Geliň tanyşalyň?! Harby gullukdan öňki Merdan Geldiýew bilen...

Salam gadyrdanlar. Biraz arakesmeden soň köpiňizi gyzyklandyrýan sahypamyzy dowam edýäs. Bu gün saýtymyzyň raýat we harby durmuşyň aralygyndaky gyzyl çyzykda duran şadyýan agzasy Merdan Geldiýew bilen "Massimus production" söýgülisine bildirmejek bolup el telefonyna söýgülileriniň adyny "Atajan iş"-(Leýla), "Mämmet gullukdaş"-(Humaý), "Serdar dost"-(Gözel) diýip belläp şol oglanlaň ady bilen jaň gelende haýsy gyzyň jaň edýändigini şobada bilýän ýigitlerimiziň ýatkeşligini mundan beýlägem ösdürmek birleşigi söhbetdeşlik gurnar. Düzgünlerimiz şol öňki. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Harby gullugy nähili göz öňüne getirýäňiz? (Massimusyň harby gulluk hakyndaky blogyny okamadyňyzmy? Şony bir okamaweriň).
3. Söýgiliňiz harby gulluga gidýänligiňize nähili garaýar? Garaşmaga söz berdimi?
4. Gullukdan öňki durmuşyňyzda göwnüne degeniňiz üçin, ötünç soramak isleýän adamyňyz barmy?
5. Eger gulluga gyzlar gidýän bolanda söýgiliňizi ugradanyňyzda näme diýerdiňiz?
6. Söýgi näme?
7. Harby gullukdan soňky planlaryňyz?
8. Gyz bilen oglanyň arasynda dostluk bolup bilýärmi? Bilýän bolsa ol näçe wagt dowam edýär?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Saýtda iň halaýan we iň ýigrenýän agzaňyz kim?
11. Biziň ählimizi birleşdiren Islenen.site-a etjek arzuwlaryňyz?
12. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, ýeňil bolmadyk harby gullugyňyzda diňe üstünlikler arzuw edýärin, gullukdan sag-aman öý ojagyňyza "uniwersalnyý soldat" bolup gelmegiňizi arzuw edýärin!
13. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz!
6 лайков 418 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
21 июн 2022, 16:59
Aýtman diýmän bu gün gidiberdimikä gulluga?))
Merdan
21 июн 2022, 17:47
Şu gün agşam menem mowzuk açyp hoşlaşyp gideýin diýjekdim, seň mowzugyň gowy bolaýdy Massimus. Köp sag bol sps
Merdan
21 июн 2022, 17:47
Mona Songz,
Esasanam sen Mona, meň aladamy edip ýatlapsyň, köp sag bol ?
Merdan
21 июн 2022, 17:50
1) Merdan Geldiýew 2004-nji ýylda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda doguldym, henizem şol ýerde ýaşaýan. Okuwy gutaryp, indi 23ine gulluga barýan. Halaýan zatlarym futbol oýnamak, göreş tutmak, aýdym diňlemek we esasanam saýtda biraz hem bolsa wagt geçirmek :)
Merdan
21 июн 2022, 17:52
2) Harby gullugy başdaky 6 aýynda birazajyk kösenermikäm diýýän, öwrenişýänçäm wagt gerek. Galanynam baramsoň görerinle :)
Heniza okamadym ol gulluk hakdaky mowzugy, indi okama diýilensoň gidip hökman okaryn menem obaly
Merdan
21 июн 2022, 18:02
3) Dogrusyny aýtsam hiç hili söýgülim ýok, hiç hili gyza söz hem aýdyp göremmok şu wagta çenli. Käbiriňiz loh ýada gulak diýmegiňizem mümkin, ýöne heniz özüm ýalyny tapammok realda. Indi gullukda gözläp göräýmesem?
Merdan
21 июн 2022, 18:03
4) Aý ýok bolaýmasa, kim bn sögüşsem derrew ýene öňküsi ýaly bolýana men
Merdan
21 июн 2022, 18:04
5) "Hökman garaşaryn saňa söýgülim! Seň ýeriňe men gitmeli ekenim" diýerdim obaly
Merdan
21 июн 2022, 18:05
6) Söýgi - ynanmak, biri biriňi tamamlamak, jübüt bolmagy başarmak
Merdan
21 июн 2022, 18:06
7) Göni gullugy gutaran badyma daşary ýurda okuwa gitjek
Merdan
21 июн 2022, 18:07
8) Iň gowy dostluk gyz bn oglanyň arasyndaky dostluk, dostlaryň özüne bagly, eger isleseler hemişe hem bolup bilýä
Merdan
21 июн 2022, 18:08
9) Hormatly agzalar özüňize gowuja serediň, ýöne 5minutlyk gelip wagt geçirýän wertual dünýäňizde biderek biri biriň göwnüne degmäň, goň boluň fenli
Harmony
21 июн 2022, 18:12
"Massimus production" söýgülisine bildirmejek bolup el telefonyna söýgülileriniň adyny "Atajan iş"-(Leýla), "Mämmet gullukdaş"-(Humaý), "Serdar dost"-(Gözel) diýip belläp şol oglanlaň ady bilen jaň gelende haýsy gyzyň jaň edýändigini şobada bilýän ýigitlerimiziň ýatkeşligini mundan beýlägem ösdürmek birleşigi söhbetdeşlik gurnar.

"Eýsem nä beýtseňem bolýamy" diýýä Mulanda. elektrik
Merdan
21 июн 2022, 18:14
10) Iň halaýan agzalarym köp, ýöne iň ýigrenýän agzama ýok. Ýöne esasan özüme iň ýakyn adamlarym Xyivenia, MonaSongz we Ejegyz
Merdan
21 июн 2022, 18:17
Ilki talyplarda başladym, mundan 1-2 ýyl öň, ilki gelen badyma başga mekdebe geçip täze gelen okuwçy ýalydym, indi bolsa talyplar, islenen äe başgada ençeme saýt öýümiz ýaly bolup gitdi, şular ýaly saýtlary döreden adminlere uly sag bolsun aýdýan, belki ýene 2 ýyldan soň hem saýt açyk bolar, bizem önküje nikimiz bilen dowam ederis yazyan
Harmony
21 июн 2022, 18:17
Sagaman geçiriň gullygyňyzy. Sag-salamat öýňüze, maşgalaňyza dolanyň.
Merdan
21 июн 2022, 18:17
12) Köp sag boluň sps
Soho
21 июн 2022, 18:18
Indi gullukda gözläp göräýmesem?

Gulluk 3-4 yyl dagy bolaysa, gorkaymaly...
XYIVENIA
21 июн 2022, 18:18
MerdanGeldiyevv
Ilki talyplarda başladym, mundan 1-2 ýyl öň, ilki gelen badyma başga mekdebe geçip täze gelen okuwçy ýalydym, indi bolsa talyplar, islenen äe başgada ençeme saýt öýümiz ýaly bolup gitdi, şular ýaly saýtlary döreden adminlere uly sag bolsun aýdýan, belki ýene 2 ýyldan soň hem saýt açyk bolar, bizem önküje nikimiz bilen dowam ederis yazyan

Köne agzalar bolup nesip bolsa
XYIVENIA
21 июн 2022, 18:18
MerdanGeldiyevv
5) "Hökman garaşaryn saňa söýgülim! Seň ýeriňe men gitmeli ekenim" diýerdim obaly

???
Pegas
21 июн 2022, 18:22
Soho
Indi gullukda gözläp göräýmesem?

Gulluk 3-4 yyl dagy bolaysa, gorkaymaly...

?
Merdan
21 июн 2022, 18:22
Granger,
Köp sag boluň :)
Merdan
21 июн 2022, 18:24
MerdanGeldiyevv
9) Hormatly agzalar özüňize gowuja serediň, ýöne 5minutlyk gelip wagt geçirýän wertual dünýäňizde biderek biri biriň göwnüne degmäň, goň boluň fenli

*Giň boluň
Ötegçi
21 июн 2022, 18:47
MerdanGeldiyevv,
Pegasa golaýkeniñ! Ugur nira?!
Pegas
21 июн 2022, 19:19
Ötegçi
MerdanGeldiyevv,
Pegasa golaýkeniñ! Ugur nira?!

Obadaşym bu)
Ötegçi
21 июн 2022, 19:58
Pegas,
Şeý diýä, menem gazetdaki goşgulañ saýasynda öwrendim. Hany onda men bir gawy maslahat bereýin inime.
MerdanGeldiyevv, agañyñ gadryny bil! Peýdalanmagam başar:)
Ötegçi
21 июн 2022, 19:59
Gullugada sag gidip aman gel)
Aýnur
21 июн 2022, 20:34
MerdanGeldiyevv
Mona Songz,
Esasanam sen Mona, meň aladamy edip ýatlapsyň, köp sag bol ?

Ýookla eden zadyma ýok, ýöne göresimizä geler seni Wrest(Dollar) cilimkesh aglaya hosh
Aýnur
21 июн 2022, 20:35
MerdanGeldiyevv,
Saglygyň! Sag aman gidip gel gadyrdan dostum ?. Mužik oglan bolup gelersiňaý gulluga gitseň :))
Belki
21 июн 2022, 21:42
MerdanGeldiyevv,
Salam,jigim!Gullugyñy abraý bilen sowup,sag-amanja maşgalaña dolanyp gel! aglaya (birhili duýgylandym,aýyplaşma)