Gahar...Bagt...Gaygy...Ulumsylyk

Gahar:
Gahardyr özüňi unutdyrýan zat,
Gahardyr dogrynyň ýalňyşyn görýän,
Ol göýä habarsyz gelýän harasat,
Iň güýçli adamdyr ýuwudyp bilýän.
Bagt:
Şatlykdyr, gülkidir, ömri uzaldýan,
Gülüp ýaşaň. Bagtyň çeni bolmasyn.
Diňe şoldyr gaýgy-gamy azaldýan,
Adam diýildimi kemi bolmasyn.
Gaýgy:
Älemde ýok onsuz döwrany süren,
Adamda ol köp pikirler döredýär.
Ol ynsanýet dünýä gelende dörän,
Aslynda ol ýaşamagy öwredýär.
Ulumsylyk:
Adamlarda häsiýetleň sany kän
Käsinde agraslyk käsinde gahar,
Käbirleri bolsa özüne bakman,
Başgalaň ýalňyşyn ýörite tapar.

Ulumsy tutmagyn hiç haçan özüň,
Ýaňrama yzynda durmajak sözüň,
Bilýän diýip her zat aýtmak dogry däl,
Soňra sözňe jogap beräýjek özüň.
6 лайков 104 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
09 ноя 2021, 11:40
"Bagt we gaygy" den gelyan eken.
Döwlet Şöhradow
09 ноя 2021, 13:57
(Okapdym)...dogry aydylan zatlar+++

Gahary kop yuwutsanam, adamyn damagynda zob doredyar...zob bolsa kesel doredyar...
My life
09 ноя 2021, 14:15
Dogry sozler...
Dawut
10 ноя 2021, 01:03
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
(Okapdym)...dogry aydylan zatlar+++

Gahary kop yuwutsanam, adamyn damagynda zob doredyar...zob bolsa kesel doredyar...






Gaharlanman näme etjek. Gaharam tebigy zat. Dördüsem allatagalladan berlen zat, meňä olara erbet diýip biljek däl