Edepsiz oglanlar

Salam. "O gyz eýle" "Bu gelin şeýle"mowzuklaryndan ýadamadyñyzmy? Men-ä ýadadym.Geliñ bu gün edepsiz oglanlar barada gürrüñ edeliñ.

1.Awtobusda nätanyş zenan maşgala ýakyn durmakdan (sypaýylaşdyryp aýdýan) lezzet alýan oglanlar.
2.Köçe ýolda-yzda gören nätanyş gyzlaryna "Balam"diýip ýürek bulaýan oglanlar.
3.Taksi hasap edip kireý puluny tölemek maksady bilen maşynyna münen gyz-geline başgaça niýet bilen garaýan oglanlar.
4.Häli-şindi agzyna paýyş söz alyp,şol sözleri diline alyp durmagy erkeklik hasap edýän oglanlar.
5.Gyzlara "söýýän" "köýýän"diýip olaryñ duýgulary bilen oýnap az wagtdan soñ daşlaşýan oglanlar
6.Özlerine dost hökmünde garaýan gyzlar bilen gepleşenlerinde gepi häli-şindi erotizme ýazdyryp,garşysyndaky gyzyñ erotizme bolan meýilliligini barlajak bolýan köpbilmişler.
7.Gyz-gelinlere her dürli (fiziki,jynsy,psihiki) zorluk edýän haram gylyklylar.
8.Öýde aýalynyñ,çagalarynyñ garaşyp oturandygyna garaman,iliñ ýaş gyzyna göz gyzdyrýan ar-namys duşmanlary.
9.Aýaly bilen sähel arasyna tow düşse ýumrugyna bat berýän aýalça ýoklar.
10.Gyzy mähir-muhabbet bilen yryp bilmän maşyna basyp alyp gaçýan nalajedeýinler.

Häzirlikçe ýadyma düşenler şular.Siz edepsiz oglanlar diýilse nähili oglanlary göz öñüne getirýärsiñiz?
17 лайков 1 514 просмотров
111комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 12:40
Victus,gyzlary ýamanlap kän mowzuk açyldy."Myžžygy çykan gyzlar" "şalowoý".Şuwadam ýokarda gelinler hakda mowzuk dur.
S❤
13 авг 2022, 12:40
Wiii unsem bermandirin

Bildim gerek seyledigini
#B.S
13 авг 2022, 12:40
Gauzen,
Name shahsy hat yazdynay dost okap bolanok
Soho
13 авг 2022, 12:41
bah okuwchy gyz... 127 mln... yasayamy puly?
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 12:41
Okuwça gyzda 127 million pul näme işläp ýör :))
S❤
13 авг 2022, 12:42
Ay yadyma dusup aydaydym. Yone munda gyz edepsiz bolya oytyan
S❤
13 авг 2022, 12:44
Agasynyn viza kartyna yygnan puly ekenda. Karty ogurlaya sonam jorasy gelip gidende sol alan bolaymasa diydirtya gorulip otursa soygulisne beryan eken
Soho
13 авг 2022, 12:44
oncha puly barka bir beynijigem alaymaly eken (zyyany degmezdi)
Aksary
13 авг 2022, 12:45
2.Köçe ýolda-yzda gören nätanyş gyzlaryna "Balam"diýip ýürek bulaýan oglanlar.

Öñürak(Gökdepede) şu yerde bolupdy .garaz meñ tanayanlarmyñ biri kafeleñ birinden 3 sany bolup peýan bolup cykyarlar.koceden 1 nätanyş ayal gecip barýarka yzyndan heşelle kakyarlar.ol zenanam olañ deñinden ötüp birine jañedipdir.ýañk üçiñ birini men doly tanayan diysemem boljak,onuña çep gulagy ýok ,beýlekilerini görmedim welin eştmişim boýunça kelleleriniñ ýarygyna el sokaýmaly edip gidipdirler.soñra ýalñyşmasam jerime känin tölan bolmaly şolar.
Gauzen
13 авг 2022, 12:48
Khanture
Gauzen,
Name shahsy hat yazdynay dost okap bolanok

Roman ;)
Gauzen
13 авг 2022, 12:48
Khanture
Gauzen,
Name shahsy hat yazdynay dost okap bolanok

Roman ;)
S❤
13 авг 2022, 12:48
Ejesi turkde mamasy dagy bn yasaya
Entegem hiczat bolmadyk yaly gaysaryp yor

Ol oglanam oz islegi bn berdi gyzyn ozi ogurlady dp sypdy yzyna kan tolemedi
Gauzen
13 авг 2022, 12:49
Khanture
Gauzen,
Name shahsy hat yazdynay dost okap bolanok

Roman ;)
Soho
13 авг 2022, 12:50
Sofiya hany mana disk ugradanokmy?
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 12:52
Gauzen jigim köşeşeweri.Mowzugyma girilmez ýaly edýäñ :)
#B.S
13 авг 2022, 12:52
Gauzen,
Ha boldy boldy bosh wagtym okarn :)
Gauzen
13 авг 2022, 12:52
Mümkin
Gauzen jigim köşeşeweri.Mowzugyma girilmez ýaly edýäñ :)

Saýt günäkär ;)
Dayanc
13 авг 2022, 12:57
5.Gyzlara "söýýän" "köýýän"diýip olaryñ duýgulary bilen oýnap az wagtdan soñ daşlaşýan oglanlar

Duygy oynalyan zatmy ha oglanlar naili siz oww??
Hiayress
13 авг 2022, 12:58
Şu wagt okap, haýranym hekgerip otyr, beýle oglanlaram bar eken diýip. Toba, toba, toba, daş etsin, tüfff, tüfff,tüfff... :))
Dayanc
13 авг 2022, 12:59
Hiayress,
Sen gyzmy
Hiayress
13 авг 2022, 13:03
Gozel gyzlan awcysy
Duygy oynalyan zatmy ha oglanlar naili siz oww??

Soňunda erkek boluň, indi şeýtmäýiňda, men çaga ynanjaňa diýmäniňede şükür.
S❤
13 авг 2022, 13:11
Yadymda yadymdan cykanok o. Yone pursadym yok
Victus
13 авг 2022, 13:17
Myzzygy cyksn oglanlara yadyma dysya
Saksofonist
13 авг 2022, 13:39
Mümkin,
Victus,gyzlary ýamanlap kän mowzuk açyldy."Myžžygy çykan gyzlar" "şalowoý".Şuwadam ýokarda gelinler hakda mowzuk dur.

Ol mowzugy okasyň gelmese zorluk ýokdur-a? Menem Siziň käbir "detskiý" mowzuklaryňyzy ýigrenýänim üçin görmedik bolup geçäýýän. Sizem şeýdäýiň. Men gyzlary, gelinleri günälämok, akylam beremok, ýöne öz pikirlerimi ýazýan. Maňa diýseňiz wapşe geýmän geziň. Ýöne maňa näme ýazmalydygymy öwretmäň. "Erbet" mowzuklardan ýadap ýazan "gowy" mowzugyňmy indi şu?
Aýnur
13 авг 2022, 13:44
12.Öňem nikasyz maşgala (okuwçy gyzy alyp) gurup, soň bolsa okuwçy gyzlary zaýalap ýörenler bihaýa haramzadalar.
Aýnur
13 авг 2022, 13:46
13. 2 sany gara göz çagajyklaryny, wepaly aýalyny, gezip ýören özlerine meňzeş birine çalyşýan 25 ýaşasada 5ýaşly çaganyň akyly bolmadyk akylsyzlar
Aýnur
13 авг 2022, 13:49
Saýtdaky oglanlar nämä ýanyp bişip , azara galyp disslike basyp ýöräý? Ýa özüňize çekdiňizmi joralar? :))
Gep eýesini tapar diýleni boldy bula))
Miss angel
13 авг 2022, 13:52
Turkmencilikde bir nakyl bar:''..... guyrugyny bulamasa,kopek yzyna dushmez'' diyip. Yolda yzda gyzlar goze ilginc yagdayda bolman,yuzuni yerden galdyrman yoresin hany haysy oglan zat dp bilyarka. Mena shu meselede 75% gyzy gunakarleyan
Victus
13 авг 2022, 13:53
Mona Songz
Saýtdaky oglanlar nämä ýanyp bişip , azara galyp disslike basyp ýöräý? Ýa özüňize çekdiňizmi joralar? :))
Gep eýesini tapar diýleni boldy bula))

Azara galamok arkayyn bol barmagmyn asagynda
Aýnur
13 авг 2022, 13:57
Victus
Mona Songz
Saýtdaky oglanlar nämä ýanyp bişip , azara galyp disslike basyp ýöräý? Ýa özüňize çekdiňizmi joralar? :))
Gep eýesini tapar diýleni boldy bula))

Azara galamok arkayyn bol barmagmyn asagynda

Nämä disklike basyp otyranyňa düşünemok?? Bir ýeriňize batdymy ýa ýazanym? Batanam bolsa ötünç soraýan! :)