Hemmeler tarapyndan hormata mynasyp bolmagy başaranlar...

Futbol dünýäsi, dünýä futboly, hakykatdanam, geň-enaýy wakalara, şahsyýetlere baý hasaplanylýar. Munda dünýä täsirini ýetiren şahsyýetler — ynsanperwerlikde “ýakasyny tanadan” futbolçylaram, dünýä belli futbol toparlaryna baş tälimçilikden başlap, şäher häkimi bolan, hatda, tutuş bir ýurduň prezidenti bolan futbolçylar hem bar.

Häzirki gürrüňini etjek futbolçylarymyz bolsa, hatda, garşydaş toparlaryň janköýerleri tarapyndanam sylaga, hormat mynasyp bolan, ýagny, “hater”-leri bolmadyk futbolçylar. Ýeri gelende aýtsak, bu juda-juda seýrek bolýan ýagdaý we şeýle hormata mynasyp bolup bilendikleri üçin hem ýene bir gezek hormatlanylmalydyrlar.
Onda başladyk:

N.Konte (Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we “Chelsea” toparynyň oýunçysy)

A.Iniesta (Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barcelona” toparynyň öňki rowaýaty oýunçysy)

J.Buffon (Italiýanyň milli ýygyndysynyň we “Juventus” toparynyň öňki rowaýaty derwezebany)

S.Gerrard (Angliýanyň milli ýygyndysynyň we “Liverpool” toparynyň öňki rowaýaty oýunçysy, häzirki wagtda “Aston Villa” toparynyň tälimçisi)

T.Kroos (Germaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Real” toparynyň rowaýaty oýunçysy)

S.Mane (Senegalyň milli ýygyndysynyň we häzirki wagtda “Bawariya” toparynyň oýunçysy)

A.Pirlo (Italiýanyň milli ýygyndysynyň we “Juventus” hemem “Milan” toparlarynyň rowaýaty oýunçysy, häzirki wagtda “Fatih Garagumruk” toparynyň tälimçisi)

A.Tihonow (SSSR-iň, soňra Russiýa Federasiýasynyň we “Spartak” toparynyň rowaýaty oýunçysy)

L.Modriç (Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň we “Real” toparynyň rowaýaty oýunçysy)


Häzirlikçe meniň bilýänlerim şular. Bu sanawy sizem öz bilşiňizçe uzaldyp bilersiňiz.
3 лайков 184 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
24 июл 2022, 12:40
Marcelo
Muhammet Salah
Xavi
De Bruyne
Suleyman
24 июл 2022, 12:46
Modriçe jynyň düşdaý)
Pegas
Автор 24 июл 2022, 12:48
Dark_Wolf
Modriçe jynyň düşdaý)

Gowy görýän şol oýunçyny) Toparym üçin eden işi kän. Hemem sada görýän. Sadalygam söýýän.
Soho
24 июл 2022, 13:16
@Pegas, Realyn trenirimi sen ya Horwatiyanyn milli yygyndysynyn!? (toparym uchin diyyan welin)
Pegas
Автор 24 июл 2022, 13:21
Soho
@Pegas, Realyn trenirimi sen ya Horwatiyanyn milli yygyndysynyn!? (toparym uchin diyyan welin)

Ýok, men “Real”-yň janköýeri.
Soho
24 июл 2022, 13:25
men uchin:a hakyky futbolchy Ronaldo (Braziliya), shon oyunlaryny hezil edip goryadim, 2002daki dunya chempionady yadymdan chykanok
Milaýa
24 июл 2022, 17:51
Soho,
Brazaliya? Ronalda partugaliyaly dälmi ?!
Pegas
Автор 24 июл 2022, 17:57
Milaýa
Soho,
Brazaliya? Ronalda partugaliyaly dälmi ?!

Portugaliýaly entek kiçjik oglanjykka braziliýaly parlap ýördi futbol asmanynda.