Ronaldonyn hazirki showsyzlygy

PSG-iň öňki oýunçysy Larke Ronaldonyň pensiýa çykmagy barada: " üstunligin chür depesinde bolmak kyn.
37 ýaşly portugaliýaly, Mançester Unitedunaýtedden Çempionlar ligasynda oýnamak isleýär.
Özüm edip bilmedim, sebäbi batyrlygym ýokdy, ýöne Mişel Platininiň karýerasynyň şöhratynyň iň ýokary derejesine ýetendigine hemişe haýran galýardym.

O
Zinedin Zidanyň 2006-njy ýyldaky showsyz gecen Dünýä çempionatynyň finalyndan soň karýerasyny gutarandygyna ynanmak mümkin däl.

Kristiano, karýeranyňyzyň soňuny ýatlamarys -
biz dine onun üstünliklerini we derejelerini ýatlarys diýp Fransiýanyňň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Sankt-Etien we PSG aýtdy.

Sonky yylarda menin kumyryma hem futbola bolan howesi doren ronaldonyn ekiz cagasyndan entak dogulmadyk oguljygynyn oli bolmagy yz yanyndan karyerisindaki sowsuzlyklar meni hem unja goyyar
5 лайков 251 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
31 авг 2022, 23:47
Durmuş öwrümidä bu-da
Jenap420
Автор 31 авг 2022, 23:49
FanB,
Yone kimdir ustunlikde gutarda gowy
Yusup
31 авг 2022, 23:50
Ar saylasan garry gyz borsun. Klub saylasan zamen borsun
Yusup
31 авг 2022, 23:51
Wagtynda guycli komnandalar soranda gecmelidi. Hazir hic kime gerekmejek oyunchy boldy
Jenap420
Автор 31 авг 2022, 23:52
Anil Kapur,
Yone namede bolsa yeke ozu oyuny uytgedio bilyar
Massimus
01 сен 2022, 00:47
Anil Kapur,
Wagtynda guycli komnandalar soranda gecmelidi. Hazir hic kime gerekmejek oyunchy boldy

Şular ýaly sözleri nirden tapýaňyz-aý, hiç kime gerek däl boldy, pylan diýip, Sizi futboldan baş çykarýan adammyka diýip ýördüm welin
Massimus
01 сен 2022, 00:54
Nik,
Yone namede bolsa yeke ozu oyuny uytgedio bilyar

Mançesteriň şowsuzlyklarynda Ronalduny günäkärleýän "heýterjan"laryň bolgusyz pikirlerine ynanýanlar köpeldi. Häzirki Mançesteriň özi öli. Munda bir-iki adamy günälemek nädogry. Ser Aleksden soň gargyş siňen topary Ten Hagam uzak wagt düzedip bilmese gerek.
Yusup
01 сен 2022, 06:42
Massimus,

Habarlary okap gor. Agendi nace klub gozledi. Kakmadyk gapysy yok Ronaldo un.
Hiayress
01 сен 2022, 08:06
Massimus,
Top klublara Ronaldany öz spisogyndan dawno çyzdy, Mançester sezonyň başyna Ronaldony Milan bilen Intere hödürledi ikisem otkaz etdi. Diňe MLS-iň komandalary bilen Dortmund we Sporting Ronaldany öz toparyna goşmak üçin gyzyklanýardy.
ffgggggffddd
01 сен 2022, 10:15
Ýyldyzlar öçmeýärler.Ronaldo meňem kumirim
#B.S
01 сен 2022, 12:41
Hiayress,
Hiç bir pikiriňe we gürriňiňe goşulmasamam şunyňa ýüz oresent goşulýan.
#B.S
01 сен 2022, 12:41
*prosent
noname
01 сен 2022, 13:23
Köpetdag bn habarlaşyp görmeli eken boş yer yokmyka.
Jenap420
Автор 01 сен 2022, 13:28
Gonurly,
Goldayan
Jenap420
Автор 01 сен 2022, 13:28
danger,
Ha.ha.ha
Jenap420
Автор 01 сен 2022, 13:28
Hiayress,
Belki seyledir yone yonesi barda
Jenap420
Автор 01 сен 2022, 13:30
Ol karyerasyny pik derejede gutarmak isleya
Hiayress
01 сен 2022, 13:37
Khanture,
Sen adam bolaňda meň hemme sözümede goşulmaly welin, arman, arman... :)
Massimus
01 сен 2022, 15:04
Hiayress,
Massimus,
Top klublara Ronaldany öz spisogyndan dawno çyzdy, Mançester sezonyň başyna Ronaldony Milan bilen Intere hödürledi ikisem otkaz etdi. Diňe MLS-iň komandalary bilen Dortmund we Sporting Ronaldany öz toparyna goşmak üçin gyzyklanýardy.

Ronaldu bilen gyzyklanan Çelsi, Bawariýa ýaly klublar top dereje meň pikirimçe, käbir çeşmelerde Barselonanyň hem ady geçdi. Bu transferleriň näme üçin amala aşmandygynyň ähli kriteraýalaram ikimiz üçin aýan däl. Ilkinji mesele Ronaldunyň aýlygy bolmaly. Az aýlyk bilenem oýnamaga razy bolsa islendik top klubada peýdasy degjek oýunçy. Ikinji mesele tälimçileriň gorkusy. Özdiýenli, öz garaýyşlaryna eýe bolan häzirki zaman tälimçiler öz klubynda "klubdanam ýokarrak (awtoritetniräk) bolan" beýle futbolçylar (Zlatan, Ronaldu) bilen işleşmäge ýaýdanýarlar. Olara monstar däl-de, köpräk gulak asyjy, görkezmelerden çykmaýan futbolçylar gerek.
Şoň üçinem Cr7-ni entek hiç kime gerek däl diýmäge biraz irräkmikä diýýän.
Hyýarçy jogabyňa garaşýan seň bilen çekeleşmek gyzykly barybir
Fass
01 сен 2022, 15:37
Menem oz pikirimi aydayyn:
Ronaldonyn ýaşy.
Islendik oyuncy (fiziki tarapdan guycli, psiholoji tarapdan guycli) 35 yasdan yokary galdygyca guyji gacmak we yyldyzy ocmek bilen bolyar. Emma beyle diyildigi sohraty, abrayy gacyar diymek bolmayar. Onun eden zatlaryny taryh yatdan cykaranok. Meselem: F. Totti, P. Maldini, J. Terry, G. Buffon, Ronaldo (Brazil) bularyn hemmesem yasynyn ulalandygy garrylyga tarap yoldaky fiziki guyjin (futbola yeterlik guyc) azalyandygy sebapli oz komandalaryna ozalky peydalaryny berip bilmediler. Emma sohrat, abray onkiligine galdy. Bu guycden gacma tebigatyn kanuny. Munun un C. Ronaldony gunakarlemek nadogry. Guycden gacanson islendik abraya sohrata eye bolsada hic bir komanda peydasyz oyuncy zerur dal. Onun onki abrayy un komandada saklamak komanda peyda bermez. Islendik zat wagtlayyn, Ronaldonyn sohratly karyerasy wagtlayyn. Bulam tebigatyn uytgedip bolmajak kanuny. Sonun ucin komandanam, Ronaldonam yazgarmaly dal. Bay TOP komandalar ocup baryan yyldyzyny ocmanka orta yagdaydaky komanda ya araplaryn, amerikanyn bay komandalaryna satyalar yada erkin agent yagdayda goyberyaler. Sebabi yyldyzy ocyanca saklamak komanda peyda berenok. Emma Ronaldo karyerasynyn sonunam sohrat derejesini sol onkilikde tamamlasy geldi. Emma guyc yas ulaldygyca azalyar.
Yene bir pikirlerde A. Fergusonyn maslahatyny (M. United-e gelmek barada) almazdan M. City toparyna gosulan bolsa onda belki Ronaldonyn sohraty birbada birden peselmezligi mumkin. Emma Ronaldonyn ahli suyji suwyny (kopusini Real, az bolegini Juventus) sordylar. M. United-de bolsa ona yardam berjek guycli oyuncy yok diyen yaly talimci babatdada seyle. M. Unided Fergusonyn gitmegi bn ahli taraplayyn pese gacan topar. Emma Ronaldo M. City-a gelen bolsada 1 yyldan son Haalandyn gelmegi bn yene kenara duserdi. Sebabi Haaland ozune beyle garsydas bn bir toparda oynamak (futbol syyasaty boyunca) islemezdi. Bu hasiyet Mbappe, Messi ...... yaly oyuncylardada bolupdy. Belki Haaland Ronaldoly M. City-a gelmezligem ahmaldy. Belki Haaland Ronaldony komandada ayyrdyp ya ozunin lider hasaplanmagyny onunden sert edip gelmegi ahmaldy. Umuman ahli tarapdan seredende Ronaldonyn yyldyzy ocyar. Munyn un bolsa ony gunakarlemek nadogry. Sebaplerini yokarda aytdym
Fass
01 сен 2022, 15:40
Hatda Chelsea, Bayern, Barcelona toparlayna gelen yagdayyndada 5-6 oyunda garasylyan netijani bermese anyrsy 2 aydan yene Ronaldo kenarda bolar. Bu bolsa onun yene karyerasynyn sonunyn gelendigini anlatyar. Beyle oyuncylaryn atiyacda otyrdygyca futbola zerur psiholoji, fiziki guyjunin azalmagyna getiryar. Ustesine yas zehinler bn baslesmegem kyn
Hiayress
01 сен 2022, 16:08
Massimus,
Özüm soňky ýyllar köp futbol habarlary bilen gyzyklanamok, ýöne onda-munda Ronaldo Bawariýa geçýär, Ronaldo Çelsa geçýär, Ronaldo Dortmunda geçýär, Ronaldo PSJ geçýär, Ronaldo Barsa geçýär, Ronaldo yzyna Reala dönýär, Ronaldo Marsela geçýär diýen ýaly habar beriş serijdeleriniň haýp üçin toslap tapan birnäçe bildirişlerine gabat geldim. Bularyň köpüsi, mysal üçin: Bawariýa ýalysy "Bize Ronaldo gerek däl, biziň politikamyzada, oýun stilimizede, onuň oýny gabat gelenok" diýip, offisialnyý gyzyklandyrma bildirmediklerini aýdyp, diňe habar beriş serişdeleriniň oýlap tapan pyryldagydygyny ýüze çykarypdylar. Şonuň üçinem Ronaldo bilen bagly bolan her bir habara çyndyr öýtmeli dälmikä diýýän. Top klublaryň islemeýäni bolsa çyn bolmaly, ýogsa tanymal, ady belli, ökde oýunçyny mugtyna öz toparyna goşmakdan hiç bir klub ýüz döndürmezdi. Birem Ronaldo Ýuwentusdanam şol bir bahana, şol bir konflik bilen aýryldy, Ýunaýteddenem şol bir bahana, şol bir konflik bilen aýryljak boldy. Bu diýmek problema diňe toparda dälde, oýunçydadygynam görkezdi. Ronaldonyň geçmişi ajap, ýöne häzirki edip ýören isterikalary manysyz we öz abraýyna gelişmeýär. Türkmen "Utulanyňy boýnuňa almaklygam erkeklik" diýýär, Ronaldonyňam islese, islemesede möwrüti ötdi. Şoň üçinem ýöne dawa-jenjeliň içinde bolmajak abraýyňy kowalajak bolup ýörmän, udaçnyý gabat gelen ýerinde oýunda çykany özi üçin has gowy bolarmyka diýýän.
Hiayress
01 сен 2022, 16:22
Menem Ronaldonyň, Messiniň, Zlatanyň, Zidanyň, Lampardyň, Gerrardyň, Bekhamyň, Henrynyň, Drogbanyň fanatydygymam aýdaýyn. Menem futboly söýýän adamy söýýän, ýöne futboly diňe öz şahsyny mahabatlandyrmak üçin ulanjak bolýan adamlary welin iki esse ýigrenýän. Soňky ýyllarda Ronaldonyň edýän hereketleri hem şoňa meňzeýär. Ýuwentusda oýunçylary, trenerleri, sportiwnyý direktory we agentleri, diňe özünden başga hemme kişini işini dogry ýerine ýetirip bilmeýändikde aýyplady. Ýunaýtede geldi, ýene şol saz, şol bir owaz üýtgän zat ýok. Özi akja jüýje, galanlaram gara garga. Ýöne ýene-de tomaşyçy ýa-da fanat gowy bilýändir kimiň kimdigini. Şonuň üçinem birwagt Ýuwentusyň fanatlarynyň Ronaldonyň toparlarynda galmagyny islemeýişleri ýaly, Ýunaýtedediňem fanatlaryda Ronaldonyň toparda galmagyny islänoklar.