???
Söýýän adamyňyz bilen gatnaşygyňyz gutaranda, köplenç durmuş dowam edip bilmeýän ýaly duýulýar. Şol adam hemme ýerde we şu wagt seň durmuşyňy dowam etdirmek mümkin däl ýaly. Daşky gurşawymyzda üýtgeşmeler girizmek, pikirleriňi başga tarapa ugrukdyrmak we özüňi meşgul etmek bilen, ol adam geçmişde aňsatlyk bilen jaýlanyp bilner.
Söýginiň agyrysy obsesif ýagdaýdyr. Söýgi we obsessiýa şol bir gormonlar bilen iýmitlenýär. Belki, bu gatnaşyk siziň üçin gutarmalydy, ýöne şonda-da derdiňiz gutarmaz.
Näme etmeli?
Ilkinji nobatda ol adamy sosial medýadan yzarlamagyňyzy bes etmeli. Salklamak (yzarlamak) diýen zat durmuşymyzyň söz düzümine girdi we bu ýagday söýgiliňizden aýrylsaňyzam ol adamyň göz öňüňizden gitmegine rugsat bermeýär. Meselem, başgalar bilen ýazyşan smslerini görmek ýa-da başgalaryň suratyny, postyny begenenini görmek we ol begenilen adamlary yzarlamagyňyz siziň ondan akyl taýdan aýrylyp bilmezligiňize sebäp bolar we obsessiýa öwrüler. Siz bu zatlary gördügiňizçe ol adam kimkä,näme üçin suratyny, goýan postuny begendikä, ýa oň bilen gürleşýärmika, ýazyşýarmyka diýip pikirlendikçe öňki söýgüliňizi has köp pikir edip başlarsyňyz. Akylyňyzda bar zady gaýtalap durarsyňyz. Başda bu endigiňizi taşlamak o diýen aňsat bolmaz, emma özüňize muny şert hökmünde kabul etmegiňiz obsessiýanyň çözülmegine kömek eder.
2-nji tapgyrda, aýralygy manylaşdyrmak. Sizden aýrylan söýgüliňiziň sizden gitmesini özüňiz bilen bagly bir kemçiligiňize baglamaň. "Men nähili terk edilerin" düşünjesi sizi bir şahsyýet krizise elter we bu ýagdaý gahar we bagtsyzlyk döreder. Diňe bolmalysy şeýledir we şonuň üçin aýryldyk diýiň. Munuň sebäpkärini gözlemäň, özüňize we ol adama garşy agyr töhmetler etmäň. Gutaran söýgi gatnaşygyňyzyň soňundan ýas tutmak, gynanmak, aglamak içiňizden gelýän bolup biler. Ýöne meşgullanara başga zatlaram bar. Mysal üçin, durmuşyňyza aljagyňyz başga adamlar, kämilleşmegiňiz üçin başdan geçirmeli başga- başga hekaýalaryňyz.
3-nji ädim bu gatnaşygyň size nämeler getirip we sizden nämeler alyp gidenini ýazmak bolsun. Aragatnaşygyň başlangyjyndan soňuna çenli bu adam size nämeler gazandyrdy we nämeler yitirdi bir ýere ýazyň we ol tablony görmäge synanyşyň. Belki bir zady görmejek derejede kör bolansyňyz. Edil şol pursat ýadyňyza düşer we aslynda olar ýaly bagtly däldim diýersiňiz ýa-da meniň pikir edişim ýaly gadyrly duýdurmandyr we ş.m sözler dökülüberer dodaklaryňyzdan. Tüýs ýürekden we dogry baha beriň, ýöne özüňize adalatsyzlyk etmäň.
Aragatnaşyklarda has köp bile bolan adamlarymyzy durmuşymyzyň merkezinde goýýarys beýleki adamlary bolsa onuň daş töweregine ýerleşdirýäris. Indi bolsa ol merkezdäki adam gitdi. Ýeri, ol adamy merkeze goýmazyňyzdan öň nämeler edýärdiňiz?
Dostlaryňyz, joralaryňyz bilen gorüşiň, wagt aýyryp bilmedikleriňize wagt aýyryp başlaň. Özüňizi öýe gulplamagyň tersine sosiallaşyň. Planlar ediň we siziň gadyryňyzy bilýänler bilen wagt geçiriň.
Soňra öýden çykman hiç zat edesiňiz gelmän ýatýan bolsaňyz, köpçülige çykmasaňyz siz ýalňyş ýolda. Bu herektler siziň bagtsyzlygyňyza bagtsyzlyk goşmakdan başga peýda bermez. Munuň tersine bagtly ýaly görüniň. Duýgularyňyza ýesir bolmaň.
Bulary barlamak üçin özüňize 63 gün beriň. Näme üçin 63 gün? Bir adamyň endik etmegi üçin gerek bolan wagt 21 gün hökmünde kabul edilen, ýagny siz bir zady 21 gün boýunça gaýtalasaňyz ol zat siz üçin endik bolar. Bu-da bilim taýdan kesgitlenen beýnimizdäki täze birleşdiriji neýronlaryň emele gelmegi üçin gerek bolan wagtdyr. 3 sany 21 gün bolsa siziň üçin durnuklylyk diýmekdir. Hem psihologik hem fizýologik tämizlenmegiňiz we täze birleşdirijiler gurmagyňyz üçin jadyly san 63-dir.
Yzygiderligi bozman, kararly şekilde durmak, näme bolsa bolsun özüňizi we gadyryňyzy unutmazlyk söýgi agyrysyndan çykmagyň gapysyny açjak açarlardyr.

14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.