Söýeniñiziñ adyny telefonyñyza nähili bellärdiñiz?

Bu sorag ýadyma düýn-öññinlikde düşdi.
Işdeş gelnejeler bilen ýowara çykdyk.Aralaryndaky ýeke gyz,belkem,iñ ýaşlary bolamsoñ,arçalardan kesilip alnan bölekleri araba bilen daşamak ýaly jogapkärli wezipäni maña ynandylar :))
Daşap gelenimden soñ işdeşlerimiñ telefonlaryny goýan kölege ýerinde oturdym.Şol barmana-da biriniñ telefonyna jañ geldi.Ekranda "Ömrüm" diýip ýazylgydy.Telefonyñ kimiñkidigini bilmänim we degişme küýseýänim üçin uzakda duran gelinlere seslendim:
-Joralar,biriniñ eline jañ gelýär.Biriniñ "ömri" jañ edýär. :)
Gelinler allaniçiksi boldylar.
-Ömri?!
-Howwa."Ömrüm" diýip ýazylgy.
Birdenem olaryñ arasyndan täzeräk durmuşa çykan işdeşim atylyp çykdy...
Gyzykly gürrüñiñ yzyny dowam etdirmek isläp,gelinleriñ ýanyna ýüwürdim:
-Hany onda her kim özüniñkä näme diýip ýazýanyny aýtmaşak.
Işdeşimiziñ biri "Ýürekdeşim" diýip ýazýan eken.Ýaşy 50-den agan bolsa gerek,agtyk söýüp ýören işdeş gelnejem "Aşkım"diýip belläpdir ýoldaşynyñ adyny.
Soñ olar maña bellemäge at tapyp ugradylar:
-Ölüp ýetenim!
-Zordan tapanjam!
-Otuzdan öñ tapanym!
-Garramankam duşanym! :))

Şol gün şu soragy size-de soramak aýgydyna geldim.
Eýsem,siz öz söýeniñiziñ (ýanýoldaşyñyzyñ) adyny telefonyñyzda nähili bellärdiñiz?
17 лайков 862 просмотров
129комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
03 июн 2022, 21:04
Hiayress,
Yok olar bu yerde däldir :(
Öwreniji
03 июн 2022, 21:30
Adyny goýjak sebäbi her bir kişiniň öz adyndan ýakymly söz ýok ondada özüňe ýakyn adamlardan adyň tutulmagy has ýakymly şoň üçin adyny ýazanym gowy
Aýsere
03 июн 2022, 22:28
- Dani,
Mende: ÖKÜZÇEM diýip dur

Birhili dälmaý
Garabufer
03 июн 2022, 22:35
Meni iller bn bile jogaplapsyňa , :( aýry jogaplaý
Garabufer
03 июн 2022, 22:35
(menGarabuferagza ) ýessl yşdo
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 22:39
şoşo,
Nätdiñäý? Aýtmasañ biljegem däl-dä. :))
Bilgeşleýin bile jogapladym.Hem içiñi ýakmak üçin hemem megabaýtlarym senden gymmatly meñ üçin! :))
DonMaxx
03 июн 2022, 22:44
perisdam
Garabufer
03 июн 2022, 23:11
Boldy düşindim , Sagboluň arabaçy gözel .
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 23:12
Gyýw,aýt-da soragyñy.
Garabufer
03 июн 2022, 23:14
Salamymam alynmandyr , Waleýkim Salam ,
Garabufer
03 июн 2022, 23:15
Men gyýw däl , şoşojan
Garabufer
03 июн 2022, 23:16
Seň ýanyňda gadyrym ýok , ýykylsam üstim hapalanmaýan adam aslynda , ( gadyrmy bilýänleriň derdinden , ýere ýetip bilemok)
Hiayress
03 июн 2022, 23:19
Mümkin,
Sen nä konferensiýa geljek diýdiňde, gelmediň?!
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 23:25
Hiayress,
Ejem jorasy bilen gepleşdi.Menem ýassymy okaýyn diýdim.Telefon boşap,saýta giremde-de eýýäm mowzuk pozulypdyr.Menem hem-ä biohimigiñ nomury elýeterde bolmany üçin,hemem gurnamadyk bolaýmasynlar diýip oñdum.
Gurnadyñyzmy ýa? Kimler gatnaşdy?
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 23:27
şoşo,
Bor-da keýpiñ bolan güni soraý soragyñy.
Hiayress
03 июн 2022, 23:27
Mümkin,
Aý, bir sen ýetmediň, bary bar. Gyr-pyçak köşeşdirmek iş boldy. Ýakar-ýalbar edip, häzir @Mümkin hanymyz geler utanman şeýdip oturjakmy onsoň siz diýp, biraz utandyryp köşeşdirdim. Onda-da sen gelmediň. :))
Öwreniji
03 июн 2022, 23:32
Hiayress
Mümkin,
Aý, bir sen ýetmediň, bary bar. Gyr-pyçak köşeşdirmek iş boldy. Ýakar-ýalbar edip, häzir @Mümkin hanymyz geler utanman şeýdip oturjakmy onsoň siz diýp, biraz utandyryp köşeşdirdim. Onda-da sen gelmediň. :))

???
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 23:37
Hiayress,
Täzeden gurnaýyñ ertir 22:30 töwereklerde.
Mowzuk açaýyñ ýörite.Bir ynamdar adam gurnap,belgisini goýaýsyn.
Hiayress
03 июн 2022, 23:40
Mümkin,
Meňkidä konferensiýa açyk däl, biohimige aýdyp goý gurnarla. Oýun edýändirin olar ýaly gyzykly bolmady, diňe biri-birimiziň nähili dem alýanymyzy diňledik oturdyk.))
#B.S
03 июн 2022, 23:43
Bulam biri...
Gozmonjuk
03 июн 2022, 23:57
Gözmonjugym❤❤ diyip yazylyandy ady
Darling
04 июн 2022, 01:06
......
Garabufer
04 июн 2022, 02:48
Keýpe samyrsak dorgadyňa,
Adelante
04 июн 2022, 08:20
Mugt nahar diyip belledim
Tuman
04 июн 2022, 10:29
Ölüp ýetenim zordan tapanym ???? gowsy bankomat diýäý sen
Mümkin
Автор 04 июн 2022, 10:39
Tuman,
Meniñ bankomada mätäçligim ýok.Öz durmuşymy dolap biljek işim bar.
S.Gürgençli
04 июн 2022, 11:00
Mähremim.
S.Gürgençli
04 июн 2022, 11:04
Ynsanyň iň esasy mätäç zady mähir, mähri berýän, mährden gandyrýan ynsanam mährem (mähriban) bolýarda.
Mümkin
Автор 04 июн 2022, 11:44
DonMaxx,
Mümkin
Автор 04 июн 2022, 11:45
Gurgencli,
Nähili gulaga ýakymly!