Edepli oglanlar

Salam.Bir zadyñ negatiw tarapyny aýdanyñdan soñ pozitiw tarapyny-da aýtmaly hasap edýän.Şeýtsek edýän hereketimize sözüñ doly manysynda tankyt diýip bileris.
Düýn edepsiz oglanlar barada gürrüñ gozgapdyk.Bu gün edepli oglanlardan söz açmakçy.Düýnki mowzukda olaryñ diñe gyz-oglan gatnaşyklaryndaky edepsizliklerinden söz açypdyk.Bu günem diñe şol gatnaşyklardaky edeplilikleri barada bellejek.Beýleki gatnaşyklardaky edeplilikleri barada teswirde belläp bilersiñiz.

1.Ilkinji nobaty gyzlara berýän,hatda yzyndan gyz gelýän bolsa şolara girjek jaýynyñ,ulagyñ gapysyny açyp berýän "jentlmenler".
2.Ýolda duran nätanyş zenany gitjek ýerlerine çenli ulagynda äkidip jogap hökmünde diñe "Tañryýalkasyn"soraýan hemaýatkärler.
3.Gyzlaryñ ýanynda (belkem hiç haçan) diline paýyş söz alman edeplilikde rekord goýýan oglanlar.
4.Bir gyzy söýüp,oña dürli wadalar bereninden soñ wadasynda tapylyp şonuñ bilen bagt toýuny toýlaýan ähtine wepalylar.
5.Aýalyna baýramçylyklarda,doglan günlerinde sowgat almagy ýatdan çykarmaýan romantikler.
6.Arak,çilim,geroin serişdeleri bilen arasy bolmadyk oglanlar.
7.Çagalarynyñ ýekeje ýylgyrşyna sebäp bolmak üçin irmän-arman işläp,işden geleninden soñam olar bilen wagt geçirmegi ünsden düşürmeýän "Super kakalar".
8.Aýalyndan başga zenana göz astyndanam garap görmedik wepaly ýanýoldaşlar.
9.Aýalynyñ aýagyny ýere ýetirmän gitjek ýerine äkidip-getirýän "meýletin"sürüjiler :))
10.Ýolda-yzda haýsydyr bir nätanyş zenana azar berseler,şony goramagy özüne borç saýýan ýagşyzada gylyklylar.

Ine,meniñ ýadyma düşen edepli oglan görnüşleri-hä şular.Siz nähili edepli oglanlary aýdyp bilersiñiz?

14 лайков 742 просмотров
46комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 15:35
Ayperi,gep urşundan çen tutsam oglan bolmaly ol.
Kleopatra
14 авг 2022, 16:44
《AYPERI》
Kleopatra,
Oziniza zenan mashgala oglanlara degilse batmaly yerine batyala gyz.sheydip gowy gorunjek bolyanmy.
Size teswir yazmakchy daldim oziniz adymy agzapsynyz.

Howa gowy gorunjek bolyan)))
Kleopatra
14 авг 2022, 16:45
Mümkin
Ayperi,gep urşundan çen tutsam oglan bolmaly ol.

Howa oglan men))
Enesh_Turkmengyzy
14 авг 2022, 16:57
LIDER
Korpeje,
Salawmaleykim

Salam Gowmun
Seýit
14 авг 2022, 18:14
《AYPERI》,
Na indi tarapyny calsa yada goldasa bolanokmy. Edyan ishiniz bir cyrshap zynaymalyda bolman. Onda bu jynsparazam oglanlaryn tarapyny tutup shu mowzugy acdy. Onunam bir yerine batyamy onsan. Ol zatlara hic yone sizin bir yerinize batyar cydap bilman yalnysh gurleyaniz
Alfonse
14 авг 2022, 18:26
Mümkin,
Ony edýänler az bolsa, aýallaryňam ärlerini nähili günde goýýanlaryny aýtmak zerurçylygym ýokdyr hernä. Onsaň biz şony eden aýallary gowy iş edipdiraý diýip, öwüp, mowzuk açyp zyrladyp ýörelimi. Maksat näme?? Many nirde?? Şolar ýalylaryň bardygyny adamlar bilenokmy, bilip aňyrsyna ýetýär. Onsaň goh döretjek temalary açmagyň maksady näme?? Jyns barada gürlemegiň maksady näme?? Seniň üçin ulaldar ýaly zat ýokdyr.
Alfonse
14 авг 2022, 18:28
Çaga dälä siz, ullakan adamlar. Peýdaly bir iş edip, il-güne peýdaly bolanyň gowudyr. Haýsy döwürde ýaşaýaňyz jynslary ýazgaryp, özüňizçe baha berer ýaly?? (Ulalmadyňyzaý)
ýüreksözi
14 авг 2022, 18:40
Durun edepli oglanlar hakda menem aýdyp geçeýin
1 ene atasyny sylasyn sylanşyk şolardan başlanda
2 köpçülikde özüni gowlykda ýatlatmagy başarsyn
3 agzy arassa bolsyn
4 esasy gyza azar bermesinler
5 minnetli bolmasyn erkek diýeniň
6 içmek çekmek bu olaryn öz işi ýöne köpçülikde etmesinler
7 aýalyny sylamagy başarsyn
8 çagalary köçede aç bolmasa ýada dilegçilik etdirip ýören bolmasa çagalarny gowy edip terbiýelap bilýan bolsa ine hakyky erkek
9 doganlarynyň dostlarynyň kyn gününde kömek bolsyn ine hakyky erkek
10 çagalarny denli-derejeli iýdirip geýdirip eklap bilsin ine hakyky erkek
11 in esasysam Halal gazansyn Halal iýsin Halal geýdirsin Imany bolsyn ine bu welin doly derejede ADAM
Mümkin
Автор 14 авг 2022, 20:32
Narcissus,myžžygy çykan gyzlar diýip mowzuk açylanda näme üçin şeýle teswirler galdyrmadyñyz?
AYPERI
14 авг 2022, 20:54
Mümkin,
Sebabi.o mowzuk achylanda chaga ekenler indi ullakan bolupdyrlar
AYPERI
14 авг 2022, 20:57
Bularyn niyetleri dawa tapmak.shu temada dawa edere zat yok ozleriche bir zatlar tapyp goh turuzyalar.
Kleopatra
14 авг 2022, 21:35
《AYPERI》
Bularyn niyetleri dawa tapmak.shu temada dawa edere zat yok ozleriche bir zatlar tapyp goh turuzyalar.

Bishsede sheyle sho Aypurlijan))
Yusup
14 авг 2022, 21:36
Name un ene atasyny sylayan oglanlary edepli diyenzok. Dine ayallara gyzlara edepli bolmalymy? Mysal un dosduna ikilik etmeyan yigitler bar. Watan un janyny beryan yigitler bar. Birinin gunasini boyun alyp gidyanler bar. Senin yokarky sananlaryn edeplilik dal yaranjanlyk bolya
Alfonse
14 авг 2022, 22:07
Mümkin,
Hemmäňize ýazyp durar ýaly işsiz däl men. Umumy aýtdygym hasap edäý. Biri ölse senem öljekmi, biri penjireden bökdi diýip bökjekmi?? Haýsy biri erbetlik etdi diýip senem edip ýörjek. Diňe gowy zat etmeli başarsaň!!
Nazar
14 авг 2022, 22:15
Mahym sanada dusuner yaly dal :)
Bir gorseñ edepsiz oglanlar bir gorden edepli oglanlar
Serdar
14 авг 2022, 23:09
Temañ adyny "Meñ pikirlerimdäki jentilmen" diýip üýtget.
reSSs..
15 авг 2022, 00:56
Hut şeýle oglanlar gabat gelipdi gyzlar käbirleriñize, ýöne olaram gömdiñiz siz. Bagyşlañ welin..

Bar, mundan soñam bolar elbet. Aldamañ ýöne haýyş şolary
DonMaxx
15 авг 2022, 01:30
wakgish dashetsin hichisem mana degishli dal??
Durmush
15 авг 2022, 07:23
Dogry bolsun ýalňyş bolsun kellä geleni ýazyk gitdip otyrsyňaý