Döwletjan Ýagşymyradow bilen söhbetdeşlik (eksklýuziw)

Başa-baş söweş sungaty boýunça bäsleşik guraýan, dünýäniň iň iri guramalarynyň biri hasaplanýan «Bellatorda» çykyş edýän ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow hakynda köp zatlar ýazyldy, köp zatlar aýdyldy. Ýöne türkmenistanly adygan pälwan hakyndaky gürrüňler häli-häzirem dünýä metbugatynyň üns merkezinde. Biz hem ýakynda türkmen pälwany bilen söhbetdeş bolup, onuň adygan guramadaky, sungat älemindäki çykyşy, has takygy, türki dünýäsiniň taryhyny gürrüň berýän «Kuruluş: Osman» serialyndaky çykyşy hakynda gürrüň etmegi makul bildik.

— Döwletjan, ilki bilen dünýäniň iri guramalarynyň biri bolan «Bellatorda» gazanan taryhy ýeňşiňiz bilen gutlaýarys.

— Sag boluň! Gazanan bu ýeňşim geçiren irginsiz türgenleşiklerimiň miwesidigini aýdyp geçeýin. Gazanylan ýeňişde ýurdumyzda sporta uly üns berýän Arkadagly Prezidentimiziň tagallasynyň uludygyny buýsanç bilen belläsim gelýär. Çünki ýurt derejesinde sporta uly üns berilmegi geljekde uly ýeňişleri gazanmagyň binýadydygyny anyk bilýärin. Men muny öz tejribämden aýdýaryn.

— Döwletjan «Bellatorda» geçiren ilkinji iki duşuşygyňda ýeňlişe sezewar bolduňyz. Ikinji duşuşygyňyzda ýeňşe ýakyn geldiňiz. Şonda hem ýeňşe barýan ýoda düşendigiň görnüpdi. Ine-de, üçünji duşuşykda adygan garşydaşyň, braziliýaly Rafael Karwalhony ynamly ýeňmegi başardyňyz.

— Bir zady berk belläsim gelýär. Bu guramadaky ilkinji iki duşuşygymda doly derejede taýýarlanyp ýetişmedim. Men muny özümi aklamak üçin aýdamok. Dogry düşüniň. Ilkinji iki garşydaşym ýeňmezçe garşydaş däldi. Ýöne taýýarlygyňy öz diýşiňçe geçirip bilmeseň, netije gazanmak kyn düşýär. Rafaeliň garşysyna taýýarlygym doly derejede geçdi. Netijänem özüňiz bilýänsiňiz. Men ilkibaşdan hem «Bellator» bilen dört duşuşyga niýetlenen şertnama baglaşdym.

— Diýmek, onda «Bellatorda» ýene-de bir duşuşygyňyza tomaşa edip boljakda?!
— Nesip bolsa.

— Gizlin bolmasa, indiki duşuşygyňyzy kim bilen geçirmekçi bolýarsyňyz?

— Munuň gizlini bolmaz. Ýöne häzirki wagtda kim bilen duşuşjakdygymy özümem bilemok. Ýöne kimi garşydaş goýsalar men taýýar. Öňki ýeňlen garşydaşlarymy berseler hem ýeňşe taýýar, nesip bolsa.

— Duşuşygyňyzyň möhleti bellimi?

— Ýok. Entäk anyk belli zat ýok. Ýöne nesip bolsa, şu ýylyň dowamynda sekizburçluk arena çykmagy meýilleşdirýän.

— Häzirki wagtda nirede türgenleşik geçýärsiňiz?

— Häzirki wagtda Stambulda türgenleşik geçýärin. Nesip bolsa, geçirmeli duşuşygym belli boldugy, ilki Russiýanyň Dagystan Respublikasynda göreş tilsimlerini, soň bolsa, ABŞ-a gidip türgenleşerin.

— «Dile geldi, bile geldi» diýleni. Döwletjan Stambulda diýdiňiz welin...
— Sowalyňyza düşündim. Arada «Kuruluş: Osman» serialynda surata düşmek nesibämde bar eken.

— Türkmenistanly sport janköýerleriň siziň düşen serialyňyza tomaşa edýändiklerini aýdyp geçeýin. Şol sebäpli bu barada giňişleýin gürrüň berseňiz, sizden hoşal bolardyk.

— Aslynda, bu serial Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy, döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly täsin taryhy wakalary mazmunynda jemleýär. Maňa-da Balaban Çawuşyň keşbini janlandyrmak teklibi gelip gowuşdy. Surata düşürilýän meýdançada meniň bilen Osman begiň keşbini janlandyrýan Burak Özçiwit çykyş edipdi.

— Gizlin bolmasa, teklibi kim etdikä?..
— Dostumyň üsti bilen serialyň režissýory Mehmet Bozdakdan teklip geldi. Men hem salymyny bermän razylaşdym. Sebäbi bu meniň çagalykdaky arzuwymdy. Mekdep ýyllarym aktýorçylyk kurslaryna gatnaşardym.

— Onda biz Döwletjan Ýagşymyradowy aktýorçylyk sungatynda hem görüp biljek-dä?..

— Nesip bolsa. Näme üçin bolmaz. Başa-baş söweş sungatyndaky karýeram tamamlanansoň bu ugra ýykgyn etmegim hem mümkin.

— Şu ýylyň dowamynda ýene-de bir duşuşyk geçirmekçi bolýandygyňyzy aýdyp geçdiňiz. Diýmek, onda siz serialy soňa goýýarsyňyzda?!

— Ýok. Näme üçin. Meniň gahrymanymyň entäk gutarmadyk işleri bar ahyryn. Nesip bolsa, serialyň dowamy bar. Entäk biz Bursa şäherini basyp almaly ahyryn. Onsoňam, meniň gahrymanymyň serialda düşünişmeli adamsy bar ahbetin (gülýär).
— Döwletjan beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Başa-baş söweş sungatyndaky, galyberse-de, aktýorçylygyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

— Sag boluň! Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzda sporty ösdürmekde alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärin!

Jaň edip ýatlap durýandygyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin! Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Orazgeldi GELDIÝEW,

sport žurnalisti.
6 лайков 286 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Oksimiron
Автор 08 авг 2022, 20:04
Söhbetdeşlik 10-12 gün mundan ozal taýýarlandy
#B.S
08 авг 2022, 20:08
Brawo Döwletjan! Ýeňişleriň höwri köp bolsun!
Öwreniji
08 авг 2022, 20:26
Mundan beýläk de üstünlikli ýeňişleriň bolsun.
Ahmal
08 авг 2022, 20:37
Dowletjan nacenji yylka
Oksimiron
Автор 08 авг 2022, 21:00
Ahmal,
1989-njy ýyl
Удачливая
08 авг 2022, 21:10
Ahmal,
89ý
Ahmal
08 авг 2022, 21:10
Tuwelemeb33 yasayypdyra. 35 yasyna cenli yykan galan ozunki. Onda son asak gaydyp baslaya.
Gauzen
08 авг 2022, 22:49
Üstünlik!