Göz maşklary?

GÖZÜŇ ÝADAWLYGYNY AÝYRÝAN MAŞKLAR

Gözleriň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýän maşklar toplumy hemme adamlar üçin zerur bolup, olar mekdep okuwçylaryndan başlap, kompýuter bilen köp işleýän adamlar üçin has­-da peýdalydyr.
Göz keselleriniň öňüni almak üçin günüň dowamynda okuwçylar ulular ýaly okuw sapaklaryndan daşgary köpräk arassa howada gezelenç etmekleri, göwnüňi açyjy dynç alyş, dogry iýmitlenmek ýaly toplumlaýyn çäreleri dogry guramaklary zerurdyr. Bu çäreler dogry guralanda çagalaryň özüni duýşuna, nerw rahatlygyna, ösüşine, şol sanda göz synasynyň ösüşine hem dogry täsiredýändir.
Yzygiderli ýerine ýetirilýän göz ulgamyny gowulandyrýan maşklar toplumy, beden synalarynyň, kelle beýniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrar, hereketsizlikden döreýän kesellerden gorar. Gözlere aram-aram dynç bermeseň, uzagyndan gözler gyzarýar, ýaşarýar, soň bolsa olaryň ýiti görüjiligi peselýär. Maşklar toplumyny gözüň agyr keselleri bolan adamlara ýerine ýetirmek maslahat berilmeýär. Bu zatlardan goranmak isleseňiz, şu ýönekeý maşklary günde birnäçe gezek ýerine ýetirmegi maslahat berýäris.

1-nji MAŞK

Bu maşky ýerine ýetirmek üçin dogry oturmaly we elleriň aýasyny dogry goýmaly. Maşkyň ýerine ýetiriliş usuluny başdan dogry özleşdirilmese, ol özüniň peýdaly täsirini bermez. Oturgyçda dik oturyp, tirsegiňi stola diremeli, elleriňi gowşatmaly. Iki eliň barmaklary bilen gözüňi ýapmaly (aýalaryň goýluşy ters öwrülen «V» harpyny ýatlatmaly). Külembike barmaklaryň ke­sişýän ýerleri burnuň ýokarky tarapynda, aýalaryň çukurlary göz hanada bolmaly. Aladalary, gam-gussalary we biynjalyk edýän işleri wagtlaýynça ýatdan çykarmaly. Özüňi rahat duýmaly, dürli seslere üns bermejek bolmaly. Özüňi rahat duýanyňdan soň gözüňi ýummaly. 5 minutlap ýumup saklamaly, soňra açmaly.
Bu maşkyň dartgynlygy aýryjy täsiri uludyr. «Palming» diýip atlandyrylýan maşk diňe bir myşsalaryň gowşamagyna we gözüň dynç almagyna täsir etmän, şeýle hem kelle beýnidäki öýjükleriň işini gowulaşdyrýar, ol hem öz gezeginde görşi gowulandyrýar.

2-nji MAŞK

Bu maşky islendik ýagdaýda, ýataňda, dik durup, oturyp ýerine ýetirip bolýar. Özüňi rahat duýmaly we gözleriňi ýummaly. Burnuň ujuny ýazmaga mümkinçiligi bolan «galam» diýip hasaplamaly we howada dürli harplary, atlary ýazmaly. Bu maşkda boýun oňurganyň myşsalary hereket edip, bedeniň dartgynlylygy aýrylyp gan aýlanyşy işjeňleşýär.

3-nji MAŞK

Gözlerden dartgynlylygy aýyrmak üçin şu maşk has-da peýdalydyr. Maşky islendik ýagdaýda ýerine ýetirmäge rugsat berilýär. Elleri tirsekden epmeli we aýalary gözüňden azrak aşakda saklamaly. Barmaklary ýazmaly. Kelläňi saga-çepe öwrüp barmaklaryň özlerine däl­-de arasyndan, daşa seretmeli. Eger-de ähli şertler dogry ýerine ýetirilse, eller hereketlenýän ýaly bolmaly. Gözleri üç gezek açyp we üç gezek ýumup kelläni hereketlendirmeli. Maşky 20-30 gezek demiňi arkaýyn alyp, rahat ýagdaýda ýerine ýetirmeli.

4-nji MAŞK

Görşi gowy ýagdaýda saklamaga ýardam edýän bu maşk ýerine ýetirilende oňurgany göneltmeli, dik ýagdaýda bolmaly. Özüňi rahat duýmaly. Gözüň deňinde 25-­30 sm aralykda barmagyň durmaly. Ilki barmagyňa, soňra göni, daşa seretmeli, eger­de penjire bar bolsa şoňa, bolmasa-da diwara seretmeli. Ünsüňi gözleriňde hiç hili darykman saklajak bolmaly. Maşky 20­-30 gezek gaýtalamaly.

5-nji MAŞK

Uludan we haýaldan demiňi almaly. Özüňi rahat ýagdaýda duýmaly we iki gaşyň merkezine seretmeli we şol ýagdaýda birnäçe sekuntlap saklamaly. Ýuwaşlyk bilen demiňi goýberip, gözleri başlangyç ýagdaýa getirmeli we birnäçe sekuntlap gözleriňi ýummaly. Maşky 5 gezek gaýtalamaly.

6-njy MAŞK

Uludan dem alyp, burnuň ujuna seredip, birnäçe sekuntlap saklanmaly we demiňi goýbermeli, soňra gözleriňi öňki ýagdaýyňa getirmeli. Maşky ýerine ýetirip bolandan soň, gözleriňi biraz wagt ýummaly. Maşky 5 gezek ýerine ýetirmeli.

7-nji MAŞK

Uludan dem almaly, ýuwaşlyk bilen demiňi goýbermeli we gözleriňi sag tarapa öwürmeli. Demalyp, gözleriňi öňki ýagdaýyna getirmeli. Edil şeýle maşky çep tarapa seredip hem ýerine ýetirmeli. Maşky ýerine ýetireniňden soň gözleriňi birnäçe sekuntlap ýu­mup saklamaly we 5 gezek gaýtalamaly.

8-nji MAŞK

Demiňi alyp, ýokarky çep burça seretmeli (takmynan wertikaldan 45°) we saklanman, gözleriňi öňki ýagdaýyna getirmeli we aşaky sag burça seretmeli. Soňra ýokarky sag burça, aşaky çep burça seretmeli. Maşky ýerine ýetireniňden soň gözleriňi birnäçe sekuntlap ýummaly. Şeýle maşky çep ýokarky burça seredip başlamaly we 5 gezek ýerine ýetirmeli.

9-njy MAŞK

Gözleriňi haýaldan sagat diliniň ugruna aýlamaly. Uzak wagt saklanman ikinji aýlawa başlamaly. Soňra maşky, gözleriňi sagat diliniň garşysyna tarap aýlamaly. Her maşky 5 gezek gaýtalamaly.
Maşklaryň toplumyny ýerine ýetirip bolanyňdan soňra ýene 1-nji maşk bilen jemlemeli. Ony 3 minutyň dowamynda ýerine ýetirmeli.
2 лайков 414 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
Автор 18 окт 2021, 00:28
Aynur sen gozum agyrya diyenin ucin su blogy yazdym yazyan , oka we yerine yetir gozun agyrsa mugallym okamuny goja
Aýnur
18 окт 2021, 00:30
sᴛᴀᴛᴇ,
Sag bol Döwlet drug özi gerekdi gaty gorkup göz agyram yatdan çykda...
Döwlet Şöhradow
Автор 18 окт 2021, 00:31
Bas ustune shlyapa
Merjen
18 окт 2021, 00:32
zrenyan pes bolsa nm eteli kim bilya
Merdan
18 окт 2021, 00:35
Medine_Atayeva,
Äýnek dakmaly
Merjen
18 окт 2021, 00:35
MerdanGeldiyevv,
dakdym son ayyrdym
Merdan
18 окт 2021, 00:36
Medine_Atayeva,
Nm üçin aýyrdyň?
Merjen
18 окт 2021, 00:38
MerdanGeldiyevv,
yadadym nirak gitsem dakyp gitmeli
Merdan
18 окт 2021, 00:38
sᴛᴀᴛᴇ,
Dosdum bulary etmän, instagramdaky akauntlarda açylýara Hany onda göze razmika bereliň? diýip şol wideolary göräýmeli ekeniň?
Merdan
18 окт 2021, 00:40
Medine_Atayeva,
Bir zat edeňde çydajak bolma, sebäbi uzak gitmez
Şonuň üçin öwrenişjek bol, soň aýyrasyňam gelmez. Öwrenişmek üçin diňe gowy taraplaryny pikirlen
Merjen
18 окт 2021, 00:41
MerdanGeldiyevv,
oki sagbol maslahatyn un
Döwlet Şöhradow
Автор 18 окт 2021, 00:42
MerdanGeldiyevv,
Heh o nayli vidyo mena goremyok ony :)
Merdan
18 окт 2021, 00:46
Medine_Atayeva,
Peýdasy degse bolýa
Merdan
18 окт 2021, 00:47
sᴛᴀᴛᴇ,
Aý meni masgara etdiňaý, insta gireýin saňa ugratjak
Döwlet Şöhradow
Автор 18 окт 2021, 00:53
MerdanGeldiyevv,
Aha, son guk diy