HANTAMA DÄL, OL BIZDEN...
Hawa,
Hich zat hantama däl ol bizden.
Hosh söz gerek onun argyn janyna.
Agtyklary:
"Mama"diyship, ir bilen,
Gol geriship, barsa bolýa ýanyna.
"Balam!"diyip,
Bada basýa bagryna,
Shol pursatda tapanok ol kän sözem.
Yashlyk ody bilen yagtylyp gidya
Ak merjen gaçyrýan gubarly gözem.
Ene yüreginin bu beyik bagtyn
Sen
Işe güymenip,
Görmedik bolyaň.
Ertir gaýyn ene boljak,
Ýaş ene,
Gaýyn enä pikir bermedik bolýan.
Gaýyn ene gamly-gamly garaýar:
"Guwanaýyn,balalarym,boýňuza".
Sypalaýar korpeleriň gulpagyn:
"Geleçýin men erte uly toyuňu za".
Soň ýene-de gidiberýa sedasyz.
Göwni bizde galýa.
Göwresi---yolda...
Näme diýip,
Näme aytjagmy bilmän,
Menem garap galýan, gözgyny halda.
Bize bu älemi beren enäniň
Näme yazygy bar?
Näme ayby bar?
Belki, sen bilýänsin,
Düşündir maňa,
Bu dumana dözeyin men niçezar?
Ýok,
Ýaşyrjak bolup, meyilem etme.
Men muny bilýärin,
Öňdenem aňýan.
Ahyrym özüňden bilersiň öýdüp,
O hakda entegem agzaman oňýan.
Ýöne men bir zady bilemok anyk:
(Gören barmy,hiy,enesiz doglany?)
Gaýyn enesini söýmeýän gelin
Söýüp bilermika onuñ ogluny?
Ata ATAJANOW.
Hich zat hantama däl ol bizden.
Hosh söz gerek onun argyn janyna.
Agtyklary:
"Mama"diyship, ir bilen,
Gol geriship, barsa bolýa ýanyna.
"Balam!"diyip,
Bada basýa bagryna,
Shol pursatda tapanok ol kän sözem.
Yashlyk ody bilen yagtylyp gidya
Ak merjen gaçyrýan gubarly gözem.
Ene yüreginin bu beyik bagtyn
Sen
Işe güymenip,
Görmedik bolyaň.
Ertir gaýyn ene boljak,
Ýaş ene,
Gaýyn enä pikir bermedik bolýan.
Gaýyn ene gamly-gamly garaýar:
"Guwanaýyn,balalarym,boýňuza".
Sypalaýar korpeleriň gulpagyn:
"Geleçýin men erte uly toyuňu za".
Soň ýene-de gidiberýa sedasyz.
Göwni bizde galýa.
Göwresi---yolda...
Näme diýip,
Näme aytjagmy bilmän,
Menem garap galýan, gözgyny halda.
Bize bu älemi beren enäniň
Näme yazygy bar?
Näme ayby bar?
Belki, sen bilýänsin,
Düşündir maňa,
Bu dumana dözeyin men niçezar?
Ýok,
Ýaşyrjak bolup, meyilem etme.
Men muny bilýärin,
Öňdenem aňýan.
Ahyrym özüňden bilersiň öýdüp,
O hakda entegem agzaman oňýan.
Ýöne men bir zady bilemok anyk:
(Gören barmy,hiy,enesiz doglany?)
Gaýyn enesini söýmeýän gelin
Söýüp bilermika onuñ ogluny?
Ata ATAJANOW.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.