Gyzlara samsyk sorag:)

Salam, gowumy ýagdaýlaryňyz?! Menem blog açyyp göräýin diýip pikirlendim we şu soragy orta atjak. Sorag diňe zenanlara degişli:
— Basym gelin-gyzlaryň baýramy ýetip gelýär, öňünden ähliňizi gutlaýan. Ýöne meň kellämde sorag döredi, samsygam bolsa berip galaýyn:) Size oglanlar tarapyndan her hili sowgatlar gowşurylar, ana şol sowgatlaryň köpüsi güller bolar. Indi sorag: Gülüň ysy gowumy ýa puluň?!
Göwnüňize degen bolsam bagyşlaň, göwnüňize degmek islemedim... Ýöne pikirleriňizi biläýin diýdim???
4 лайков 646 просмотров
176комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:58
Hidden666,
Sag bol minnetdar shlyapa
Soraber
Автор 02 мар 2022, 13:59
aslynda bolgusyz däl welin, bolgusyz diýäýdilerdä...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:00
terbiýe meselesinde iň gerekli pikirlerdi...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:01
Nairobi  on № 152Şu gün, 13:58

Hidden666,
Sag bol minnetdar


Tebe tože!
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:03
Daşoguzly bolan bolsam saňa öýlenerdim... Dogrusy, saňa gözüm gidýär, göz monjuk zat dakynaweri;)
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 14:09
Hidden666,
Dagam şu saytdakylaryň gözleri meni yykyp barya-la)
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:16
*T bolmaly öýdýän
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:17
Ýadyňdan çykarma, gowja gyzlara göz degýändir, betnyşan akmaklara göz nädip degsin)))
Gözel
02 мар 2022, 14:22
Elbetde gülüñ ysu
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 14:22
Hidden666,
turkmen dilinde "Dagam" diyip bara
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:28
Gözel, äp berekella)))
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:28
menä gabat gelmedim?!...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:28
o diýýäniň şiwe dil bolaýmasyn?!
Soraber
Автор 02 мар 2022, 14:35
ýa-da aýnan bolup gürleýänler diýýän bolaýmasa...
Gözel
02 мар 2022, 14:40
Hidden666,
shlyapa thanks
Belki
02 мар 2022, 14:51
Mowzugyñyza gelen bar gyzlara lak atyp çykypsyñyz welin pikrimi aýtmaga gorkýan.Onda-da aýdaýyn.
Gül sowgat edilse halamok.Gysga wagtda solýandygy üçin.Oña derek ulanyp bilinäýjek zat berseler gowy görýän.
Indi gozgan temañyz barada aýtsam,şol jedel gozgalan wagty arañyzda "erkek" däl-de erkek biri bolan bolsady,"Duruñ-ow oglanlar,heýem gyz maşgalañ duýgusyny ynjydyp bolarmy?Aýyp dälmidir?Özümizde-de uýa bar ahyry"diýerdi.Şeýdibem bu jedel bolmazdy.Ýaman ýeri ol ýerdäkileriñ bary "erkek" eken.
Üçünjiden,zenan maşgalany kemsidýän mowzukdyr teswirlere Nuh eýýamyndan bäri garşydyryn.Üstesine-de "köp gyzlar"diýip umumylaşdyrmagy.
Dördünjiden size jedelleşip bolaýjak bir pikir aýdaýyn:Muny "namazly gyz"diýip meseläni din bilen baglanyşdyranyñyz üçin aýdýan.Zynany dini nika bolmazdan gatnaşyk diýip düşünerdim.Ýöne bu jedelli mesele eken.Başy boş gyz bilen gatnaşygy zyna diýip düşünmeýänlerem bar eken.Ýagny,bu türkmençilige ters hereket ýöne din tarapdan jedelli eken.Şu temada jedelleşesim gelýär.Eger arañyzda Dark Wolf ýaly din ugrundan sowatlylar bar bolsa...
Häzirlikçe şular.Gaýrat edip,meñ bir nirelidigimi soramañ...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:05
belki, ilki gürlemegi öwren, onsaň teswir ýaz. Bolmasa-da, otur sokul-da. Özüm degişgen erkek, degişmek bolanokmy gyzlar bilen?! Ýa çyzykdan çykyp degişen ýerim barmy?! Tankytlajak bolup balagyňa çolaşyp aýlanyp ýörsüň.
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:07
hawa, köp gyzlar diýip gürleýän, waprosyň barmy?! Gözüňi giňräk açyp daş-töweregiňe seret, gyzlar nähili bolup barýar?! Iň bolmanda gije wokzalyň töwereklerine aýlanyp gör, gözüň nämäni görýär?!... Seýilgählere aýlan, şähere çykyp adamlara syn et, gözüň nämäni görýär, göreli bakaly... Bolduň meň başyma akylly kişi...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:11
jinsili, kalkotkaly, mini ýubkaly gyzlar köpeldi, meň bärde aýtmagymyň gerek zady ýoga, prosta gözüňi giňräk açyp daş-töweregiňi synlasaň ýeterlik. Tik Tok, likee, instagramdaky gyzlary göreňokmy? Garagyň gapykmy? Ýa habaryňam ýokmy o zatlardan?! Habaryň ýok bolsa ketegiňde otur sokulda!
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:12
Indi gozgan temañyz barada aýtsam,şol jedel gozgalan wagty arañyzda "erkek" däl-de erkek biri bolan bolsady,"Duruñ-ow oglanlar,heýem gyz maşgalañ duýgusyny ynjydyp bolarmy?
Gepläp bileňok, ýene-de agzyňy köpürjikledip bolar-bolgusyz samahallap otyrsyň.
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:14
erkek dälde, erkek biri bolan bolsady diýýärä, akyldarymyz)))
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:19
garşy bolsaň gowy zat, men bärde bolan zady ýazdym, gyzlaryň köpüsini şol kel oglan bilen aldap boljakdygyna göz ýetirdim. Özem şol "kel oglanly" oglan haýsy gyz bolsa-da mesele ýok, saýlaň diýipdi. Obaň iň akylly gyzy saýlanyldy, waka şeýle tamamlandy...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:22
Üçünjiden,zenan maşgalany kemsidýän mowzukdyr teswirlere Nuh eýýamyndan bäri garşydyryn.

Nuh eýýamyny seň 7 arkaň gördümi sen şondan bäri garşy bolar ýaly?!
Size diňe boş tyrla diýseň, akyl sat diýseň, şony başarýaňyz. Ibaly balagyňy geýip oňarýan dälsiň welin, gelip bärde hotdy-hotdy edýäň...
Soraber
Автор 02 мар 2022, 15:25
Sen kime gerek nirelidigimi soramaň diýer ýaly))) Ýuwulmadyk çemçe ýaly bolup bar zada burnuňy sokup ýörmede mowzuk barada, teswirler barada pikiriňi ýazsaňa ýaz, bolmasada garaňy saýla şu ýerden!
Ogulşirin Bayramowa
02 мар 2022, 15:34
Meň kellämi diňe şu diýeniň agyrtdy
Özem şol "kel oglanly" oglan haýsy gyz bolsa-da mesele ýok, saýlaň diýipdi. Obaň iň akylly gyzy saýlanyldy, waka şeýle tamamlandy...
A-how akyldar! Seniň şol zatlardan habaryň bar bolsa näme üçin garşy bolmadyň diýän! Gyza duýduryp bilerdiň, ýa bolmanda beýtmäň how bir bennäniň gyzyny diýip garşy bolup bilerdiň, şeýle dälmi? Näme üçin sen, akylly bolup şeýle zatlara göz ýumduň!? Sende-de günä bara? Näme üçin şeýle wejeralygy diňe synladyň? Egerde garşy çykan bolsadyň, sen gelip "iň akylly gyz "kel oglanly" bilen satyn aldyk, yrdyk" diýip akmaklyk edip gürlemezdiň.
OrazMuhammet Aşyrow
02 мар 2022, 15:46
Цитата: felicita
Oglandan sowgat alyp goremok mena


Geçen asyryň soňky wekillerinden bolsamam menem şu wagta çenli den valentin, ⁸8-nji mart ýaly baýramlarda gyza sowgat berip göremok. Dogry sowgat berdim ýakynlarma ýöne söýgülim hökmünde hiç bir gyza sowgat berip görmedim. Bir gün geler mendenem sowgat aljak biri tapylar we sizede sowgat berjek biri duşar belki şonda alan ilkinji sowgadyňyz söýgä joşup duran ýürek bolar...))
OrazMuhammet Aşyrow
02 мар 2022, 16:02
Hidden666, Gardaş ňäderjede düşünjäň bardygyny mowzugyňda beren soragyň özi görkezip dur. Men beýle diýmezdimem eger sen şu soragy azajyk medeniýetliräk görnüşde bermek barada azajygam pikirlenip gören bolanyňda. Eger seni "Gülüň ysysmy ýa-da puluň?" diýen sorag gyzyklandyrýan bolsa, on şol soragy "Bagtyň ysymy ýa-da baýlygyň?" diýen ýalyrak görnüşde beren bolanyňda belki düşünje barada ýazan ýokarky sözümi ýazmadyk bolardym.