Yslamy Sowallar

Eger garşy bolmasaňyz mukaddes päk dinimiz Yslam hakynda, yslam taryhy, yslam dinindäki borçlar (parz,wajyp,sünnet) hakynda kiçiräk sowalnama düzdim. Geliň özümizde test geçirip göreliň, dinimizi nä derejede bilýärkäk...


1. Yslam taryhynda birinji 'tarawa' namazyny başlap beren şahs kim?

2. Pygamberimiz Muhammet (sallallahu aleyhi we sellem) hadyslarynda aýdylşyça "Özi halal, ýöne Allatagalnyň iň ýaman görýän zady" näme?

3. Jemagat bolup okalan namaz, ýalňyz okalan namazdan näçe dereje üstün?

4. Yslam taryhynda birinji bolup ymamlara we azançylara aýlyk hakyny bellän şahs kim?

5. Hijri-Kamary ýyl hasabynyň birinji aýy haýsy?

6. Doga okalanda 'Ämin' (Omyn) diýmeklik haýsy pygamberden galan?

7. Nuh pygamberiň gämisini togtadan dagyň ady näme?

8. Yslam äleminde iň köp jynazasyna adam ýygnanan (1.000.000-den artyk) ynsan kim?

9. Dört Halyfanyň içinde iň baýy kimdi?

10. Öz zamanynda Yslam kuwwaty bolup tanalan şäher haýsy?

10 лайков 425 просмотров
38комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
arkac
02 фев 2022, 23:18
7) "Derýa galkyp, howa uçdy,
Köpüginden ýere düşdi,
Ýetmiş günde Nuhuñ kişti,
Junud dagyna ýetişdi."

Magtymguly işan
Suleyman
Автор 03 фев 2022, 08:16
Цитата: arkac
10) mumkin Bagdatdyr


Bagdat hem bolup biler, ýöne ondan hem ylymyň has ösen şäheri BUHARA. Buharada yslam ylymynyň ösüşi ýaly ondan öň hiç bir ülkede, şäherde beýle bolmandyr.
Suleyman
Автор 03 фев 2022, 08:17
Цитата: arkac
7) "Derýa galkyp, howa uçdy,
Köpüginden ýere düşdi,
Ýetmiş günde Nuhuñ kişti,
Junud dagyna ýetişdi."

Magtymguly işan



Bu jogabyň dogry. Käbir rowaýatlarda Juriy hem diýilýär. Ýöne ikisem dogry.
Suleyman
Автор 03 фев 2022, 08:22
Цитата: arkac
6) Adam a.s


Ýok Adam aleyhissalam däl. Adam a.s-dan ýalňyşmasam namazdaky 'Subhaneke" dogasy rowaýat edilip galypdyr diýilýär.
Ilkinji 'Ämin' sözüni Musa pygamberiň dogany Harundan galypdyr. Musa a.s doga edip duranda Harun pygamber gapdalynda Ämin diýip durar eken.


Jogaplaryň üçin sagbol.
Suleyman
Автор 03 фев 2022, 08:28
8-nji soragyň jogabyny özüm aýdaýyn.

Jynazasyna iň köp adam gatnaşan ynsan Ymam Bin Ahmed Hanbeli (4 mezhebiň biri).


Gatnaşanlardan hemmäňizden Alla razy bolsun. Allatagala bilmeýänlerimizi bilip, bilýänlerimizede amal etmekligi nesip eýlesin.
Caspian
03 фев 2022, 17:54
Sagbolun , berekella awtorada gatnashanlarada , Rejep ayin bashlamagy bilen mowzuk yerine dushupdir.
Maksat
03 фев 2022, 18:52
Berekella tema köp zat öwretdi, ýetireniňize sagbol.
Bentner
03 фев 2022, 20:32
Like, dowamy kop bolsun bilmeyan zatlarymyzy owrendik