Söýeniñiziñ adyny telefonyñyza nähili bellärdiñiz?

Bu sorag ýadyma düýn-öññinlikde düşdi.
Işdeş gelnejeler bilen ýowara çykdyk.Aralaryndaky ýeke gyz,belkem,iñ ýaşlary bolamsoñ,arçalardan kesilip alnan bölekleri araba bilen daşamak ýaly jogapkärli wezipäni maña ynandylar :))
Daşap gelenimden soñ işdeşlerimiñ telefonlaryny goýan kölege ýerinde oturdym.Şol barmana-da biriniñ telefonyna jañ geldi.Ekranda "Ömrüm" diýip ýazylgydy.Telefonyñ kimiñkidigini bilmänim we degişme küýseýänim üçin uzakda duran gelinlere seslendim:
-Joralar,biriniñ eline jañ gelýär.Biriniñ "ömri" jañ edýär. :)
Gelinler allaniçiksi boldylar.
-Ömri?!
-Howwa."Ömrüm" diýip ýazylgy.
Birdenem olaryñ arasyndan täzeräk durmuşa çykan işdeşim atylyp çykdy...
Gyzykly gürrüñiñ yzyny dowam etdirmek isläp,gelinleriñ ýanyna ýüwürdim:
-Hany onda her kim özüniñkä näme diýip ýazýanyny aýtmaşak.
Işdeşimiziñ biri "Ýürekdeşim" diýip ýazýan eken.Ýaşy 50-den agan bolsa gerek,agtyk söýüp ýören işdeş gelnejem "Aşkım"diýip belläpdir ýoldaşynyñ adyny.
Soñ olar maña bellemäge at tapyp ugradylar:
-Ölüp ýetenim!
-Zordan tapanjam!
-Otuzdan öñ tapanym!
-Garramankam duşanym! :))

Şol gün şu soragy size-de soramak aýgydyna geldim.
Eýsem,siz öz söýeniñiziñ (ýanýoldaşyñyzyñ) adyny telefonyñyzda nähili bellärdiñiz?
17 лайков 862 просмотров
129комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
03 июн 2022, 17:13
Mümkin,
Giyc tapylsa gadyry gawy bolar)
Hiayress
03 июн 2022, 17:21
Bendtner,
Kempir - bu bir zada kem pir bolýamy?! :D
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 17:25
Hiayress,
Özüñ aýtman iliñkiñ üstünden gûlen bolup ýörsüñ.Sen näme diýip ýazjak?
Käşir iýýän diýäýsene :))

("Hyýarly baba" keşbi ýadyña düşýärmi?)
Hiayress
03 июн 2022, 17:27
Mümkin,
Hyýarly baba?! (Pikirlenýän smilik)

Men-ä "bu-da biri" diýip belläýmesem. :D
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 17:43
Hiayress,
"Çok güzel hareketler bunlar"diýip bir komediýa gepleşigi bardy.Ýaş oýunçylar her hepde sahnada bir näçe komediýa sahnalaryny ýazyp janlandyrýardylar.
Şonda "Hyýarly baba" diýip bir keşp bardy.Mydama hyýar iýýärdi.Aýaly bolsa käşir iýýärdi.
Google-a "Hıyarlı baba" diýip ýaz.Soñam "Havuçlu anne" diýip :))
- Dani
03 июн 2022, 17:58
Mende: ÖKÜZÇEM diýip dur
Onda: KÄMPIR diýip dur

yegipt
Hiayress
03 июн 2022, 18:00
- Dani,
Senem bir zady kem pir bolýaňmy?! ))
ajy
03 июн 2022, 18:00
Mümkin,
:)))
Pocahontas
03 июн 2022, 18:04
Belli dàl.. "Gymmatlym ýa-da Bahasyzym" diýäýmesem)
ajy
03 июн 2022, 18:06
Pocahontas,
pully gapjygym diyip goýmalydey))
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 18:13
garaburc,
Şahsy hatyñ işleýän bolmaly.Meñ teswirdäki adyma bas.Şonda hat diýip çykýandyr.Şo taýdan ugratsañ gidýär,başga ýerden gidenok.
OrazMuhammet Aşyrow
03 июн 2022, 18:54
Haýsydyr sözden görä onuň öz ady gymmatly.
Pocahontas
03 июн 2022, 18:56
garaburc,
O-da bolya)
ajy
03 июн 2022, 18:58
Mümkin,
hmm diyip yazdym bardymy
Babahanowa_g
03 июн 2022, 19:01
Mena adyny yazardym gozlande ansat bolar yaly onune A harpyny goyard
Babahanowa_g
03 июн 2022, 19:01
*goyardym
Aksary
03 июн 2022, 19:02
Men ozal şular bardy
Başagaýja
Diş agyry
Infarkt
Telmanly
Gülçiçek
Mugallym...
Hiayress
03 июн 2022, 19:06
Aksary,
Bularyň hemmesem @Mähek agzamaý. ?
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 19:12
garaburc,
Geldi.Ýazyber arkaýyn.
Aksary
03 июн 2022, 19:15
Hemedany,
Ýokla hemmesi birlikde däl.olar nobatma nobat gelşi ýaly gitdiler
Ogulşirin Bayramowa
03 июн 2022, 19:17
)))
Ahally
03 июн 2022, 19:33
Bolan wagty :

Ömür dost :-))

-Diýerdim, telefon analizden gechende soraga chekilmez yaly)))
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 19:35
Aksary,
Maryda-da Telman diýip oba barmy?
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 19:37
Ahally_24,
"Ömür dost" gowy eken welin soraga çekilmek diýeniñe düşünmedim.
Aksary
03 июн 2022, 19:46
Mümkin,
Hawa bar
Aksary
03 июн 2022, 19:58
Hiayress,
Ol sorag mañamy?
Ahally
03 июн 2022, 20:18
Mümkin,
Siz mowzukda bellapsiniza, gulushdik diyip. Menkinem gorenlerinde gulmage bahana bolmaz yaly :-))
Ahally
03 июн 2022, 20:19
Mümkin,

Hazir shonyaly yazsan hich kim soygulin dp anlamayar ))
Hiayress
03 июн 2022, 20:28
Aksary,
Gülçiçek, mugallym diýip başlansoň @Mähek agzany, ýagny Gültäç mugallymy suratlandyrýaňmyka öýdüpdirin. :))
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 21:03
Ahally_24,
"Ömür dost" hakykatdanam gulaga ýakymly.Söýgiñ içinde dostlugyñam barlygyny añladýan ýüzlenme stllerini halaýan.