Bu gün FINAL! UEFA Çempionlar Ligasy "Liverpool" vs "Real Madrid"

Bu gün ýagny 28-nji maý güni Liverpool vs Real Madrid duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar. Rus teleýaýlymy «Матч ТВ» duşuşygy göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirer. Teleýaýlymyň Türkmenistanyň çägindäki IP TV ýaýlymynda bardygyny hem-de Uzb "Sport" kanalynda hem tomaşa etmek mümkinçiligi bardygyny bellemek bolar.

2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygy Parižiň «Stad-de-Frans» stadionynda geçiriler. Stadionyň ýerleri 80 000 tomaşaça niýetlenip, bu ýerde 1998-nji hem-de 2016-njy ýyllaryň çempionlyklarynyň final duşuşyklary geçirildi.

Bu duşuşyk Madridiň «Realy» bilen «Liwerpul» toparlarynyň arasyndaky degişli ýaryşdaky üçünji gezek geçirilýän final tapgyryna öwrüler. Toparlaryň arasynda 1981-nji ýylda geçen duşuşykda iňlis topary 1:0 hasaby bilen ýeňen bolsa, şondan takmynan 44 ýyl soň, 2018-nji ýylda final tapgyry madridlileriň hasabyna 3:1 ýeňiş bilen tamamlanypdy.

Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar UEFA Ýewropa ligasynda ýeňen topar bilen UEFA-nyň Naýbaşy kubogyny almak üçin güýç synanyşar. Şeýle-de bu topar geljek ýylda geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň ýaryşyna gös-göni ýollanma alar.

Tomaşa ediň, Angliýa rytsary Ispan ýyrtyjysyna garşy!
4 лайков 577 просмотров
102комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
29 май 2022, 02:49
Talyp_gyz,
https://soccer365.ru/clubs/79/&tab=shedule

Shu linkden yzarlap bilersiniz
Senyorita.
29 май 2022, 02:50
senyorita.,
Zyýany ýok. Gynanmaň. Biziň oglanjyklarymyz entek özlerini köööp görkezerler.
Senyorita.
29 май 2022, 02:51
Massimus,
Sag boluň! Sizem gutlaýan! Hakyky.
Massimus
29 май 2022, 02:53
Marselo mynasyp kubogy götermäge
Bentner
29 май 2022, 02:55
2nji taym Real Levante bn oynan yaly etda cilimkesh
#B.S
29 май 2022, 02:55
Altyn topy kim aljagam paçti anyk boldy. Benzema berekella. Reala balet etmesemem Realyň oýunçylaryndan Benzama bilen Iker Kasilýas meniň üçin bütinleý başgaça...
Massimus
29 май 2022, 02:56
14 kubok. başga klublardan ötünç soramak bilen Realyň janköýerleriniň söýgili jümlesini aýdasym gelýär.
"Futbol janköýerleri 2 topara bölünýär.
1-njisi Reala balet edýänler, 2-njisi futbola düşünmeýänler"
Bentner
29 май 2022, 02:58
Siyip gelip yatyň indi goja
Massimus
29 май 2022, 02:59
Bendtner,
Haha, tapýaňaý senem
Bentner
29 май 2022, 03:04
Massimus,
Konsert beren Kamilany soydum oytyan yatyp blmk ?
Valverde
04 июл 2022, 22:35
One one dine one jjan toparym Real Madrid
Valverde
04 июл 2022, 22:36
One one dine jan toparym Real Madrid