Çöldaki kowulan eşek bilen öýdaki eşegiň telefon gepleşigi

-----Alýo, eşek gardaşym,
Ýagdaýlaryň niçikdir?
-----Sen sorama, jan dostum,
Eýäm menden geçipdir.

,, Garrap, işe ýaraňok"
Diýip, kowdy öýünden.
Indem çykyp bilemak
Bu horlugyň teýinden.

On~onki ýyl hyzmatyn,
Kemin goýman, bitirdim.
Mallaryna ot daşap,
Içjek suwun getirdim.

Ynha, indem eýämden
Alan paýym beýewan.
Çöl ýeriň ne oty bar,
Ne üstüme saýawan.

Seniň halyň oňatdyr
Hojaýynyň elinde.
-----Haý gardaşym, gowydyr
Mundan ýowuz ölüm-de!

Bir imansyz gassaba
Meni satjak bolup ýör.
,, Sygyr eti"diýp gassap
Halky ütjek bolup ýör.

Hoş gal onda, gardaşym,
Men dünýäden gitmeli.
Haram etim, bialaç,
Halal ete gatmaly.
Ak bazarda ol gassap
,, Mal eti" diýp satmaly.

Diriligňe şükür et,
Şükür et-de, pikir et.

G~Ý ýa-da Ş~A
10 лайков 262 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdylla36
03 мар 2023, 19:59
Nyşanany dogurlap urupsyň,Ýusupahmet
#B.S
03 мар 2023, 20:48
Şeýle harram adamlar barda...
Hiayress21
03 мар 2023, 20:57
Soňky döwür köpeldaý eşegiň etinden zat ýasap satýanlar.
Hiayress21
03 мар 2023, 21:01
Ýöne, goşgydaky erkinlige çykan eşegiň zeýrenjine düşünmedim. Çöl-beýewanlyk bu eşekleriň tebigaty. Olar garnyny doýuryp bilse, yssydanam, sowukdanam gorkýan haýwan däl. Çölde-de ýene-de daňylgy durup, çöp gemirendenä gowydyr. Intäk, öýdeçil eşegiň eşek ýaly münülýänini, haram haýwan halanylman köp ýenjilýänini hasap etmeseň. Ýagny, goşgy iki eşegiň dilinden alnyp ýazylmadyk goşgydygy bildirýä.))
#B.S
03 мар 2023, 21:13
Hiayress99,
Aýskuňa seretsene