Ýylgyrmak ömürden

1) Garry mama garagolja agtygyndan sorapdyr:

– Amanjan, bu otluçöpleriň hiçisi ýananok-la…

Näme üçinkä?!

Amanjyk geň galypdyr:

– Beh, ýaňyrak özüm ýeke-ýeke ýakyp gördüm. Hemmesi ýanyp durdy ahyryn…


2) Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrlygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalynypdyr. Birdenem eline gözi düşüp:

– Be, elim nireden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok – diýipdir.

Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna görä sorag beripdir:

– Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň?

3) Tentek altynjy gatdan ýykylypdyr. Az salymdan daş-töweregi adamdan dolupdyr. Ýoldan geçip barýanyň biri köpçüligiň arasyndan geçip, Tentegiň ýanyna barypdyr:

– Näme bold-aý bärde?

Tentek zordan gepläpdir:

– Bilmedim-aý, menem şu wagtjyk geldim!

4) Mugallym öz okuwçylaryny ýygnap, ýadygärlik surata düşjek bolýarmyş.

– Pikir edip görüň, çagalar! Ýene-de birnäçe ýyldan siz bu surata seredip, mekdep günlerini ýatlarsyňyz.

«Ine, bu synpdaşymyz Meretdurdy. Telekeçi boldy. Bu bolsa Jeren. Çaga lukmany bolup işleýär…».

Şol wagt yzdan degişgen okuwçynyň sesi eşidilýär:

– Hawa, bu-da synp ýolbaşçymyzdy. Jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!

5) Okuwa ýaňy başlan çaga tasanjyrap ejesiniň ýanyna barypdyr.

– Näme boldy, Ahmet jan?

– Biziň mugallymymyz-a hiç zadam bilenok!

– O nähili hiç zat bilenok?

– Çynymy aýdýan, eje! Hemme zady bizden soraýar…

6) Bir çagaly maşgala kireýine ýaşar ýaly jaý gözläpdir. Öý eýesi goh-galmagal bolar diýip, olara jaýyny bermek islemändir:
– Men jaýymy çagaly maşgala berjek däl.
Oglanjyk ýyrş-ýyrş edipdir-de, öý eýesine şeý diýipdir:
– Bolýar onda, siz jaýyňyzy maňa beräýiň. Ejem bilen kakamam meniň bilen ýaşar-da…

7) Günlerde bir gün Ependi hammama baranda bir nätanyş adam sen-men ýok, onuň ýeňsesine bir şapbat urupdyr. Ependi yzyna gaňrylyp seretse, asla gören adamy däl.
Ol adam:
– Agam, günämi öteweri, men sizi öz ýakyn dostlarymyň biridir öýdüpdirin – diýip, ötünç sorapdyr. Emma Ependi ony tutup, kazynyň ýanyna alyp baryp:
– Meniň bu adamda hakym bar, şony alyp ber! – diýipdir.
Onda kazy:
– Ol nähili hak? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Bu adam meniň ýeňsäme urdy – diýipdir. Ol adam kazynyň dosty eken. Näme etjegini bilmän, kyn ýagdaýa düşen kazy:
– Bir şapbadyň haky bir teňňedir, men seniň haýryňa bir teňňe jerime salýaryn – diýipdir.
Soňra kazy günäkäre garap:
– Bar, derrew bir teňňe getir. Urlany üçin ony Ependä berjek – diýipdir. Şeýdip kazy günäkär dostuna gaçyp gitmäge mümkinçilik beripdir. Ependi özüni uran adam «häli geler, şindi geler» diýip, köp garaşypdyr. Ahyry ol kazynyň günäkäri bahana bilen sypdyryp goýberenligine düşünipdir. Ependi kazynyň aljyraňňylygyndan peýdalanyp:
– Asyl onuň günäsini bagyşlan özüň ekeniň-ow! – diýip, uly goh bilen gygyrypdyrda, bar güýji bilen kazynyň ýeňsesine çalypdyr.
Kazy öwrülip Ependä:
– Bu näme etdigiň boldy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Garaşyp durmaga meniň wagtym ýok. Günäkär gelse, meniň haýryma salan bir teňňe jerimäni özüň alaý – diýip, çykyp gidipdir.

8) Günlerde bir gün Ependi goňşusyndan gazanyny diläp alypdyr. Birnäçe günden soň gazanlyk işi gutaransoň, onuň içine başga-da bir kiçijik gazan salyp, eýesine eltip beripdir.

Gazanyň eýesi muny görüp:

– Bu näme? – diýip, geň galyp sorapdyr.

Ependi:

– Gazanyňyz guzlady – diýipdir welin, goňşusy begenip, gazanjygy ur-tut garbap alypdyr.

Birnäçe günden soň Ependi goňşusyndan «guzlan» gazany sorapdyr. Goňşusy beripdir. Ependi gazany öýüne getiripdir. Eýesi köp garaşypdyr. Emma Ependi gazany getirer ýerde getirmändir. Birnäçe günden soňra gazanyň eýesi gelip, gazanyny sorapdyr.

Ependi:

– Seniň şol gazanyň öläýdi, bagyşlaweri! – diýipdir. Onda gazanyň eýesi:

– Heý-de, gazan ölermi? – diýipdir.

Ependi bolsa:

– Sen näme gazanyň «guzlanyna ynanýaň-da, ölenine şübhelenýärmiň? Dogrup bilen, ölübem biler ahyryn – diýipdir.

9) Bir gün Ependi biriniň bagyna girip, üzüm ýolmaga başlapdyr. Bagyň sakçysy ony görüp, daşdan gygyrypdyr:

– Eeeý, Ependi, ol ýerde näme işleýäň? Bagyň içinden çyk-da, ýok bol!

– Men meýdan edýän? – diýip, Ependi jogap beripdir.

Bagyň sakçysy:

– Seň näme edýändigiňi häzir biläýeris – diýip, onuň ýanyna gelipdir. Ependi golaýynda ýatan sygryň täzeje maçjasyny oňa görkezipdir.

– Ol sygryňky ahyryn – diýip, bagyň sakçysy garşylyk görkezipdir.

Onda Ependi:

– Sen gykylyklap, maňa adamyňky ýaly meýdan etmäge maý berdiňmi näme? – diýipdir.

10) Bir adam eşegi bilen gidip barýan eken. Gaýy üstünden gülmek üçin ony saklapdyr. Dokumentleri sorap: “Haýsyňyza jerime ýazaýyn, sizemi ýa-da eşegemi?” diýip sorapdyr. Ol adamam: “Maňa ýazaý, eşegiň dokumenti arassa bolaýsyn. Ulalanda milise bolmaly” diýipdir.

6 лайков 130 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
21 ноя 2021, 16:19
Hahhaaa guldurdin oza Dani:)))