Ähli türkmen dostlarymy gutlaýaryn: ştanga gòtermekde Polina Gurýewa ilkinji ýer alan türkmen

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türgen boldy.
Ol şu gün 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, Tokio şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Türgen gyz ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 217 kilogramlyk netije bilen hem ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalymyzy gazandy, hem-de şahsy rekordyny täzeledi. Polina Gurýewa ştangany silterläp götermekde 96, itekläp götermekde 121 kilogramlyk netije görkezdi.
Ýaryşda altyn medala taýwanly türgen Go Sinçžun mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 236 kilogram agyrlygy eýgerdi (103+133 kg). Üçünji orny bolsa ýaponiýaly Mikiko Ando eýeledi. Ýerli türgen 214 kilogramlyk (94+120) netije görkezdi.
Türkmenistanyň wekilleri Olimpiýa oýunlaryna 1996-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler.
Jemleýji netijeler:
1. Ko Sinçun (Taýwan) ― 236 (103 + 133, Olimpiýa rekordy).
2. Polina Gurýewa (Türkmenistan) — 217 (96 + 121).
3. Mikiko Ando (Ýaponiýa) — 214 (94 + 120).
Türkmen agyr atletikaçylarynyň Tokio Olimpiadasyndaky çykyşlary dowam edýär. 31-nji iýulda 81 kilograma çenli agram derejesinde biziň ýurrdumyza Rejepbaý Rejebow wekilçilik eder. 3-nji awgustda bolsa 109 kilograma çenli agram derejesinde Öwez Öwezowyň çykyşyna tomaşa edip bileris. Biziň agyr atletikaçylarymyzyň Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlary 4-nji awgust güni 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýewiň çykyşy bilen tamamlanar.
Sport, TDUmaksat tarapyndan 1 hour ago
Chesme:talyplar.com

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.