Edepsiz oglanlar

Salam. "O gyz eýle" "Bu gelin şeýle"mowzuklaryndan ýadamadyñyzmy? Men-ä ýadadym.Geliñ bu gün edepsiz oglanlar barada gürrüñ edeliñ.

1.Awtobusda nätanyş zenan maşgala ýakyn durmakdan (sypaýylaşdyryp aýdýan) lezzet alýan oglanlar.
2.Köçe ýolda-yzda gören nätanyş gyzlaryna "Balam"diýip ýürek bulaýan oglanlar.
3.Taksi hasap edip kireý puluny tölemek maksady bilen maşynyna münen gyz-geline başgaça niýet bilen garaýan oglanlar.
4.Häli-şindi agzyna paýyş söz alyp,şol sözleri diline alyp durmagy erkeklik hasap edýän oglanlar.
5.Gyzlara "söýýän" "köýýän"diýip olaryñ duýgulary bilen oýnap az wagtdan soñ daşlaşýan oglanlar
6.Özlerine dost hökmünde garaýan gyzlar bilen gepleşenlerinde gepi häli-şindi erotizme ýazdyryp,garşysyndaky gyzyñ erotizme bolan meýilliligini barlajak bolýan köpbilmişler.
7.Gyz-gelinlere her dürli (fiziki,jynsy,psihiki) zorluk edýän haram gylyklylar.
8.Öýde aýalynyñ,çagalarynyñ garaşyp oturandygyna garaman,iliñ ýaş gyzyna göz gyzdyrýan ar-namys duşmanlary.
9.Aýaly bilen sähel arasyna tow düşse ýumrugyna bat berýän aýalça ýoklar.
10.Gyzy mähir-muhabbet bilen yryp bilmän maşyna basyp alyp gaçýan nalajedeýinler.

Häzirlikçe ýadyma düşenler şular.Siz edepsiz oglanlar diýilse nähili oglanlary göz öñüne getirýärsiñiz?
17 лайков 1 514 просмотров
111комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Victus
13 авг 2022, 14:04
Dogry zada like yalan zada...
Victus
13 авг 2022, 14:04
Menda seyle
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 14:04
Massimus,detskiý diýseñizläñ.Haýsylaryka olar?
Men size näme ýazmalydygyny öwretjek bolamok.
Howwa,erbet mowzuklardan ýadap açan gowy mowzugym şu.Has dogrusy,gyz-gelinleri tankytlaýanlara ody özlerine bassañ neneñsi bolýandygyny görkezesim geldi.
Yusup
13 авг 2022, 14:09
Entegem sizin halk maslahatyna chagyrylmayanlygynyza shukur edyan
DonMaxx
13 авг 2022, 14:12
Mümkin,
Gyzlar akja juyjemi onna obaly
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 14:13
Miss angel,gyzlar başyny aşak salyp gezse habar gatylmaz diýipsiñ.Hut öz durmuşymdan mysal:
Mundan 5-6 ýyl öñ mekdep okuwçysy döwürlerimde çakyr zawodda işläpdim.Bir günem agşamara sagat sekizlerde işden gelýän.Egnimde öýde geýýän haladym,saçym ýygnalgy,(hüžžerip gidendir-läý),ýüzümde makýaj ýene ýok.Üýtgeşik ünsi çekiji keşbimem ýok.Ýüzümem ýerden galdyramok.
Añyrdan gelýän bir maşyn deñäme ýetende ýuwaşady.Içindäki oglan "Münjekmi" "Geläýdä" "Münäýdä"diýmäge başlady.Ýüregim gopdy.Ikini islemez ýaly jogap beresim geldi.Ýöne bu birden öjügäýse töweregimde haraý islejek adamym ýok diýip pikir edip hiç zat diýmedim.Ýöremegimi dowam etdim.Ýañky ýene bir ýola togtap ýalbaranyndan soñ gitmek bilen boldy.Ýöne şol ýagdaý psihikamdaky iñ ýaramaz urgulardan biri boldy.Özem bu şeýle edepsizliklerden ýekeje mysal.
Diýmek,haýsydyr bir edepsiz sözi eşitmegimiz üçin biziñ bezenip beslenmegimiz,göz gaş kakmagymyz derkar däl eken hormatly Mis angel.
Birem geñ galýan,zenan maşgalamy siz? Zenan maşgala bu zatlara men aýtmamda-da belet bolmaly ahyry.
Kleopatra
13 авг 2022, 14:15
Doygunow shu akyl nakyllardan.Hazir shularyn birine sho hereketi edyan geliniň (erkegiň) yuzune ayt diy dazanaklashyp galjagny bilyan.Hamala dunyaň derdi size dushen yaly.Elinizden gelse dunyani cowrunde ayagyňyza geyiňsene.Shu hereketler yyllar boyy bar hic kim duzetmedi duzetmeyarem duzelmezem.Her kim ozuni duzetsin ilki "Ilki ozun duzetgil sonra ozga soz etgil"(dogry yazdym oytyan)Baryň ondana gidiňde Hemedan akga uzum yygnashyn Anil aga goyun bakmaga komek edin
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 14:19
Kleopatra,diýdiñ gutardy :))
Kleopatra
13 авг 2022, 14:19
Hiayress
Şu wagt okap, haýranym hekgerip otyr, beýle oglanlaram bar eken diýip. Toba, toba, toba, daş etsin, tüfff, tüfff,tüfff... :))

Sen olaryn birisine degishli dal bu mowzuga girme sen beyniňi bular bu pikirler cyk bol calt))
Victus
13 авг 2022, 14:22
Mümkin,
Wirtuwalda olar yaly zat bolonoga. Onnanam bular yaly oglanlar islenene girenok yagny sular yaly mowzuk acmagyn manysy yok
Saksofonist
13 авг 2022, 14:31
Mümkin,
Has dogrusy,gyz-gelinleri tankytlaýanlara ody özlerine bassañ neneñsi bolýandygyny görkezesim geldi.

Gyzlaryňam, erkekleriňem gowusam bardyr erbedem, gyzlar ýaramaz, oglanlar ak jüýje diýmedim, mowzugy täzeden okasaň belki düşünersiňem. Ol-a dar geýinmek eken, gönüläp özüni teklip edýän gelinlerem gabat gelýär kämahal. Ýöne 5 sany azaşan diýip hemmäni beýle diýip biljek däl. Siz meň ýazanlaryma hormat goýmaga borçly däl, ýöne bir söz bilen şular ýaly mowzukdan ýadadym diýmäge hakyňyz ýokmuka diýýän.
Hiayress
13 авг 2022, 14:44
Saksofonist,
Düýnki halypaňy bu gün ýaman ýowuz daraýaňaý. :))
Soho
13 авг 2022, 14:52
shagirt halypadan ozdurmasa kar yiter
Saksofonist
13 авг 2022, 14:53
Hiayress,
Düýnki halypaňy bu gün ýaman ýowuz daraýaňaý. :)

Ýok, ol bu günem, ertirem halypam, ýöne göwnüme degenini bildiresim geldi
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 14:58
Victus,bular ýaly oglanlaryñ islenene girmeýändigini nädip bilýäñiz? Ýa islenendäki ähli oglanlary añryýany bilen tanaýañmy?
Massimus,howwa,hemmesi deñ däl,siz gelinleriñ ýaramazyny mowzuk edip açyşyñyz ýaly menem oglanlaryñ ýaramazyny mowzuk edip açdym.Ýadadym diýip bilerin edil şonuñ ýaly sizem meñ mowzuklarym hakda ýadadym diýip bilersiñiz.Onça-munça tankyda çydamajak bolsak,ikimizem mowzuk açmalyñ.Başdaky soranlaryma jogap bermänsiñiz.
Hiayress,uruş tapsañ çörek iýeñok gerek? :) Ýa çöregiñ ýany bilen synlamak gyzykly bolýarmy? :)
Saksofonist
13 авг 2022, 15:09
Mümkin,
Towuklar baradaky mowzuklardan ýadadym diýip horazlar barada mowzuk açypsyňyzda. Seň ýazanlaryňdan ýadadym diýmek bu eýýäm tankyt däl, bu hormatsyzlyk, äsgermezlik diýip düşünýän men-ä. Ýadan mowzuklaryňyzy okaman geçäýmeli, akyllysyrap ýörmäni.
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 15:23
Massimus,bor-da agam,näme diýeýin.Garaz siz menden uly.Şoñ hormatyna göwnüñize degen bolsam ötünç sorap,temany ýapmagy teklip edýän.
Adamlar,şahsy hatym işlänok.
@Cralice gyz,salam.Üç gezek dagyn salam diýip ýazypsyñ.Isleseñ şahsyma nomeriñi goý,imodan dob edeýin.Başga dürli habarlaşmagyñ ýoluny bilemok.Jogap bermesemem ulumsylyk edýän ýaly.
@Elif haýsy teswiri göz öñünde tutýanyña düşûnmedim.Şol teswiri ýa da mazmunyny ugradaý şahsyma.
Saksofonist
13 авг 2022, 15:30
Mümkin,
Halypam bolanyňyz üçin ötünjiňizi kabul edýän, indikide ýadatmaýan mowzuklar ýazmaga çalşarys, özüne çeken gyz-gelinlerdenem ötünç soraýaryn, Size dar geýinmegi hiç kim gadagan edip bilmez, ýöne ýollarda awariýalaryň azrak bolmagy üçin giňräk geýinmegiňizi ähli sürüjileriň adyndan haýyş edýärin.
Miss angel
13 авг 2022, 15:45
Mümkin,
Añyrdan gelýän bir maşyn deñäme ýetende ýuwaşady.Içindäki oglan "Münjekmi" "Geläýdä" "Münäýdä"diýmäge başlady.Ýüregim gopdy.

Hmm dogry gecdigi bolsun! Mnm goryan eshtyan zatlam seylerak bolonson diydim. Oglanlara lak atyp,ozleri soz aydyp ya bolmasa ozlerine soz aytdyrjak bp herhili bolyan gyzlar bar ozum shayat Shol sevaplem koplenc yagdayda gyzlary gunakar hasaplayan.

Birem geñ galýan,zenan maşgalamy siz? Zenan maşgala bu zatlara men aýtmamda-da belet bolmaly ahyry.
Elbetde zenan yone yokarda agzan oglanlanlan edepsiz heteketlerinden birm bashyma gelmedi shu gune cenli innem gelmesinda....
Mümkin
Автор 13 авг 2022, 15:56
Miss Angel,Omyn,hiç kimiñ başyna gelmesin.Psihika gaty uly zeper ýetirýän ýagdaýlar şular.
Victus
13 авг 2022, 16:05
Sular yaly agzalary bir biri bilen sowusdiryan mowzuklary koprak acyn
Victus
13 авг 2022, 16:19
Mümkin,
Ozun diyp durduna ayda 500 mg ulanyp adamsyna ikilik edip yoren gyz gelinleri kop gordum diyp
Yusup
13 авг 2022, 16:32
Arak zawodda ishledim diyyan. Namaz okayan diyyan. Namaz bn arak gawat gelyami Mahym
Yusup
13 авг 2022, 16:33
Men icemok hazir diyersin. Emma ony bejerip halka hodurlemek icen adamyn gunasinden 2 esse diyya
Serdar
13 авг 2022, 16:48
Mümkin
Seri,näme diýýäniñe düşünmedim.

Gurlemez yaly jogabyny bermeli diyyan goni şol wagty. Ýogsam duzuwsiz bn duzuwlini saýgaryp bolmaýan dowur geldi.
Serdar
13 авг 2022, 16:49
Anil Kapur
Arak zawodda ishledim diyyan. Namaz okayan diyyan. Namaz bn arak gawat gelyami Mahym

???Agam tapayyanay)))
Gauzen
13 авг 2022, 16:55
Beý bä bir döwürler Yslam vs. Aţeist dialoglar giderdi. Indi bolsa Erkekler vs. Zenanlar urşy gidýär. obaly
Serdar
13 авг 2022, 17:00
Miss angel
Mümkin,
Añyrdan gelýän bir maşyn deñäme ýetende ýuwaşady.Içindäki oglan "Münjekmi" "Geläýdä" "Münäýdä"diýmäge başlady.Ýüregim gopdy.

Hmm dogry gecdigi bolsun! Mnm goryan eshtyan zatlam seylerak bolonson diydim. Oglanlara lak atyp,ozleri soz aydyp ya bolmasa ozlerine soz aytdyrjak bp herhili bolyan gyzlar bar ozum shayat Shol sevaplem koplenc yagdayda gyzlary gunakar hasaplayan.

Birem geñ galýan,zenan maşgalamy siz? Zenan maşgala bu zatlara men aýtmamda-da belet bolmaly ahyry.
Elbetde zenan yone yokarda agzan oglanlanlan edepsiz heteketlerinden birm bashyma gelmedi shu gune cenli innem gelmesinda....

Sen meñ tanaýan agzam dämi? Biz tarapa geçseñ hokman habarlaş çaýjagaş berjek.)) Sen ýaly mert gyzlar seýrek gabat gelýär
Serdar
13 авг 2022, 17:03
Kleopatra
Doygunow shu akyl nakyllardan.Hazir shularyn birine sho hereketi edyan geliniň (erkegiň) yuzune ayt diy dazanaklashyp galjagny bilyan.Hamala dunyaň derdi size dushen yaly.Elinizden gelse dunyani cowrunde ayagyňyza geyiňsene.Shu hereketler yyllar boyy bar hic kim duzetmedi duzetmeyarem duzelmezem.Her kim ozuni duzetsin ilki "Ilki ozun duzetgil sonra ozga soz etgil"(dogry yazdym oytyan)Baryň ondana gidiňde Hemedan akga uzum yygnashyn Anil aga goyun bakmaga komek edin

cilimkesh kelle agyrdanyna degdimi?)
Aksary
13 авг 2022, 17:15
Anil Kapur
Arak zawodda ishledim diyyan. Namaz okayan diyyan. Namaz bn arak gawat gelyami Mahym

Kimdir birinin soragyna jogap bermek gelişmezem welin ....."gazanjyñ aýby bamydyr !?"