Dilimiz nirä barýar?

Soñky döwür adamlaryñ aýratynam ýaşlaryñ gepleýiş stilinde rus sözlerini türkmen sözleriniñ arasyna goşmak aýratynlygynyñ barlygy ünsümi çekýär.
"Kak budto" "Spasibo" "Nezaşto" "Dawno" "Koneşno" "Zato" "Tak" "Ço" "Mojet" "Uže" ...ýaly rus sözleri iñ köp ulanylýan sözleriñ hatarynda.
Şu ýerde aýratyn belläp geçesim gelýän zat ýaşlaryñ köpüsi muny howalasy belent görünmek maksady bilen edýärler.Olaryñ nazarynda bu bir üstünlik.
Ýene bir bellemeli zat şeýle sözleri dilimize goşup geplemek edil ýokanç kesel ýaly tizlik bilen raýatlaryñ arasyna ýaýraýar.Şeýle tizligiñ bar döwründe dilimiziñ geljekde nähili görnüşi geljegini çaklamak kyn.
8 лайков 774 просмотров
73комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Alfonse
19 авг 2022, 22:03
Dowsypat.,
Türkleriň aňyrsy türkmen.Alp Arslan häzirki Türkiýäniň ýerlerini basyp alýar.

Maglumatlyja agzadyr öýtýädim welin, haýp senemä oňardyň!
Dowsypat
19 авг 2022, 22:04
Köne döwürde azerbeýjan,türk,türkmen dillerinine umumy türkmen dili diýipdirler.
Dowsypat
19 авг 2022, 22:07
Narcissus on № 32 Şu gün, 22:03
Dowsypat.,
Türkleriň aňyrsy türkmen.Alp Arslan häzirki Türkiýäniň ýerlerini basyp alýar.

Maglumatlyja agzadyr öýtýädim welin, haýp senemä oňardyň!

Eýsem näme başga maglumatam barmy?
Alfonse
19 авг 2022, 22:12
Dowsypat.,
Hany diý maňa onda ýigidim, "Türkmen" sözüniň manysy näme???
Aýnur
19 авг 2022, 22:17
danger
Esasy turk diline gecip barya

Şony aýdyň . Rusa nähilem bolsa öň SSSR-ň düzüminde bardygymyzdan diýeris. Ýöne şu türkleňkä biderekleý
Alfonse
19 авг 2022, 22:19
Mona Songz,
Türk dili asyl öz dilimiz. Rus dili bolsa seni basyp alyp, aýal-gelinleriňizi zorlap, oka tutan milletiň dili.
Dowsypat
19 авг 2022, 22:20
Turk maned-türke meňzeş
Tir-keman-Ok-ýaý
Terk iman-Yslama geçip köne ynanjyny terk eden.
Türk iman-Imanly türk(Yslamy kabul eden türk)...
Alfonse
19 авг 2022, 22:25
Dowsypat.,
"Türk-i iman" sözi imanly Türk diýmek bolsa, "Türkmânend" bolsa Türke meňzeş diýmäni aňladýan bolsa, nädip Türkleriň asly Türkmen bolýar??
Dowsypat
19 авг 2022, 22:27
Narcissus@ Türk umumy adymyz.Gyrgyz,özbek,gazak,galpak,türkmen,türk,azarbeýjan hemmämizem bir türki halk.
Alfonse
19 авг 2022, 22:29
Dowsypat.,
Borda, näme diýeýin ?
#B.S
19 авг 2022, 22:29
Haýsy dili garandana soze dushnilse bollyla aslynda hemme adamlat lingvo universala gurlemeli velin no babyl minarasy... :)))
Dowsypat
19 авг 2022, 22:35
Narcissus@Sen biz turkden peyda bolduk diyjek bolyamyn?
Alfonse
19 авг 2022, 22:38
Dowsypat.,
Diýjek bolamok, üýtgedilmez hakykat bu!
Suleyman
19 авг 2022, 22:52
Ýokarda, näme üçin orsa däl-de, türke barmak uzadýanyňyza düşünemok diýen ýaly pikirler bolupdyr.

Ors seň 70 ýyl (diňe bolşewikler geleneninden soň, ondan öňemä poshti şolaň elinderäk) ganyňy sordy... Döwlet dili "rus dili" bolan sowet soýuzynda ýaşadyk. Bu hakda gürrüň kän. Anketa dolduraňda rus dilini bilmeseň, işe alynmaýaň, hemme ýerde rusça gürleşmeli, rusça ýazmaly, rusça pikirlenmeli. (Görüň, bir diliň nämelere täsir edýänini). Bu millet tas rusçalaşyp bolupdy.
Türkmen dilini gürläp ýörmedik adam, türkmen diline zerurlyk bolmadyk ýerinde kemala gelýän bir şahsdan siz dil talap edýäňiz, özi türkmen bolmadyk bir partiýaň başlygyna (Lenin) babam diýmek derejesine ýetdi hatda. Buda uzak gürrüň.
Şeýle synaglardan geçip geldi bu millet. Şonuň üçin rus sözleriniň orny göze dürtülýär. Bizde barybir wokzal, ruçka... we.ş.m sözleriň barybir terjimesi ýok. Oňa terjime geregem däl. Barybir ulanylmaz.

Ýakyn taryhy okaňyzok, okajagam bolaňyzok, diňe sizdäki bar zada garşy çykylýar welin, bärik gelip "näme üçin" diýmäni başarýaňyz.
Dowsypat
19 авг 2022, 22:52
Narcissus on № 44

Türkler haýsy döwürde Türkmenistana göçüpdirler onda?
Suleyman
19 авг 2022, 22:59
Biz öz dilimizi ýagşy bilýäsmi bir entäk? Köne çeper eserlerdäki könelerimiziň öz ýerli dilleri, şiweleri ýazylan ýerlerini okanyňyzda, şolaň hemmesini bilýän diyjek bolýaňyzmy? Bar, bilýän ekenik diýeli, gürleýiş sözlügimizde barmy? Ýok. Sebäbi bilemizok, bilsegem gürlemäne utanýas. Oňa derek gysga, diliň endik eden bir rus sözüni sypdyryp göýberýäs.

Aslynda öz dilimizem ýeterlikçe baý dil.
Alfonse
19 авг 2022, 22:59
Dowsypat.,
Türkmenistana däl, Horasana, Mawerannahyra, Horezme diýsene. ? Türkler geçenok bu territoriýa diýjek bolsaň diňe Türkler ýaşap geçmedi. Türkmenler Müňgyşlakdan, Balkan daglaryndan, Uzboýdan ýuwaşdan süýşüp Lebaba, Mara, Sarahsa, Ahala göçüp ugraýarlar XVII asyrda.
Dowsypat
19 авг 2022, 23:01
Narcissus on № 48 Alp-arslana,Ärtogrul Gaza näme diýjek onda?
Alfonse
19 авг 2022, 23:04
Dowsypat.,
Türk taryhy diňe Alp Arslandan ybaratdyrow ? B.e.öňki ýyllardaky taryhy ýakdyň öýtýän araplar ýaly.
Suleyman
19 авг 2022, 23:04
Türk diline gelsek. Ýokarda aýdyşym ýaly ors režiminden ýaňybir sypdyk diýsek. Indi özbaşdak bolup, döwlet dilimiz "türkmen dili" diýlip ykrar edilen, öz eliň öz ýakaň bolup durkak, meýletin gidip türk "diline" bakna boljak bolýas.... Öň orsa baknadyň, indi türkiň "diline"....

Ýokarda bir diliň nämelere täsir edip bilijiligini ýazypdym, şol dilde köp gürleseň, medenýetine girişseň, şol diliň wekilleri ýaly pikirlenip başlaýaň senem uzagyndan... Onsaň, raýatlygy türkmen, emma türk diliniň "gullary" ýetişiberýär...
Buda uzak gürrüň. Emma, gysgaça şul
Dowsypat
19 авг 2022, 23:05
Narcissus off № 48 Şu gün, 22:59
Dowsypat.,
Türkmenistana däl, Horasana, Mawerannahyra, Horezme diýsene. ? Türkler geçenok bu territoriýa diýjek bolsaň diňe Türkler ýaşap geçmedi. Türkmenler Müňgyşlakdan, Balkan daglaryndan, Uzboýdan ýuwaşdan süýşüp Lebaba, Mara, Sarahsa, Ahala göçüp ugraýarlar XVII asyrda.

Mongollardan öňki döwür hakda soraýan.
Dowsypat
19 авг 2022, 23:06
Narcissus on № 50 Şu gün, 23:04
Dowsypat.,
Türk taryhy diňe Alp Arslandan ybaratdyrow ? B.e.öňki ýyllardaky taryhy ýakdyň öýtýän araplar ýaly.

Alp-Arslandan ozalky taryhy Orta Aziýa bilen baglanşykly ol türk diýýänleriň!
Alfonse
19 авг 2022, 23:08
Dowsypat.,
Borda. Dogrydyr ?
Dowsypat
19 авг 2022, 23:14
Narcissus on № 54 Şu gün, 23:08
Dowsypat.,
Borda. Dogrydyr ?

Türkmenleriň aňyrsy türk diýip haýsy ylmy kitapdan aldyň?Men okan ylmy(hat-da türk)kitaplarymyň barysynda türkler Orta Aziýadan göçüp gelen diýilýar.Gaty kop faktlary bn.
Gauzen
19 авг 2022, 23:20
Narcissus,
Onda Konstontinopol öň näçe ýyllap haýsy döwletiňki bolupdyr (türksumak)
Alfonse
19 авг 2022, 23:21
Dowsypat.,
Zehinsizligiň bir görnüşem ýalňyş düşünmek diýen bolupdyrlarmy alymlar ? Ibn Kesir, Yzeddin ibn Esir, Mahmyt Kaşgarly, Faruk Sümer, Yslam ensiklopediýasy, we ş.m çeşmeleri gowy okadyňmy? Orta Aziýadan giden diýilse, bu Türkleriň Türkmendigini aňladýarmy?? Orta Aziýa bolanda diňe Merkezi Aziýa däl şuwagtky, durşuna Hytaý taraplaryna çenli agzalýar, olaram Hunlar, Göktürkler we ş.m. Türkler (Türkmenler) nädip döredi? Näme üçin olara Türkmen diýipdirler?? Türkmen diýilmeýänlerine näme diýipdirler?
Alfonse
19 авг 2022, 23:28
Gauzen,
Bro, ilki terbiýe näme, edep näme, hormat diýilen zat näme, şony bir saýgar, soň süýtden çykyp, Konstontinopol näme, Türkler kim, olar kim bular kim öwrenersiň ?
Dowsypat
19 авг 2022, 23:38
Narcissus on № 57
Hemmämiz obşi türk.Ýöne bu biziň Türkiýeli türklerden gelip çykanymyzy aňlatmaýar.
Dowsypat
19 авг 2022, 23:41
Dowsypat. on № 59 Şu gün, 23:38
Narcissus on № 57

Seniň düşünjäňe görä ähli türki halklar Türkiýeden gelip çykan şeýlemi?!Sen şeýle diýjek bolýan ýaly.
Alfonse
19 авг 2022, 23:56
Dowsypat.,
Men ol zatlar bilen işim ýok. Diňe Türkmenleriň Türkdigini bilýärin.