Seniñ nazaryñda poeziýa

Salam hormatly poeziýa muşdagy!
Seniñ bilen poeziýa barada tegelek stoluñ başynda bolmasa-da,tegelek saýtyñ başynda pikir alyşaly :)
Bu gün poeziýany seniñ nazaryñdan synlamakçy.Munuñ üçin aşakdaky sowallara jogap bermegiñi haýyş edýärin:

1.Seniñ üçin poeziýa näme?
2.18-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
3.20-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
4.Döwürdeş şahyrlardan kimleri okaýarsyñ?
5.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñ arasynda iñ lezzet alanyñ haýsysy?
6.Eger-de söýen kişiñe söýgiñi aýan etmek üçin bir goşgy saýlasañ bu haýsy goşgy bolardy?
7.Eger-de saña bir şahyr bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligi berseler kimi saýlardyñ?
8.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñda gabat gelen kapyýalaryñ arasynda iñ haýran galdyrany haýsydy?
9.Okan şygyrlaryñda gabat gelen iñ delje tapyndyñ we meñzetmäñ haýsysy?
10.Gel,seniñ ýazmaga bolan ukybyñy barlaly.Şu setiriñ yzyny dowam et:
"Maña gül getirme,
getirme hergiz..."

Ine,soraglarym we haýyşym şulardan ybarat.Onda näme,söz senden.
10 лайков 686 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
21 июн 2022, 16:20
Granger,
Daňan kim onda
Harmony
21 июн 2022, 16:22
şoşo
Granger,
Daňan kim onda

"Ýazýanlardan" soraýyň!
Ötegçi
21 июн 2022, 16:36
şoşo,
Çözüp başarana dañmakda: no problemdirlaý agam ;D (öwüneñde şeýdip öwünäýseñ:))
Belki
Автор 21 июн 2022, 16:55
Ötegçi,
Hemmesini jogapladyñmy-aý bela ýaly bolup :))
Goşguñ gowja çykypdyr.Indi goşgy ýazyberseñem boljak sen.Ýöne "Alpen goldy" öñ goşgyda eşitmänimdenmi nämemi birhilijek boldum :)
Okyjylygyña berekella.Gowy setirler getiripsiñ.Seýitmyradyñ "Aw tory - Awtory" kapyýasyny menem şeýle hasap edýän.Pikirdeş ekenik.
şoşo,
"Bu wagtky şahyrlar pahyr şahyr"
Sag bol,tañryýalkasyn! :))
Belki
Автор 21 июн 2022, 17:01
Del kapyýalar diýeniñde ilki Seýitmyrat bilen Kakamyradyñ ady ýadyña düşýär.Iñ ýatda galany şu bolsa gerek:

Arzuwlara ýetip biler öýderdim
Başarsa ýürekden söýüp bir adam
Eger-de dokuzy düz bolan bolsa
Bir goşgam ýazmazdy Seýitmyradam.

(S.Geldiýew)

...Ýazgar meni ha erksiz,ha ýöwsel diý
Ýöne sen bagyşla bagyşlap bilseñ
Başyñ aýlan bu owadan dünýäde
Diñe bagtly bolunýandyr öýdenmi

(K.Rejebow)

Gurbannazary ýatdan çykarmak bolmaz:
...Ýogsam,düýn ýüregin,beýnisin ezip
Täze-täze rifma gözlände bolsa
Bu gün sadañ gözleginde Ezizow.
Ötegçi
21 июн 2022, 17:15
Belki,
Siz sorag berersiñizde(olam poezýa hakda bolsa) jogaplaman bolarmy jora:)
Ýöne "Alpen goldy" öñ goşgyda eşitmänimdenmi nämemi birhilijek boldum :) ýazybersem birhiljek edibilermikäm diýýän. Ýazybilemok ýone. Duýguçyllygym ýok. Nobatgulyñky, Seýitmyradyñky, Sapañky, Mahymyñky ýaly adymy getiresim gelýä bir gün goşgy ýazyp bilsem(içigaragalmyş, illeñki ýaly üýtgeşik adymyzam bolmannyrgy)
*
Bir gezek bir ýerde myhmançylykdakam, bir kitap gapyñ çüñkine gysdyrlypyr(gapy ýapylmaz ýaly, köneki gapylar) birhili bolyp gitdi içimde bir zat. Agabaýew! Soradym. Al-al! Diýdiler. Agabaýewdenem beter gynanan ýerim merhum kakalaryndan galan kitap eken. Merhumdan galan mirasam bolsa eýe çykan bolmandyr. (Poeziýa hakda gürriñ bolansoñ. Ýokarda da Agabaýewi ýatlamagy unudamsoñ, utanjyma ýazaýdym)
Belki
Автор 21 июн 2022, 17:26
Ötegçi,
Hiç kimiñem ady üýtgeşik däl.Goşgy diýlen zat jadyly bolansoñ delje setiriñ içinde getiribilseñ üýtgeşik eşdilýär.
Ýaz hökman.Bäsleşik işini nätdiñ?
Meniñem babamdan galan kitaplar bar.Ýöne kiçikäm gadryny bilmedim.Ýagyşda ýatan ýerlerem boldy.Soñ elbetde çöpläp-çöpläp öýe getirdim. Alty perzendiniñ,alty agtygynyñ arasyndan menden başga eýe çykan bolmady kitaplara.Diñe ýeke daýzam bilýärdi gadryny.Olam göçenimizde "Senden başga gadryny biljek ýok" diýip maña beripdi.Elbetde,heziller edinip aldym.
Ötegçi
21 июн 2022, 18:27
Bäsleşik diyip içimi ýakma. Epoçtam ýok. Goşgymam bor bolgusyzrak. Firmaly tanyşlam bar. Olara da heniz birzat diymage çekinýan. 25ine cenli maý bar dp işler bn başagaý bolan bolup 21ne gelipdirin... belki bir zat ýetişdirerin. Tanyşlañ biriniñ poctasy bnem ugradaýmasam...
Belki
Автор 21 июн 2022, 18:36
Ötegçi,
Juda ugratdyrmaga adam tapmasañ maña ýüz tutaý.Poçtañ nädip ýok bolýanyna-da haýran men-ä.
Ötegçi
21 июн 2022, 18:44
Belki,bolýa sagaman yazayyn.
Telefonymda play market, you tube, tik tok, imo Shareitiñ soñky wersiýalary, chrome brawzeri, email, imo(iñ bagrymy ýakýanam şu) işlänok. 2014daki Opera mobilden skacat edip bilyan diñe metbugatyñam zatlaryny. Onam okap bolanok. Fleska oklap(onda da ya tel ocya koplenç yada fleska islanok) okaýan....

biliberda onsañ ýagdaýymy. Dinozawrlar eýýäminiñ telefony. 2 bolup ulanmaly bolýas. 2 bolup taze telefona eslije pul ýygnadyk. Ussini gazansak (tvi dagy utaýsam satyp ussini dolaryn burun ) tazejesini alarsda nesip bolsa. Ýagy, karopkasy pakedi bn nesip bolsa arak

Yagdayym indi duşnikli bolandyr dp umyt edyan. cilimkesh
Ötegçi
21 июн 2022, 18:45
Şonda telefonumyñ(myzyñ) şanyna gowy ýazgy ýazjagawara
Ötegçi
21 июн 2022, 19:01
Tmcarsam islanok. Bir zadymyzy satjak bolduk 5milyona alp gitdiler. Tmcarsa 10-15 milyon aralyk diýdiler soñ. Arzan alybam pulyny 20 gun boldy getirenok. Biziñem gun sanap oturşymyz :/ internetsizligiñ zyýany hosh
Belki
Автор 21 июн 2022, 19:15
Ötegçi,
Waheý. :(
Ötegçi
21 июн 2022, 19:40
Belki, bu zatlar hiçle..ötegçi dertler...
Ötegçi
21 июн 2022, 19:41
Rahat Şyhyýewiñ: "Gözlerme ýelmeşdi oduñ şekili" setirniñ yzyny ýatlap bilman otyryn. Adamlañ arasynda da şo kellamde...
Garabufer
21 июн 2022, 20:16
Göwnimiň göwnine garaýan ýogaý wara.
Garabufer
21 июн 2022, 20:18
Ilki ýazsaň ilki jogap ýazylsa , bolmanda , aýry belläp jogaplansa ,
Ötegçi
21 июн 2022, 20:55
Bellapdira şoşo, agam. Belkiñki bellile mydam mgbaytdan zeyrenip yoren çagadyrda. Barde gowne alar yaly zat yoga
Öwreniji
22 июн 2022, 00:38
10. "Maňa gül getirme,
Getirme hergiz..."
Ýetik maňa, gül bezelen ýüregiň,
Ömür boýy dymmyp, dursamda....
Sensiz
Birje pursat, urmaz meniň ýüregim...
Beýleki soraglaryňa soň jogaplaryn