerur bolan maslahatlary almaga başlaýar. Professoryň kömegi bilen ähli görkezijilerini ýokary derejä çykarmagy başarýar.
Wlatko 48 ýaşynda. Ol Zagrebiň Döwlet uniwersitetinde dosent bolup zähmet çekýär. Onuň fiziki maşklaryny internetden hem tapsaň bolýar. Horwatiýada Wlatko şikesleri öwrenip bejermek boýunça iň tanymal, başarjaň hünärmen hasaplanýar. Onuň hususy sport diagnostikasy bolup, bu ýerden 100-lerçe türgenler maslahat alyp, barlaglardan geçýärler. Wlatko aýratyn-da meşhur türgenleriň 20-si bilen özbaşdak işleýär. Wlatko Wuçetiç 2018-nji ýylda Horwatiýanyň milli ýygyndysyna üstünlikli çykyş etmäge hem ýardam etdi. Şol ýyldan soň Modriçiň bu professora bolan ynamy has-da artdy. Indi oýunçy bilen professor aýda bir gezek hökman görşüp, Modriç degişli barlagdan geçip, ýörite hünärmenleriň kömegi bilen özüniň fiziki formasyny uzak wagtlap ýokary derejede saklamagyň aladasyny edýär.
Modriç zähmetsöýer, ol ýylda 10 gün türgenleşiksiz dynç alýar. Toparyň geçirýän türgenleşiklerine 1 sagat ir gelýär. Adaty türgenleşiklerden soň 4 sagatlap ýeňil bolan maşklara wagtyny sarp edýär. Megerem, Modriçiň syry uly yhlasdadyr.
Luka Modriçiň ýokary derejede uzak oýnamagynyň syryny gysgaça alanymyzda, tertip-düzgünli hem uly yhlasly, gündelik sada durmuşy bilen baglap bolar. Hawa, horwatiýaly zehin bu derejäni ýyllaryň tejribesi bilen gazandy...
Modriçiň karýerasyndaky ilkinji üstünligi entäk 18 ýaşyndaka başlandy. Ol 2003/2004 futbol möwsüminde Bosniýa çempionatynyň iň gowy oýunçysy bolmagy başardy. “Zrinski” toparynda üstünlikli çykyş eden Lukanyň özüne bolan ynamy artyp, ol Ýewropanyň ähli çempionatlarynda-da mynasyp oýny görkezip biljekdigine ynandy.
2004/2005 futbol möwsüminde Horwatiýanyň çempionatynda hem iň gowy ýaş oýunçy bolmagy başaran Modriç kärendesine Zapreçiş şäheriniň “Inter” toparynda hem çykyş etdi. Aýry-aýry çempionatlarda üstünlikli berkän Luka “Dinamo Zagreb” toparyna dolanyp geldi. Topar Modriç bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Soňky üç ýylda Modriç 3 gezek Horwatiýanyň çempiony bolmagy başardy. Ajaýyp, ygtybarly, ýokary derejeli geçirilen möwsümlerden soň zehinli Modriçe Ýewropanyň öňdebaryjy toparlary göz dikdiler.
“Barselona”, “Çelsi”, “Arsenal” ýaly klublar horwatiýaly ýarymgoragça uly gyzyklanma bildirdiler. Netijede, Modriç 2008-nji ýylda Angliýanyň Premýer ligasyna transfer boldy. Şol wagtlar “Tottenhem”-iň tälimçisi bolan Huande Ramos Modriçi düzümine goşmagy başardy. Ýöne bu tälimçiniň elinde Modriç özünde bar bolan zehininiň ýarysyny hem görkezip bilmedi. Futbol bilermenleri Modriçiň fiziki güýjüniň APL üçin ýeterlik däldigini nygtaýardylar.
Hawa, Modriçe APL-a uýgunlaşmak ýeňil düşmedi. Garri Rednapp “Tottenheme” tälimçi bolup geçensoň ýagdaý düýbünden üýtgedi. Tälimçi Modriçiň ornuny meýdançanyň merkezinde görýärdi. Şeýle şertlerde Luka kämilleşip, yzygiderli ajaýyp oýunlary geçirmäge başlady.
Geljekki topardaşy Garet Beýl bilen Modriç toparyna Çempionlar ligasynda çykyş etmäge ýardam etdi. Aýratyn zehinli oýunçylar Angliýanyň Premýer ligasynda hem ýokary orunlar üçin ýiti göreşi alyp bardylar.
Dünýäniň öňdebaryjy ligasynda saýlanan Modriçi 2012-nji ýylda düzümine goşmaga hyýallanan toparlar kändi. Uly gyzyklanan toparlaryň biri-de “Çelsi” bolupdy. Ýöne Luka “Real”-y saýlady. Saýlap hem ýalňyşmady. Ispaniýanyň paýtagtyna ilkibada uýgunlaşmak Modriçe kyn düşdi. Hatda, Modriç şol ýyl möwsümiň iň şowsuz transferi bolup hem saýlandy. Bu ýagdaýlara garamazdan, portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýo Modriçe uly ynam bildiripdi. Ýyllaryň geçmegi bilen Modriç “Real”-yň rowaýaty oýunçysyna öwrüldi.
“Real Madrid” bilen 10 ýylyň dowamynda Modriç dünýäniň ähli kuboklaryny, baýraklaryny gazanmagy başardy. Aýratyn bellesek, şa topary bilen Modriç Çempionlar ligasynyň 5 gezek ýeňijisi boldy.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.