Ulumsy

Ulumsy

Boýy uzyn gury pürse meňzeýän.
Içi ulumsylyk ýelinden doly.
Tekepbirlik lybasynyň içinde,
Elmydama öz-özünden göwni hoş.
Bütinleý gaflatda,
Haý-höweslerde.
Geçip barýar gysga ömür bimany.
Ýöne ol adamyň ahyrýet güni,
Bilmedim neneňsi bolarka haly?

Diňle akmak adam.
Eý gapyl adam!
Eý Allanyň rehmetinden daş düşen.
Aýt sen.
Haçana çen , geýýän lybasyň,
bilen gezmegiňi dowam etdirjek?
Özüň ýaly nadanlary güjeňläp,
Ulumsylyk bilen gezen ýerleriň,
Biraz möhlet geçenden soň da:şyny,
Topragyny seniň üstüňe ýükläp,
Seni dürli azap bilen bükreldip,
Agramyň bir näçe essesi bilen,
Endamyňy para-para eder ol.
Ynanmagyn oňa,
Ahyrda seni,
Taşlar gider ol.

Geçip barýar gül ömrümiz kül bolup.
Aç gözlerňi,
Dogry ýola gel indi.
Ýaşap ýörüs ýalançyda başagaý.
Haýsy ýolda?
Nirä barýas?
Näbelli.

Gerçeknazar Amannazarow.
5 лайков 72 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.