28-nji dekabr

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)


Erbet kellagry, saglygyňyz bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy ahmal. Diýseň köp finans ýitgileriň, ogurlyklaryň bolmagy-da mümkin. Haýsydyr bir täze zada başlamak bu gün maslahat berilenok. Çünki bu ýagdaýda işiňiziň şowsuz tamamlanjagy ikuçsyzdyr. Ähli syýahatlaryňyzy, gezelençleriňizi soňa goýuň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)



Bu gün siziň köpden bäri bolup bilmedik şähdaçyklygyňyz açylar. Siziň öňdengörüjiligiňiz we mertligiňiz üstünliklere ýetirer. Söýgi meselesinde-de size şowlulyklar garaşýar. Çünki siz öz şahdaçyklygyňyz we durmuşa bolan söýgiňiz bilen köpleriň ünsüni çekmegi başararsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)



Kimdir biriniň irdenden siziň tutuş gündäki keýpiňizi bozmagyna taýyn boluň. Günüň birinji ýarymyna hiç hili duşuşyklary we gezelençleri bellemejek boluň. Uly duýgy basyşyndan ýaňa size garyndaşlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen dil tapyşmak aňsat bolmaz. Erbet keýpiňizden sizi diňe degişgenligiňiz halas edip biler. Gowy dynç almak we süýji uky size ýene-de şähdaçyklygy gaýtaryp berer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)



Siz üçin söwda etmeklige we täze başlangyçlary başlamaklyga oňaýly wagt dowam edýär. Käriňizde duýdansyz öňegidişlikleriň bolmagy ahmal. Bu wagt size goldaw diýseň gerekdir. Dostlaryňyzyň kömeginden peýdalanyň, bolmasa üstünlik gazanyp bilmersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)



Özüneçekijiligiňizi öz peýdaňyza ulanyň. Bu gün siz diýseň köp meseleleri birbada çözmeli bolmagyňyz ahmal. Ýolbaşçylara ýa-da dolandyryjy guramalara ýüz tutsaňyz üstünlik gazanarsyňyz. Ýöne öz maksatlaryňyzy içiňizde saklaň, bolmasa, günüň ikinji ýarymynda bar başlangyçlaryňyzyň puja çykmagy mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)



Günüň birinji ýarymy size gynanç we lapykeçlik getirmegi mümkin. Köp sünbülelere öýlerindäki ýaşuly nesliň bolmagyna we olaryň gutarnyksyz maslahatlaryny diňlemeklige çydamaklyk kyn bolar. Günüň ikinji ýarymynda üýtgeşiklige garaşyň. Söýgi gatnaşyklarynyň ýa-da dostlugyň täze mümkinçilikleri açylar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)



Bu gün siz çygryňyzdan biraz çyksaňyz özüňizi has bagtly duýarsyňyz. Ýyldyzlar size aýdylýan öwgüli sözleri arkaýyn, lezzet bilen kabul etmekligi we ynanmazçylyk etmezligi maslahat berýär. Zenan mizanlar täze tanyşlyk açmaklary ahmal. Olaryň özlerini has gowy tarapdan görkezmeli wagty geldi. Erkek mizanlarda bolsa, şowsuzlyklaryň bolmagy mümkin. Olar garyndaşlary bilen gatnaşyklary kynlaşdyrmagy ahmal.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)



Umuman alanyňda gün diýseň gowy geçer. Döredijilik bilen meşgullanýan akraplara üstünlik garaşýar. Olar öz zehinini doly açyp, islän zatlaryny amala aşyryp bilerler. Söhbetdeşine ünslülik olara köp zatlara dogry baha bermäge we pikirlenmäge kömek eder. Ýyldyzlar akraplara bu gün hemişekisinden has paýhasly bolmaklygy maslahat berýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)



Günüň birinji ýarymy gowy bolar. Emma günüň ikinji ýarymynda maşgala bilen baglanyşykly meseleler birinji orna geçer, köp güýjüňizi alar we çykdajylary çykarmaga mejbur eder. Siz otrisatel emosiýalardan aýrylmaklyga ýiti mätäçlik çekersiňiz. Tebigat bilen gatnaşyk etmeklik maslahat berilýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)



Bu gün jedilere metjitlere gitmeklik, Hudaýýoly bermeklik we mätäçlik çekýänlere kömek etmeklik maslahat berilýär. Ruhubelentlik we öňdengörüjilik diýseň uly orun tutýar. Günüň ikinji ýarymynda size ýygjam we paýhasly bolmaklyk maslahat berikýär. Geçmişe nazar aýlap, dogry netije çykarjak boluň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)



Bu gün öz aýdýan sözleriňize we edýän hereketleriňize üns beriň. Özüňize çakdanaşa göwnüňiziň ýetmekliginden we dogruçyl berlen tankyda ýaman göz bilen garamakdan gaçyň. Günüň ikinji ýarymynda sizi maşgala işlerine girmäge mejbur etjek habaryň gelmegi ahmal. Çagalaryň kynçylyklary bilen baglanyşykly ýaramazlyklaryň bolmagy ahmal.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)


Bu gün netije çykarmak, iri söwda etmek, gozgalmaýan emläk edinmek, nika baglanyşmak üçin gowy gün. Günüň birinji ýarymynda aljyraňňylyk we ynamsyzlyk kiçijek şowsuzlyklaryň sebäbi bolup biler. Emma soňra siz özüňizi dürsäp we ýakyn geljekdäki meýilnamalaryňyza taýýarlap bilersiňiz. Şeýle-de bu gün remont etmek, käbir zatlary üýtgetmek üçin gowy gündür.
1 лайков 306 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
28 дек 2021, 21:01
Ялан
Ogulşirin Bayramowa
28 дек 2021, 21:03
Hamal düýne degişli.
Liwerpul_fc
28 дек 2021, 21:04
Siz üçin söwda etmeklige we täze başlangyçlary başlamaklyga oňaýly wagt dowam edýär. Käriňizde duýdansyz öňegidişlikleriň bolmagy ahmal. Bu wagt size goldaw diýseň gerekdir. Dostlaryňyzyň kömeginden peýdalanyň, bolmasa üstünlik gazanyp bilmersiňiz.

- Barlap görjek,eger bankrot bolaýsam özüňi suduň gapysynda göräý
Kalp doctory
28 дек 2021, 21:07
hehe leylim like menden yone mana fogry gelmedi tas olishipdim shugun wara
Kalp doctory
28 дек 2021, 21:07
dogry bolmaly
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:08
Dogry! Kelleagyry boldum şu wagtam agyryp dur. Gandan analiz tabşyrmalydym 8 yerden deşip çykdy iňňesini zordan azajyk gan aldy. Zagran pasport uçin barmak yzy aljak bolyalar olam duşenok soňabaka elimiň ustunden bat bilen basyp döwere getirdi "Nirde işleyäň?" diyip soraya birem (geň yagday barmak yz alyp bolanok menden). Soň migrasiya kepilnama bermedi. Aňyrdan zapros gelmese berip bilemizok diyyä. Olaram: "Biz berjek däl sen özbaşdak rayat" diyyä. Inistutdakylar bilen göni 1 sagat uruşdym. Gunuň dowamynda 4nji gezek baryp, zagran un arzamy anketamy kopyaladyp, şapbat yaly listde-de orunbasar hat yazyp berdi garaz şular bn dakazat etjek bolup gör. Bu gunki çykan pullary aytsana ogurlatdymam :(
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:09
Daže ablanoda gitdim inspektoryň yanyna öldum özä
Döwlet Şöhradow
28 дек 2021, 21:10
Şu gün ýitirdim... :((
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:10
Liwerpul_fc,
şu gun paçti suda beripdiler menem zaybal etdim hemmäni
Kalp doctory
28 дек 2021, 21:11
euw nameler bollow gowmy indi ozini duyshun ya skora ibereinmi leylim
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:12
kalp doctory,
yo men gowulay iki sany döwlet edarasy oňuşanok oňa barsam oňa bar diyyä garaz yurege bagra dusdiler
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:13
sᴛᴀᴛᴇ,
dogry ekenmi seňki?
Kalp doctory
28 дек 2021, 21:15
ikisinam yere sokup gaytmaly ekeningda how
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:17
kalp doctory,
sokduma migrasiya aydanymy etdirdim indi inistut bilen ertir täzeden yuzbeyuz gyrlyşarys
Han ogul
28 дек 2021, 21:20
Bläää hemmesem dogry
Han ogul
28 дек 2021, 21:22
Ekizlere seredä
Merdan
28 дек 2021, 21:25
Hamal Şu gün meň üçinä erbet däldi, birazajyk işli boldym, ýöne gowy boldy hemme zat
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:27
MerdanGeldiyevv,
menkä hemmesi dogry geldi pulam ogurlatdym
Han ogul
28 дек 2021, 21:27
Nairobi,
Näçe manat?
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:29
Han ogul,
25 manat
Merdan
28 дек 2021, 21:29
Цитата: Nairobi
MerdanGeldiyevv,
menkä hemmesi dogry geldi pulam ogurlatdym

Pul ogurladammok, ýöne pul gitdi. Oturylyşyk etdik welin şoňa pul goşdum))
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:33
MerdanGeldiyevv,
olam finans yagdayňa täsir edyädä)
Liwerpul_fc
28 дек 2021, 21:34
Цитата: Nairobi
Han ogul,
25 manat

Gaçyransyň
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 21:37
Liwerpul_fc,
näm bolsa-da gitdi şol yok
Kalp doctory
28 дек 2021, 22:05
Essalawmaleykum Merdan gvjamy yagday
#B.S
28 дек 2021, 22:24
Günüň birinji ýarymy gowy bolar. Emma günüň ikinji ýarymynda maşgala bilen baglanyşykly meseleler birinji orna geçer, köp güýjüňizi alar we çykdajylary çykarmaga mejbur eder. Siz otrisatel emosiýalardan aýrylmaklyga ýiti mätäçlik çekersiňiz. Tebigat bilen gatnaşyk etmeklik maslahat berilýär.

Bu gezega 60 present dogra geldi. Ozalkyna 100 presen nadogrydy.....
Leyli Amanowa
Автор 28 дек 2021, 22:29
Khanture,
bu sapar töläy şoň un
#B.S
28 дек 2021, 22:31
Цитата: Nairobi
Khanture,
bu sapar töläy şoň un

pully Shulardan alay
Ezizz
28 дек 2021, 22:52
Kowus (keman 23.11 — 21.12)



Günüň birinji ýarymy gowy bolar. Emma günüň ikinji ýarymynda maşgala bilen baglanyşykly meseleler birinji orna geçer, köp güýjüňizi alar we çykdajylary çykarmaga mejbur eder. Siz otrisatel emosiýalardan aýrylmaklyga ýiti mätäçlik çekersiňiz. Tebigat bilen gatnaşyk etmeklik maslahat berilýär.

Bââh?