BAÝGUŞ
Rowaýata görä bir wagtlar bir baýyň ogly bolupdyr. Oňa „Baýogly“ diýip at goýupdyrlar. Ata-enesi ony zatdan kem etmändir. Oňa elmydama Watany eziz dörmegi, halka wepaly bolmagy sargapdyrlar. Ýöne ol ýigit olaryň bu nesihatlaryny unudypdyr. Haçan-da obasyna duşman çozanda, ol eline ýarag alyp, duşman bilen söweşmegiň deregine öz janyny halas etymegiň aladasyny edipdir. Oglanyň atasy, obadaşlary duşman bilen bolan söweşde wepat bolupdyrlar. Obasy weýran edilip, harabaçylyga öwrülipdir.
Bipeýan oglunyň namartlygyna namys eden ene iň soňky deminde: „Ýurduň haraba bolsun, ylahym!“ diýip, ogluna gargapdyr. Enäniň gargyşy bilen ol oglan baýguşa öwrülipdir. Şondan bäri hem baýguş harabalykda mesgen tutunypdyr. Il-gün hem bu guşy betbagtçylygyň alamaty hasaplap, jaýlarynyň töweregine gonsa, ony kowýarlar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.