Madridiň «Realy» 14-nji gezek UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy!

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyldaky möwsüminiň final duşuşygy Madridiň «Realynyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Iňlisleriň «Liwerpul» toparyndan üstün çykan madridliler bu arzyly ýeňşi eýýäm taryhynda 14-nji gezek gazandylar.

Pariž şäheriniň «Stad de Frans» stadionynda geçirilen gyzgalaňly duşuşyk Madridiň «Real» toparynyň geçiren ýeke-täk goly bilen tamamlandy. Bu goly 59-njy minutda Federiko Walwerdeniň beren ýardam pasyndan soň, braziliýaly ýarymgoragçy Winisius Junior geçirdi.

Duşuşygyň bütin dowamynda ýiti oýny bilen ispan toparyndan görnetin tapawutlanan «Liwerpul» has tolgundyryjy pursatlary döretdi. Aýratyn-da, duşuşygyň ilkinji minutlaryndan has aýgytlaýjy urgulary bilen hüjüm edip, birnäçe pursatlarda gol geçirmäge örän ýakyn geldi. Final tapgyrynyň bu täsin oýnunda Madridiň «Real» toparynyň garşydaş derwezä dogry gönükdiren ýeke-täk ugrusy ýeňiş goluny getirdi. Toparlaryň garşylyklaýyn geçiren urgularynyň sanawy bolsa umumylykda «Liwerpulyň» netijeli tapawudyna 23:3 urga deň boldy.

Madridiň «Realy» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyldaky möwsüminiň final tapgyrynda gazanan ýeňşi bilen taryhyna bu ýaryşyň 14-nji ýeňşini ýazmagy başardy. Mundan ozal bolsa topar Çempionlar ligasynyň 1955/1956, 1956/1957, 1957/1958, 1958/1959, 1959/1960, 1965/1966, 1997/1998, 1999/2000, 2001/2002, 2013/2014, 2015/2016, 2016/2017, 2017/2018 möwsümlerinde ýeňiş gazanypdy.

Çeşme: turkmenportal.com
4 лайков 206 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 29 май 2022, 08:11
Özüm Real Madridyň jan köýeri bolsamda agşamky oýundan göwnüm suw içmedi. Iki komandadanam hakyky söweşe garaşypdym. Real 90 minudyň içinde ýekeje gezek warata udar berdi, olam nädiplerdir gol boldy. Soňky hasap hem 1-0 hiçbir finala gelişjek hasap däl.
Qwerty
29 май 2022, 08:52
Ay bolyalay
Maksat
29 май 2022, 08:59
Kurtua rezin adam ýaly elini aýagyny uzadan ýerine ýetýä. Süýnýän adam.
Nazar
29 май 2022, 09:17
Indem Real mynasyp çempion boldam diýerler. Asyl PSŽdan ya-da Çelsiden gaýtmalydy
Pegas
29 май 2022, 09:28
FanB
Indem Real mynasyp çempion boldam diýerler. Asyl PSŽdan ya-da Çelsiden gaýtmalydy

Eger utulan bolsa, "Mynasyp oýun boldy, güýçli ýeňdi" diýerdiňiz. Utsa-da, beý diýýäňiz. Siz – barsaçylar birhiljeg-aý!)))
Ýeňiji oýnuň gidişi bilen däl-de, oýnuň netijesi bilen kesgitlenilýär. :)
Suleyman
29 май 2022, 10:07
Real, geçen ýyllardakylara garanyňdan, aýratyn şu ýyl has mynasyp çempion boldy! TOP grand klublary geçip bardy finala.
Merdan
29 май 2022, 11:05
Islese derwezä depsin, islese öz derwezesine depsin, ýöne ýeňiji hemişe Real bolýa))
Çelsini geçdi, PSŽ-yny geçdi, Man sity-ni geçdi, Liwerpuly geçdi, onsoňam mynasyp däl diýen bolýaňyzmy? Düşüner ýaly däl size Barsaçylar atuw
Kerbaba
29 май 2022, 11:50
Гележекде хачандыр бир гун испан,инлис,француз,немец яшлары Шагадамын,Алтын асырын,Небитчинин я Мервин оюнлары хакында шейдип жедел эдерлермика?
#B.S
29 май 2022, 11:58
kwadrat kelle,
O gunleri biza gormeris eger boljak bolsa...
Qwerty
31 май 2022, 13:43
Bah.