Bu gün FINAL! UEFA Çempionlar Ligasy "Liverpool" vs "Real Madrid"

Bu gün ýagny 28-nji maý güni Liverpool vs Real Madrid duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar. Rus teleýaýlymy «Матч ТВ» duşuşygy göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirer. Teleýaýlymyň Türkmenistanyň çägindäki IP TV ýaýlymynda bardygyny hem-de Uzb "Sport" kanalynda hem tomaşa etmek mümkinçiligi bardygyny bellemek bolar.

2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygy Parižiň «Stad-de-Frans» stadionynda geçiriler. Stadionyň ýerleri 80 000 tomaşaça niýetlenip, bu ýerde 1998-nji hem-de 2016-njy ýyllaryň çempionlyklarynyň final duşuşyklary geçirildi.

Bu duşuşyk Madridiň «Realy» bilen «Liwerpul» toparlarynyň arasyndaky degişli ýaryşdaky üçünji gezek geçirilýän final tapgyryna öwrüler. Toparlaryň arasynda 1981-nji ýylda geçen duşuşykda iňlis topary 1:0 hasaby bilen ýeňen bolsa, şondan takmynan 44 ýyl soň, 2018-nji ýylda final tapgyry madridlileriň hasabyna 3:1 ýeňiş bilen tamamlanypdy.

Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar UEFA Ýewropa ligasynda ýeňen topar bilen UEFA-nyň Naýbaşy kubogyny almak üçin güýç synanyşar. Şeýle-de bu topar geljek ýylda geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň ýaryşyna gös-göni ýollanma alar.

Tomaşa ediň, Angliýa rytsary Ispan ýyrtyjysyna garşy!
4 лайков 577 просмотров
102комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
29 май 2022, 02:01
Bäh diňe Barselonaň kellesi çatdymyja Realyň ikinji taýma üns berýänini ;)))
#B.S
29 май 2022, 02:04
Ýenebir istatistika Barselona realy Santyago bernabeoda masgara edip utsa sho mowsum real chempionlar ligany alyan eken mish
Qwerty
29 май 2022, 02:06
Topam depip bilenogay liv
#B.S
29 май 2022, 02:07
Kurtua mlds.
#B.S
29 май 2022, 02:08
Persik,
Ýadatdylara ;)))
#B.S
29 май 2022, 02:17
Kasilyas bola Kurtua
Qwerty
29 май 2022, 02:18
Gozi gyshyk göryamay
#B.S
29 май 2022, 02:19
Hälem bu ýyl ispaniya kubogyny Betis aldy bolmasa Real taryhda birinji treblini etjegow.

Woooo kurtua Salahyň düýşinede girersiň sen ;))(
Qwerty
29 май 2022, 02:20
Salah salah
Qwerty
29 май 2022, 02:26
Bah. Liv utulsa agsham yatjak dal
Qwerty
29 май 2022, 02:31
Ay boldy Liv utulday bla bla masgara etdin.
#B.S
29 май 2022, 02:33
Ezeli garşydaşlarymyzy we onuň janköýerlerini gutlaýas. 14 gezek çempionlar ligasynyň ýeňijisi.
Senyorita.
29 май 2022, 02:35
Tiagony irräk çalyşmalydy Kloop biderek ortada gezdi.
Senyorita.
29 май 2022, 02:37
Wahhh...
Khanture düýşleriñiz tersine bolýan eken-ä çk, çk...
#B.S
29 май 2022, 02:37
Manysyz taktika birinji taýmda nevidimka, ikinji taýmda aždarha. Klopda kelle ýok eken şo taktika düşünmän... men düşünip otyryn şondan näçe ýaş kiçi bolsamda ;))
Massimus
29 май 2022, 02:37
Real barybir, Real, anti, panti, realçylara, bu kluba ynanmadyk fanatsumaklara Winiden ýalkymly salam
Senyorita.
29 май 2022, 02:38
Gutlaýan Realçylar! Warataçyňyz ne beýle topy gowy görýär-aý?!
#B.S
29 май 2022, 02:39
senyorita.,
Bor jigim gynanma Live gowy möwsüm geçirdi. Angliýa kubogy we liga kubogyny aldy.
#B.S
29 май 2022, 02:40
Massimus,
Menä antiçi däl agam. Prosta Barsamyň ezeli soperigi bolansoň biraz tankytlan bolaýýan ;)))
A....
29 май 2022, 02:40
Gynandymda utmadygyna Liverpoolyň((
Merdan
29 май 2022, 02:43
Ýedi gün, ýedi gije toý indi, ansambl aydymcy1 alkash tanss bahaber
Senyorita.
29 май 2022, 02:44
Talyp_gyz,
Mmm... Salahyň nebir geçmedik gollary....
#B.S
29 май 2022, 02:44
Indi şeýdibem bu möwsümi tamamladyk indi nesip bolsa tomusda Finalissima oýuny Italiýa-Argentina milli ýygyndylaryň arasyndaky oýunlary açyp berýär. Soňam milletler ligasy. Bu ýyl tomus Dünýä Çempionaty bolanok, Katar döwleti wapşe yssy bolansoň gyşa geçirildi...
Merdan
29 май 2022, 02:45
Liwerpul görgüli hemme edeni biderek, iki kubogy hem elinden gidirdi swist
Massimus
29 май 2022, 02:45
Khanture,
Bärde Realyň heýterleri we Reala balet edensiräp oň ýeňşine ynanmadyklar üçin ýazdym.
A....
29 май 2022, 02:46
senyorita.,
Indi haçan bolýa Liverpoolyň oýunlary? #gyzykdym
#B.S
29 май 2022, 02:46
Massimus,
Hmm ok.
Merdan
29 май 2022, 02:46
Şu töwereklerde Realyň kubogy gaçyp galypdyr, bar jigim Liwerpul şony alyp gaýtsana derrewjik pont
Senyorita.
29 май 2022, 02:47
Talyp_gyz,
12-sinde bolmaly. Internetden göräýiň.
Massimus
29 май 2022, 02:48
senyorita.,
Liwerpuly mynasyp finaly bilen gutlaýan, beýle komandaň barka buýsanyp bilýäň...