Edepli oglanlar

Salam.Bir zadyñ negatiw tarapyny aýdanyñdan soñ pozitiw tarapyny-da aýtmaly hasap edýän.Şeýtsek edýän hereketimize sözüñ doly manysynda tankyt diýip bileris.
Düýn edepsiz oglanlar barada gürrüñ gozgapdyk.Bu gün edepli oglanlardan söz açmakçy.Düýnki mowzukda olaryñ diñe gyz-oglan gatnaşyklaryndaky edepsizliklerinden söz açypdyk.Bu günem diñe şol gatnaşyklardaky edeplilikleri barada bellejek.Beýleki gatnaşyklardaky edeplilikleri barada teswirde belläp bilersiñiz.

1.Ilkinji nobaty gyzlara berýän,hatda yzyndan gyz gelýän bolsa şolara girjek jaýynyñ,ulagyñ gapysyny açyp berýän "jentlmenler".
2.Ýolda duran nätanyş zenany gitjek ýerlerine çenli ulagynda äkidip jogap hökmünde diñe "Tañryýalkasyn"soraýan hemaýatkärler.
3.Gyzlaryñ ýanynda (belkem hiç haçan) diline paýyş söz alman edeplilikde rekord goýýan oglanlar.
4.Bir gyzy söýüp,oña dürli wadalar bereninden soñ wadasynda tapylyp şonuñ bilen bagt toýuny toýlaýan ähtine wepalylar.
5.Aýalyna baýramçylyklarda,doglan günlerinde sowgat almagy ýatdan çykarmaýan romantikler.
6.Arak,çilim,geroin serişdeleri bilen arasy bolmadyk oglanlar.
7.Çagalarynyñ ýekeje ýylgyrşyna sebäp bolmak üçin irmän-arman işläp,işden geleninden soñam olar bilen wagt geçirmegi ünsden düşürmeýän "Super kakalar".
8.Aýalyndan başga zenana göz astyndanam garap görmedik wepaly ýanýoldaşlar.
9.Aýalynyñ aýagyny ýere ýetirmän gitjek ýerine äkidip-getirýän "meýletin"sürüjiler :))
10.Ýolda-yzda haýsydyr bir nätanyş zenana azar berseler,şony goramagy özüne borç saýýan ýagşyzada gylyklylar.

Ine,meniñ ýadyma düşen edepli oglan görnüşleri-hä şular.Siz nähili edepli oglanlary aýdyp bilersiñiz?

14 лайков 742 просмотров
46комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
14 авг 2022, 10:27
Men hakda özimden sorap, soñ gürrüñ ber köpçülige)
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 10:40
Seri,haýsylary saña degişli :))
Victus
14 авг 2022, 10:45
Mümkin,
Mena sana hayran galyan. Sen gaty interesni
Garabufer
14 авг 2022, 10:52
2.Ýolda duran nätanyş zenany gitjek ýerlerine çenli ulagynda äkidip jogap hökmünde diñe "Tañryýalkasyn"soraýan hemaýatkärler.
Beýle adam galdymy diýipdi bir ors gyz ,
Takys däl dowon , düşüwör diýemde .
Garabufer
14 авг 2022, 10:54
Ýöne , gyzam oglanam ýalaňaç dogulýar, ikisem biribaryň asy guly , hiçkim hiçkime borçly däl , şondada näme üçin , erkekler zenanlara meýletin süriji, ekleýji , borçly bolsa gowy , ýogsada edepsiz bolýaka
#B.S
14 авг 2022, 10:55
6-ja gabat gelyan ekenim :) uc ay ozal acan bolanda onada gabat geljekdal ekenim :)
Garabufer
14 авг 2022, 10:57
Dünki temaňyzada jogap: oglanlaryň (geçen temaňdaky aýdypgeçen )torlaryna düşen gyz-gelin günäkär .
Näme üçin hemme gyz , balam, söýýän ,köýýýän söze ynananok, sebäbi agras , ynanýarmy minneti ýeňilkelleliligindengörsün.
Dowsypat
14 авг 2022, 10:57
5.Aýalyna baýramçylyklarda,doglan günlerinde sowgat almagy ýatdan çykarmaýan romantikler.

Söýgülimiň 8-martyna bir desse gül bilen altyn zynjyr.Aýalyma gülli jorap.(Degişmeden)
noname
14 авг 2022, 10:58
1njini edemok birem maşynyñ yzynda yer bar bolsa öñünde oturdamok. 2nji gary yada eli cagaly bolsa bolya. Birem 9njy mydama bolup duranok ka wagtrak bolya. Galanlary bolya .
Dowsypat
14 авг 2022, 11:03
6-njy bilen hiç wagt arabaglanşygym bolmandy.

Şu 5-si bilen oňuşup ýörün.Nebsime haý diýip.
Kleopatra
14 авг 2022, 11:04
Ay tuweleme shu bolshuň bilen ylmy ish yazsaň alagada alymlyk derejesini alarsyňow sen.Duynki yere urulmaryň hoplanbatyrlarymy buda.Gel gel acdyňda shu mowzugy maksat?!Ya-da duzedip biljek birzadaň bolar oytyäňmi?!Gel gowsy shu shereketiňi durmusha gecir belki saňa onjeyli yeri bor.Iň azyndan "Parahat soyuji Maha" diyip eliňe 1ştuk madonna caynegi gysdyryp gownuňi hoshlarlar.Oyunde babaýyň bln cay suzup konäni yatlaryňa gowy bor
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 11:54
Haý gülüp öldümäý Kleopatra .Sen ýaly sempatiçni ýazgaryjy görmändim gyz :))
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 11:55
Victus näme üçin haýran galýañ?
Kleopatra
14 авг 2022, 12:10
Mümkin
Haý gülüp öldümäý Kleopatra .Sen ýaly sempatiçni ýazgaryjy görmändim gyz :))

Yokla ayallogan 180-de gaza bas.Durayma dursaň gunä bor.Neme indikide ar-ayal urushlarny nikasy bozulan mashgalalary ikilik edyan mashgalalar barada-da yaz.Galamyň ujy budremesin gyzz
Perishde
14 авг 2022, 12:25
Hey bolýan ekendä
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 12:29
Kleopatra,bir ýerlerde stand-up showa çykýañmy sen? Görmäne barjak çykýan bolsañ :))
Dowsypat
14 авг 2022, 12:40
Mümkin on № 16 Şu gün, 12:29
Kleopatra,bir ýerlerde stand-up showa çykýañmy sen? Görmäne barjak çykýan bolsañ :))

Men çykýan stand-up showa.Nesip bolsa 18-ne Antarktida-da pingiwinler we ak aýylara konsert berýän.Gyzyklanýan bolsaň göräý barmaga.
Kleopatra
14 авг 2022, 13:06
Mümkin
Kleopatra,bir ýerlerde stand-up showa çykýañmy sen? Görmäne barjak çykýan bolsañ :))

Cholde goyun guzy bakyen.Yone showa chykmak erbet pikirem däl chyksam senem yanyma aljaga sen menden ozdyrsyňla yone)Dur dur sen menin rysgymy iyersin gowsy sen bardakilere konsertjagash beraga
Alfonse
14 авг 2022, 14:17
1-nji, 4-5 sagat garaşyp ýerini ýene gyza berýän kişi heleýgulydyr. Oglan diňe oglan bolany üçin ýer bermelimi, gyz näme üçin gyz bolany sebäpli ýer bermeli däl. Hany deňlik??
2-nji, indi olar ýaly gyz galdymy?? Biri ulag saýlap dur, biri gygyryp, wägirip goýberýär. Polisiýadan çykmasak ýagşy soňundan.
4-nji, bu bize degişli häsiýet däl. Ynsanlyga gelişjek häsiýet. Hemme zady jynsa baglamak ýerine, ýörite oglanlara mahsus gowy häsiýetler agzalsa bolmazdymy??
6-njy, içen kişi özi üçin içýär. Çeken kişi özi üçin çekýär. Aýalam içýär erkegem. Bu biziň hetdimizemi??
7-nji, 8-nji, 9-njy aslynda etmeli zatlar dälmi olar, borjy dälmi ol zatlar. Ýa indi onam etmesinlermi??
10-njy, durmuşy köýüp giden oglanlar bar, ol gyz bolsa ol zatlar işi ýok, betinden durmuşyna dowam edýär.
Enesh_Turkmengyzy
14 авг 2022, 14:19
Erkek adamlarda ayal masgalada az geplemeli terbiyeli gorunmek ucin
Sebabi az geplesen kellan akylyn öyjugimi, yartymyn, çeyrekmin, meyrekmin hic kim bilip bilmeyada tanamak kyn bolya☺
Alfonse
14 авг 2022, 14:20
Indem ýene bir zat, näme derek bar şu ýazgyda, oglanlaryň we gyzlaryň adyna gürlär ýaly kim biz?? Ýazanyňa görä hakykatdanam gowy diýiljek taraplaryny ýaz diýjekdim welin ýazgy durşuna başga zat. Edepli oglanlar diýip kakalary gürrüň berip ýörmi, nämemi. Jynsa degişli gyşyk belent gürlemäli iň gowsy, durmuş uzakdyr, seniň burnuňa kakar welin yzyňy tapmarsyň!!!
Garabufer
14 авг 2022, 14:32
Korpeje,
Şeýt ýogsa tanadarsyň
Enesh_Turkmengyzy
14 авг 2022, 14:41
Garabufer,
Baş ustune
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 14:52
Kleopatra,men bärde sahna çykýan göreñokmy? :)
Sen hökman stand-up show gurnamaly.Menä pul berip seni diñlämäge giderdim.
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 14:59
Narcisssus,9 njy borjy däl.2 nji hakda aýtsam bar olar ýaly gyzlar.Bizä "Taksi däl tañryýalkasyn aýdaý"diýse begenip düşüp gidýäs :))
7-8 barada aýtsam olary ýerine ýetirmeýän şeýle bir kän welin,indi ony edýänlerem añrybaşy edeplilige degişli hasap edýän.
Oglanlaryñ we gyzlaryñ adyna gepleýän ýerim hany,görkez.Men diñe daşky dünýädäki tejribelerimden,synlan pursatlarymdan çen tutup,şeýle görnüşler döretdim.Isleýän goşular,islemeýän goşulmaz.Ulaldyp oturasy iş ýok.
Kleopatra
14 авг 2022, 14:59
Mümkin
Kleopatra,men bärde sahna çykýan göreñokmy? :)
Sen hökman stand-up show gurnamaly.Menä pul berip seni diñlämäge giderdim.

Yokdayt goyunlarym ac oler seniň berjek 2-3 manadyn uchin surimi depgilap bilmen Ayperijan)
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 15:02
Kleopatra,maña Aýperidir öýdýän ýene bir dikdüşdi.Al saña gerek bolsa.
LIDER
14 авг 2022, 15:08
Korpeje,
Salawmaleykim
LIDER
14 авг 2022, 15:10
Nemelay ... no comment. Duzelersiniz oza bir gun, hyyaly pikirlerinizden chykyp, bolyan zatlary kabul edersiniz
AYPERI
14 авг 2022, 15:26
Kleopatra,
Oziniza zenan mashgala oglanlara degilse batmaly yerine batyala gyz.sheydip gowy gorunjek bolyanmy.
Size teswir yazmakchy daldim oziniz adymy agzapsynyz.