Size sorag we ýüzlenme (⁉️)

Salam isleneniň hormatly agzalary! Gowumy ýagdaýyňyz?

Size şeýleräk sorag:
-Siz günüň haýsy sagatlarynda saýtda has işjeň bolup bilýäňiz?

Indi size şeýle ýüzlenme:
-Köp agzalaryň online bolup bilýän wagtynda her gün dürli-dürli işjeňlikler (aktivity) gurnasak diýýän!


Pikirleriňizi we jogaplaryňyzy ýazaýyň.
12 лайков 578 просмотров
98комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
20 май 2022, 11:44
waleykim salam, Shukur yagshy, siz? Gurnamaly, bizem gatnashyp bilsek gatnasharys nesip bolsa
Garabufer
20 май 2022, 11:52
WaleýkimSalam ,Ýagşy , sizede gowluk dileýän .
Janyňy ýakma gowsy, has möhim zatlara wagtyňy sarp et.
Melike...
20 май 2022, 11:52
Agsham nahardan son. Takmynan 21.00 towerekler bolaymasa
#B.S
20 май 2022, 11:57
1. Ýagdaýa görä.
2. No problemo
Telwas
Автор 20 май 2022, 11:58
Soho,
Gowy Hudaýa şükür.
Hökman gatnaşyň Soho agam.
Öwreniji
20 май 2022, 11:59
ertir04:50-06:30, 11:30-13:30 (kähalat has köpwagt) , 20:00-23:00 aralykda boş bolýan we online girýän
Suleyman
20 май 2022, 11:59
Aktiwlik hemişede bar we hemişede ýok. Bar diýýänim, agzalar barka, agzlaryň hemmesi aktiw däl. Agzalar ýokga, myhman bolup yzarlaýanam köpdür bu saýty.
Şonuň üçin geňeşmän ediberiň..)
Telwas
Автор 20 май 2022, 11:59
Garabufer,

Minnetdar!
Janym ýanmaz diýip pikir edýän. Gurnajak zadym hemmeler üçin peýdaly. Maksat, öwrenmek-öwretmek.
Telwas
Автор 20 май 2022, 12:00
Melike...
Agsham nahardan son. Takmynan 21.00 towerekler bolaymasa


Şu sagat (21:00) hemmeler üçin oňaýlymy?
Telwas
Автор 20 май 2022, 12:01
Khanture,

Senem hökman gatnaş. Seň pikirleriň biziň üçin wajyp.
#B.S
20 май 2022, 12:03
Nirvana,
Nesip edip, Hudaý ýetirse ;) 21:00 bolýa.
Telwas
Автор 20 май 2022, 12:03
Dark_Wolf
Aktiwlik hemişede bar we hemişede ýok. Bar diýýänim, agzalar barka, agzlaryň hemmesi aktiw däl. Agzalar ýokga, myhman bolup yzarlaýanam köpdür bu saýty.
Şonuň üçin geňeşmän ediberiň..)


Ola dogry. Geňeşli edilen iş göwnejaý bolar diýip pikir etdim. Men şu saýtda pikirini bilmek isleýän, özünden bir zatlar diňlemek, öwrenmek isleýän agzalarymyň arasynda sizem bar. Mümkin bolsa gatnaşyň. Pikirleriňiz biz üçin ( iň bolmanda meň üçin) gyzykly.
ajy
20 май 2022, 12:04
agsam 6dan soñ men-à òye barýan. ana shonda boshap bilemok burun
Telwas
Автор 20 май 2022, 12:04
Remezan,
Remezan agam onda sizede garaşýas, gatnaşyň.
Telwas
Автор 20 май 2022, 12:06
garaburc,
Görýän welin, köpleriň boşaýan sagady agşam sagatlary. Senem gelip, gatnaşsaň şat bolardyk.
ajy
20 май 2022, 12:09
mesemelem o dagy ) gatnaşarys
Nury
20 май 2022, 12:29
Salam oňatmy ýagdaýlaryňyz?
Menä boş wagtym girýän 2minutlyk.
Nähilek gefçileriň gepleri barka diýip.?
Telwas
Автор 20 май 2022, 12:32
Onda şeýle. Agşam 21:00-da mümkin bolsa ulgamda bolmaga synanşyň. Siz bilen öwrenme we öwretme usullaryny ýerine ýetirmekçi. Belki okuwçy wagtyňyz gabat gelensiňiz bu usullara. Şu günki usulymyzyň ady “STANSIÝA USULY” bolsun. Bu usul barada gysgaça aýdyp bereýin. Bu usulda gatnaşyjylar toparlara bölünýär. Her topara bir iş berýäs. Meselem bir tema boýunça goşgy düzmek, surat çekmek ( bu bu ýerde mümkin däl diýip pikir edýän), şygar ýazmak, hekaýa ýazmak we ş.m. Diýeli birinji topar dostluk barada goşgy ýazdy. 2-nji tapgyrda ikinji topar 1-nji toparyň ýazan goşgusynyň yzyny dowam etdirmeli. Her toparyň bir lideri bolýar. Oýunyň asyl düzgüninde liderler ýerinde galýar. Oýunçylar ýerlerini üýtgetýär tapgyra görä. Emma bulaşyklyk bolmaz ýaly men siziň liderleriňizi üýtgetmeli diýip pikir edýän. Lider toparynyň ýazan zatlaryny jemläp doly görnüşde bize hödürlemeli. Kyn zat ýok. Esasy grupba bolup işleşmeli. Bu usulyň peýdasy dil, el ukyplarymyzy we başarnyklarymyzy ýüze çykarmak.

Men sizi 6 sany topara bölmekçi. Her topardan minimum 4-8 adam bolsun. Toparlaryň ýerine ýetirmeli işi “Goşgy, Makala/Hekaýa, Şygar ýazmak” ( başga näme bolmagyny isleýän bolsaňyz üýtgedip bileris) 2 topar goşgy ýazýar, 2 topar hekaýa we beýleki 2 topar şygar ýazmaly.
Agşama çenli şu blogda maslahatlaşyp toparlara bölünäýiň. Araňyzdan bir liderem saýlaň. Bolmasa men saýlamakçy liderleri. Temaňyzy agşam bäsleşik başlanda aýtmakçy. Internetden, kitapdan göçürmek ýok. Diňe öz döredijiligiňiz bolsun.

Onda toparlary we gatnaşyjylary maslahatlaşyberiň. Agşam duşuşarys. :)
ajy
20 май 2022, 12:45
Seri gatnaşsa men şoñ tarapynnan boljok burun bolmasa tapawudy ýok
Nury
20 май 2022, 12:51
garaburc,
Pitikleýämaý ol sonundan?)
ajy
20 май 2022, 13:01
Hemedany,
ine ine ýene bir akylly senem biziñ topardan bolda
ajy
20 май 2022, 13:01
Monasongz senem gatnasha. birem talyp_gyz
ajy
20 май 2022, 13:02
Tiko,
howwada
senagul
20 май 2022, 13:38
Gatnaşyan.
NEMOO
20 май 2022, 13:48
Nirvana,
gosgy makala govyda ona vagt bamy ay bolya men bulara baha beryan bolain
ajy
20 май 2022, 13:54
Orazy tapayyn shol bet gosgy duzyadi yazyan
Telwas
Автор 20 май 2022, 13:56
Rigel,
Goşgydan başy çykýanlara goldaw edip bilersiňiz.
Telwas
Автор 20 май 2022, 13:57
Nemoo,
Uzak bolmaly däl. Meselem berilen wagtyň dowamynda 1 bent ýazyp bilseňiz, indiki topar ikinji bendini ýazmaly. Makala-da bir abzas bolsa-da bolýar.

Kelläňizi işletmeli esasy.
Telwas
Автор 20 май 2022, 13:58
Hiç kim ýazanok gatnaşjaklaryny ýa toparlaryny :(

Meň özüm saýlap toparlara bölsem bolarmy? Rugsat berýäňizmi?!
Telwas
Автор 20 май 2022, 13:59
Şu şygary aýyryp ýerine degişme goýsak nähili bolar? Saýtda degişmä ukyply agzalarymyz bar.