Ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň goýan rekordy täzelenmedi

Şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkentde dowam edýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgeniniň rekordy ýene-de täzelenmedi.

Çempionatyň çägindäki zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda türkiýeli türgen Jansu Bektaş ştangany silterläp götermekde 70, iteklemekde 80, iki görnüşiň jemi boýunça 154 kilogram agyrlygy eýgerip, ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony boldy. Ýöne bu agram derejesinde hiç bir türgene türkmenistanly agyr atletikaçy ― dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň mundan üç ýyl ozal goýan dünýä rekordyny täzelemek başartmady.

2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 20 ýaşly ildeşimiz ştangany itekläp götermekde 104, iki görnüşiň jemi boýunça 179 kilogram agyrlygy eýgeripdi we dünýä rekordyny goýupdy. Geçen üç ýylyň dowamynda ýaş agyr atletikaçylaryň hiç birine-de bu rekordy täzelemek başardanok.
1 лайков 147 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
nurana syhyyewa
Автор 14 июн 2021, 22:26
Sul gyzyn surayny goyup bilemokda men sumat bizin oyumizden yoral gitsen 20 minuda baryan sul gyzyn oyune zyomum bolya onurak oyunin yanyda gordum edil ejemi goren yaly bolup begendim