Söýeniñiziñ adyny telefonyñyza nähili bellärdiñiz?

Bu sorag ýadyma düýn-öññinlikde düşdi.
Işdeş gelnejeler bilen ýowara çykdyk.Aralaryndaky ýeke gyz,belkem,iñ ýaşlary bolamsoñ,arçalardan kesilip alnan bölekleri araba bilen daşamak ýaly jogapkärli wezipäni maña ynandylar :))
Daşap gelenimden soñ işdeşlerimiñ telefonlaryny goýan kölege ýerinde oturdym.Şol barmana-da biriniñ telefonyna jañ geldi.Ekranda "Ömrüm" diýip ýazylgydy.Telefonyñ kimiñkidigini bilmänim we degişme küýseýänim üçin uzakda duran gelinlere seslendim:
-Joralar,biriniñ eline jañ gelýär.Biriniñ "ömri" jañ edýär. :)
Gelinler allaniçiksi boldylar.
-Ömri?!
-Howwa."Ömrüm" diýip ýazylgy.
Birdenem olaryñ arasyndan täzeräk durmuşa çykan işdeşim atylyp çykdy...
Gyzykly gürrüñiñ yzyny dowam etdirmek isläp,gelinleriñ ýanyna ýüwürdim:
-Hany onda her kim özüniñkä näme diýip ýazýanyny aýtmaşak.
Işdeşimiziñ biri "Ýürekdeşim" diýip ýazýan eken.Ýaşy 50-den agan bolsa gerek,agtyk söýüp ýören işdeş gelnejem "Aşkım"diýip belläpdir ýoldaşynyñ adyny.
Soñ olar maña bellemäge at tapyp ugradylar:
-Ölüp ýetenim!
-Zordan tapanjam!
-Otuzdan öñ tapanym!
-Garramankam duşanym! :))

Şol gün şu soragy size-de soramak aýgydyna geldim.
Eýsem,siz öz söýeniñiziñ (ýanýoldaşyñyzyñ) adyny telefonyñyzda nähili bellärdiñiz?
17 лайков 862 просмотров
129комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gulgunca
04 июн 2022, 11:47
Dine sorag belgisi dur ??seydip belleyan adyby.
Serdar
04 июн 2022, 12:08
Hiczad bellamok olam mana menem ona kän jañ edyas. Jan edende oydakilen biri gorayse " kimiñ gyzy" diyen sorag yuze cykyar. Şo sebapden bellamok. Eger bellesem adyny yazardym liçni suwjuklyk gerekdal.
NEMOO
04 июн 2022, 12:11
акылым гулум балым ве ш.м дийп беларн
Garabufer
04 июн 2022, 14:26
Bizde bir gyzjagaş bar, 2 ýaşap geçdi ,gürlänok, gürlesede diňe да ,нет bn jogap berýär.
Maşa medwed görip myžžygy çykan çagada garaz , gije daň sagat 5 e çenli maşa görýä , ertesi ikindä çenli ýatýar .
Hereketlerem edil maşa, şoň öýkölöşü ýaly öýkölöýä , gülşi ýaly gülýä .


Onnaň men ,( güjim ýetýäläý , betä men diýip , çagaň islegne seretmän , )şo kanaly ýapdym ,

Olam maňa, maşaň aýa käýýäp, öýkeleşi ýaly öýkeledi.

Soňam Enesine gysmyljyrady, ýarandy.

Soň işdedim , Enesi jaň etdi , how diýip alsam . Bir telewizor , bir dwd , hemmem hemme maşa serýalaram bir fleşka ýazdyrda getir agşam diýdi .

Alaç ýok bor diýdim.


Inni hälki 2 ýaşly maşasyran , öz başyna komnatly , multikli, islän wagty görýär ýatýar .

Düýnem gije maşa urşýan serýasy boldy öýtýän .
uklap ýatyrkam , spalnyda bökip bökip üstime düşýä , (keramzit kerpiç gaçan ýaly boldy.
Garabufer
04 июн 2022, 14:28
Inni sorok : şol maşasyrany , maşa multigi özi ýigrener ýaly etjek bolsam näme edeýin .
Garabufer
04 июн 2022, 14:40
Men Garabufer yessl yşdo☺️
Tuman
04 июн 2022, 16:00
Mümkin,
Bankomat nireden ýadyma düşdi diýsene. Bagyşlaweri
gum
05 июн 2022, 20:22
senyorita.,
Biri "öydaki"
2sem oglan at dur?
Perizat_25
11 июн 2022, 15:05
Menä şey diýip bellärdim ýöne entek durmuşa çykamok:
JANYM
SÖÝENIM
RAHMAN❤️
ÝÜREGIMIŇ AÇARY
Ş❤️R
Ş?R