Özüňi tanajak bol

Ýaramaz endikli adamlary görmek we olaryň ýaramaz işleriniň üstüni açyp görkezmek bu ullakan iş däl. Siziň köpüňiz şujagaz eden işiňiz üçin özüňizi sylaga we hormata mynasyp adam hökmünde görülmegiňizi isleýäňiz.
Bu ýeterlik däl. Bu köp zady aňlatmaýar.
Onda näme etmeli?
Ýaramaz adamlary hökümete tutdyrmaly. Olayň ýaramaz iş edýändigini ylymly-bilimli adam hökmünde subut etmeli.
Daşary ýurtly jurnalistler şeýle edýärler.
Ýogsa, siz näme edýäňiz. Biparh adam hökmünde özüňizi alyp barýarsyňyz. Ýeterlik bilimiňiz bolmany üçin, gury göreniňizden atykmaç hiç zat edip bilmeýäňiz. Öz bar bolan mümkinçilikleriňizden doly peýdalanmany bilmeýäňiz.
Hiç zat edip bilmäniňiz üçin ýaramaz adamlar sizden tisginmeýärler. Munyň özi iň soňunda näme netijä getirýär. Bir gün siz hem şol ýaramaz adamlaryň hataryna goşulýarsyňyz.
Indi näme boldy. Gury ýaşan adam hasabynda ömrüňizi ahyrlaýaňyz.Ýöne bu hemmesi däl. Hiç zat edip bilmedik adam hökmünde sizi ahmyr basmarlaýar.
Adamlar hem siziň üstsüňizden gülýär. Elinden hiç zat gelmedi diýip. Bar bolany şu. Bu durmuş size degişli.
Allatagala, her kime bir ukyp berýär. Birine görmek, ýene birine dokamak, üçünjä, diýmek. Özüňize seredip görüň. Size ýaramaz adamy görmek berildimi, diýmek, ony ýeňmek hem size berilen. Başga hiç kime däl, çünki Allataga bir eden işini iki gaýtalamaýar. Ýogsa, görmek ukyby size näme üçin berilen. Özüňe sorag berip, kimdigiňi tanajak bol.
0 лайков 118 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.