KALBYMA GÜÝZ ÇÖKÜPDIR

Sary çyrpysy hatly, başdan aýagy pynhan,
Kalby hakdan halatly, halal töri desterhan,
Seni synladygymça, dolýar göwnüme güman,
Gözleňden sowal okap, ýene jogap agtarýan,
Hem özümden soraýan, sen ynsanmy-ol ynsan?
Sary meňiz, sary Güýz, ýa-ha, sen maňa meňzeş,
Ýa men saňa meňzeýän!

Güýzde jemler jemlenip, güýzde hasap soralýar,
Hyjuwlar ýazda galyp, güýzde toýlar toýlanýar,
Göçüp gitse durnalar, köne ýaram gozgalýar,
“Dönmezmi biziň sary, uzaklarda galan ýar”,
Umyt gory sozulyp, şeýdip, az-kem garralýar.
Kä alçak, kä agras Güýz,
käte sen maňa meňzeş,
Kä, men saňa meňzeýän!

Köne kadasy bilen aýlanyp dur, bu heňňam,
Her owazy bir mukam, her jümlesi bir dessan,
Käte günüň umytly, kä günüňde darygýaň,
Ýene gelýär kanagat, depäm arşa direýär,
Öz-özünden berçigen göwnüm, kem-kem giňeýär,
Şeýdip, sarpaly Güýzüm, sen-ä maňa garylýaň -
Menem barha saralýan!..

Maral ANNANUROWA
4 лайков 132 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
09 ноя 2021, 15:17
Şeýdip, sarpaly Güýzüm, sen-ä maňa garylýaň - Menem barha saralýan!..
++++Likee gowy goşgy brawo
Aýnur
09 ноя 2021, 17:29
Menem saralyan....
Döwlet Şöhradow
10 ноя 2021, 09:09
Mona Songz,
Saralma indi...
Aýnur
10 ноя 2021, 09:25
sᴛᴀᴛᴇ,
Aha hihi