Ýüküm... SÖÝGI
“…Ýüküm---- söýgi...“
(hekaýa)
Olaryň gugur-gugur gugurdaşyp, biri – birine iň arzyly, iň muhabbetli sözleri
aýdýandyklaryna men düşünýärdim. Olaryň ganat kakyp, towlanyp, biri – birini
ogşap – ogşap doýmaýyşlaryna men düşünýärdim. Seret oňa, seret, olaryň biri öz
agzyndaky şerbetli dänesini öz taýynyň agzyna tutýar, olam ony ýuwutmaga
dözmän ýene yzyna berýär. Olaryň ogşaşyp durkalar nepislik bilen gerilýän
kümüşsöw – gögüş ganatlarynyň perçin – perçin ak perleriniň hatary üýtgeşik bir
dilde – heýkeltaraşlyk zybanynda ýazylan söýgi sözleriniň suraty ýaly. Ýok, ýok!
Ol gerilen ganat perleriň hatary roýalyň ak perdeleri ýaly ...Olaryň asmanyň
mawy giňişligine hat ýazýan ýaly owadan hereketlerinden owaz tolkunlary
ýaýraýar...
Bu jübüt gögerçiniň söýgi oýunlarynyň soňy hökman höwürtge gurmagyň arzyly
aladalary bilen dowam edäýmelidi... Elbetde, şeýle –de boldy. Olar indi
gözýetimde salgym bolup gök öwüsýän, käbir oýtaklarda, her ýerräkde biri
oturan topbak – topbak ýylgynlara tarap ýazylyp gidýän bu sary giňişlikden –
türkmen sährasyndan saýlap – saýlap, çeýe hem tämiz çöpjagazlary daşamaga
başladylar. Olaryň dişläp, ynjytman alyp gaýdýan çöpjagazlary ýuwaş – ýuwaşdan
ýumşajyk ýuwa-- höwürtgä öwrülýärdi. Şeýle gözel ýaradylan bu jübütiň
höwürtge ýasaýşyny göz öňüňe getirjek bolsaň, edil olaryň öz boluşlary ýaly
sözleri saýlap – saýlap, çöpläp – çöpläp, ýerli – ýerinde goýmaly...
Ýöne bu höwürtgäniň hemem bu höwürtgäni gurýanlaryň mundan buýanky
ykbal – nesibesi çylşyrymlydy, wakalydy, hikmetlidi... Häzirlikçe ony bu jübütem
bilenok, hiç kimem bilenok.Ýöne, olar öý gurýarlar...

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.