****
Николай Авдеев diýen ýigit bir wakany aýdyp beripdi. Ol öň Owganystanda gulluk eden eken.Gaýdyp gelensoň söýen gyzy oňa garaşman başga birine durmuşa çykandygyny bilip galýar. Gaharyna bäs gelip bilmedik ýigit özüni ýene uruş ojagyna urdy. Bu gezek ol Çeçenistanda söweşmek üçin ugradyldy. Аna şol ýerde onu gara kölegeler duşman okundan gorap ölümden halas edipdirler...
Авдеев iň otrýady duýdansyz daşy gabalýar. Ýigitler daşdan gurulyp başlanan emma bitmän galan ymaratyň arkasynda gizlenip,kem-kemden golaýlap gelýän duşman esgerlerine gaýtawul berýärdiler. Duşman bolsa güýçli,kem-kemden golaýlaşyp gelýär. Авдеев-iň ýigitleri soňky patronlary galýança garşylyk görkezdiler. Çünki olar bilýärdiler.Ýesir düşüp dürli gorkunç gynamalary başyndan geçirenlerinden,mertlerçe söweş meýdanynda jan tabşyranyň makul. Авдеев-iň özi hem wagt barka ýaşaýyş bilen hoşlaşdy. Emma...
Garaşylmadyk ýagdaý,duşman olara dälde dürli taraplara ok atyp başladylar. Авдеев ýuwaşlyk bilen köçä tarap göz aýlady.Duşmandan başga hiç kim ýok. Olar kime ok atýarlarka? Şol wagt ýeke-ýekeden duşman esgerleri ýykylyp başladylar.Ana şonda Авдеев,gap-gara kölegeler öýüň töwereginde(ymaratyň) aýlanyp duşmany öldürýändiklerni gördi. Indi,bu kölegeler näme?.. Авдеев ünsli synlady. Uzyn boýly adam,depesinde esgerleriň geýýän kepkasy. Ýöne...Kölege görnüşinde... Ýüzi edil möjegiňkä çalym edýärdi...
Aradan iki sagada golaý wagt geçip duşman esgerleriniň hemmesi öldürildi. Köpüsiniň kellesi ýolunyp taşlanan, käbirleri çeýnelip taşlanan ýagdaýda ýatyrdylar. Kölegeler bolsa dereksiz gaýyp bolupdylar...
Авдеев ýigitlerine bu barada hiç kime aýtmazlygy maslahat berdi. Sebäbi, olaryň sözüne hiç kim ynanjak däldi.
Парапсихолог Владимир Заруцкий bu wakadan habar tapansoň, Николай Авдеев hakykatdan hem harbylaryň ruhlaryny öz gözi bilen görenligini aýtdy. Diýmek, şol gara kölegeler öň söweşlerde heläk bolan esgerleriň ruhlary eken.
— Beýle hadysalar dünýäniň köp ýurtlarynda,dürli döwletlerde tiz-tizden bolup durýan. — diýdi Заруцкий. — Mysal üçin, Makedonski döwründe hem onuň armiýasyny nähilidir bir syrly kölegeler duşmandan gorapdyrlar. Ýogsam,Makedonskä garşy söweşenler örän güýçli taýýarlyga eýe bolan söweşijilerdi. Emma görünmezek esgerleriň garşysyna barybir çäresiz galanlar. Kölegeler olaryň kellesini bir tarapa el-aýagyny ikinçi tarapa zyňyp,olara gorkunç ölümi peşgeş berenler.
Taryhy maglumatlara nazar salsak,eramyzyň 13 asyrynda Çingizhan Günorta Rusa uly ýörüş gurnaýar. Ana şol söweşler wagtynda peýda bolan gara kölegeler onuň on müňden gowrak esgerini tygdan geçirýär.
Çingiz han hiç düşünip bilenokdy. Bu ýitgi nädip boldy? Kim,haýsy tarapdan olara hüjüm etdi?..
Ýene bir mysal. 2003 ýylda amerikalylar yraklylara garşy «Wintofkalaryň gahary» diýip atlandyrylan nobatdaky harby operasiýa geçirýärler. Bellenen ýere hüjüm edip içeri giren ýörüte oyrýad esgerleri hiç zat ýokdygyny görýärler. Hemme ýeri barlaýarlar,barybir kimi tapmaýarlar we daşary çykýarlar.Daşarda goýulan sakçylaryň barsy bireýýäm öldürip gidilen. Geň ýagdaý,daşarda hiç hili ses,ok sesleri ýa-da öldürlen esgerleriň goh-galmagaly bolmadyk... Kim öldürmegi mümkin olary?..
Olar rasiýa (рация) arkaly bolup geçen waka hakynda ýolbaşçylaryna habar berýärler we gorky içinde bu ýerini terk edip başlaýarlar. Emma uzaga gidip bilmeýärler. Elli metrler çemesi ýol ýöränlerinden soň,birdenkä hemmäň gözi çydap bolmajak derejede awuşap başlaýar. Birazdan soň awuşama aýrylyp esgerler gözlerini açdylar... We şol pursan ýaraglarna ýapyşdylar. Çünki öňlerinde edil aždarhalary ýatladýan mahluklarsypat,ýöne harby geýimliler du:rdular.
Aradan bäş-on minut geçip geçmänkä esgerleriň bary ýere ýazyldy...
Aýtmaklarna görä,şu hili wakalar ýene iki -üç gezek gaýtalananmyş.
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.