13.11.2021ý.GUNDELIK TALEYNAMA!!!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Baş alyp çykmak başarnygy bu gün hamallara täze, peýdaly tanyşlyklary açmaga kömek eder. Ähli meselelere seresaply çemeleşiň. Gürleýän sözüňize, edýän hereketleriňize aýratyn üns beriň. Düýşüňizi ters tarapa ýormak maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Erkek sowurlaryň bu gün gyzykly teklip almaklary ahmal. Emma onuň girdejili boljaklygy ikuçly bolar. Maşgala gatnaşyklarynyň kynlaşmagy, ýaramazlaşmagy ahmal. Öz söýgüli adamlaryňyza ünsli boluň. Zenan sowurlar içindäki gorkyny we ynamsyzlygy ýeňerler. Dogumly boluň!

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köpüsi bu gün psihiki taýdan deňagramlylygy, däp-dessurlara we jemgyýetçilik tarapyndan kabul edilen kada-kanunlara uýmaklary bilen tapawutlanarlar. Bu gün nika baglaşmak üçin şowly gündür. Iri söwdalar hem şowly bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün ýyldyzlar size dogumly hereket etmegi maslahat berýär. Siz üçin girdeji getirmejek, pes ýaly duýsaňyz-da, täze işlerden ýüz öwürmäň. Islendik meseläniň çözgüdini tapmak üçin öz öňdengörüjiligiňize ýüz tutuň. Çykdajylaryň ýüze çykmagy ahmal.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýyldyzlaryň oňaýly ýerleşmegi islendik işiň şowly bolmagyna güwä geçýär. Zenan esetler islendik kişiniň başyny aýlap bilerler. Emma, uly talabedijilik we näzini çekdirmeklik geljekki gatnaşyklaryň öňüne böwet bolar. Erkek esetler öz borçlaryny ýatdan çykarmaly däldir.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün toparlaýyn işlerden gaça duruň. Uly meýilnamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmajak boluň. Siziň finans ýagdaýyňyz häzirki wagtda durnuksyzdyr. Şol sebäpli-de köp çykdajylaryň we finans ýitgileriň bolmagy ahmal. Işiňizde biraz pese gaçmagyňyz, abraýyňyzyň peselmegi ahmaldyr. Ünsli boluň!
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlaryň aktiwligi bu gün pese gaçar. Köp söwüşmeklik we öýke-kine saklamaklyk siziň ýaryňyz bilen aýrylyşmagyňyza-da getirip biler. Agşama golaý, daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşygyňyz kadalaşar. Ýanyňyzdaky adama siziň aladaňyz we mähriňiz ýetenok.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Ýakyn adamyňyz, ýa-da garyndaşlaryňyz bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy ahmal. Işiň sene-menelik bilen tamamlamagy mümkin, şonuň üçin-de islendik karara gelmezden öň soňundaky boljak zatlar barada-da pikirleniň. Maşgalaňyzdaky agzalalyk siziň saglygyňyza täsirini ýetirer. Siziň dawa-jenjeliň öňüni almak ukybyňyz häzirki wagtda diýseň zerurdyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Garaşylmadyk habar ruhy deňagramlylygyňyzy bozar ýa-da maşgaladaky aragatnaşyklaryňyzy kynlaşdyrar. Sizden biraz ynamdarlyk talap edilýär. Maşgalaňyza siziň ünsüňiziň we gatnaşygyňyzyň zerur bolmagy ahmal. Şonuň üçin-de bu boşlugy doldurjak boluň. Otdan gaça duruň, saglygyňyza gowja serediň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýyldyzlar jedi zenanlara girdejiniň täze görnüşlerini agtarmaklyklarynda üstünlik kepil geçýär. Söwer ýaryňyza köpräk üns beriň. Ondan habar tutup, öz aladaçyllygyňyzy bildirip duruň. Ynam bilen hereket etseňiz, üstünlik siziň hemraňyz bolar.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu gün siziň üçin şowly bolar. Bu gün siziň öňden bäri çözüp bilmedik meseleleriňizi çözmeklik başardar. Durmuş potensialynyň artmagy siziň işiňize, ýolbaşçylar bilen gatnaşyklaryňyza položitel täsir eder. Uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşmak, gürrüňdeşlikler, iş bilen baglanyşykly meselelerde ünsli boluň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün siziň geljekde kömek etjek birnäçe täze tanyşlyklary açmagyňyz mümkin. Islendik keşpde gowy janlanmak, admlary özüňe çekmek ukyby size üstünlikleri kepil geçýär. Emma siziň hereketleriňiz bolup geçýän zatlara dogry baha bermegiňize esaslanmalydyr.
8 лайков 198 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
13 ноя 2021, 08:55
Sagbol+ Miss_jerenjik
милашка
13 ноя 2021, 09:07
Ýetireniň üçin sag bol
#B.S
13 ноя 2021, 09:46
Garaşylmadyk habar ruhy deňagramlylygyňyzy bozar ýa-da maşgaladaky aragatnaşyklaryňyzy kynlaşdyrar. Sizden biraz ynamdarlyk talap edilýär. Maşgalaňyza siziň ünsüňiziň we gatnaşygyňyzyň zerur bolmagy ahmal. Şonuň üçin-de bu boşlugy doldurjak boluň. Otdan gaça duruň, saglygyňyza gowja serediň.
Ey goyey indi. Bolady senkem. Bashga taleynamada munyn tersini diydi we dogry geldi...
Просто я люблю тебя
Автор 13 ноя 2021, 09:51
Цитата: ♥♥♥♥♥♥
Ýetireniň üçin sag bol

ok
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Sagbol+ Miss_jerenjik

ok
Цитата: Khanture
Garaşylmadyk habar ruhy deňagramlylygyňyzy bozar ýa-da maşgaladaky aragatnaşyklaryňyzy kynlaşdyrar. Sizden biraz ynamdarlyk talap edilýär. Maşgalaňyza siziň ünsüňiziň we gatnaşygyňyzyň zerur bolmagy ahmal. Şonuň üçin-de bu boşlugy doldurjak boluň. Otdan gaça duruň, saglygyňyza gowja serediň.
Ey goyey indi. Bolady senkem. Bashga taleynamada munyn tersini diydi we dogry geldi...

hayshy saytdan ol
Daýanç
13 ноя 2021, 10:02
Miss_jerenjik,
Yurejigimm gowymy
gulicka
13 ноя 2021, 10:25
sps
Biohimik
13 ноя 2021, 12:09
Wapse basga meninka akrap
Biohimik
13 ноя 2021, 12:09
Den gelenok
Просто я люблю тебя
Автор 13 ноя 2021, 13:30
Цитата: VarTolu
Miss_jerenjik,
Yurejigimm gowymy

GOWY
Remezan
13 ноя 2021, 19:53
Günde ýetirip dur like!!! brawo