Chyrachy gyz (Bolan waka)
Mekdep söýgisi tamamlandy. Indi bolsa her kim öz ýoluny saýlamalydy. Döwlet we Leýli iki sany klasdaş. Bularyň arasyndaky söýgä eýýäm 1 ýyl geçipdi. Ýeri indi mekdebä gutardy, Döwlet bolsa Türkiýe döwletine okuwa synanşdy we geçdi, a Leýli bolsa Türkmenistanda okuwa girdi. Indi bu iki sany ýaş ýürek aýrylaşmaly boldy. Awgust aýynda Döwlet Türkiýä uçdy. Onuň bilen aýralaşmak Leýlä gaty agyr degdi. Ýöne nätjek, Döwlediň “basym gelerin...” diýen sözleri ýadynda. Türkiýä baryp öýlerinden öň Döwlet Leýlä jaň etdi, soňra öýlerine aýlady. Biri-birilerine wada beren ýaşlar söýgilerine ynamlydy. Döwlet Türkiýä baryp kän zatlary gördi, çünki adam başga ýurtlara baranda dünýä garaýşyda giňeýär, köp zatlara göz ýetirýär. Döwlede hem öýlerinden söýgüli ýaryndan aýra düşmek kyndy, ýöne näme etjek, öň arzuw edipdi, indem arzuwy hasyl boldy, yza bolsa ýol ýok, hatda şol ýol bolsada Döwlet gaýtmazdy. Okuwlar başlady. Döwlet hem kursdaşlary bilen tanyşyp çykdy. Elbetde olaryň arasynda türkmenler hem bardy. Şol türkmenleriň arasyndaky bir gyza Döwlet gaty ýarady. Onuň ady Maýsady. Olar bir umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardylar. Döwlet Maýsa bilen dostluga garşy çykmady, ýöne Maýsanyň göwnünde başga bir zat bardy. —Döwlet bir sorag bersem bolarmy? —Howa aýdyber —Seniň söýüşýäniň barmy? —Elbetde bar, suratyny görkezeýinmi? Bu sözler gyza agyr degdi. Maýsanyň ondan göwni barda, emma bu hakda Döwletiň bilesi hem gelmeýärdi. Sebäbi ol öz söýgisine wepalydy. Leýli hem öz okuwlary bilendi. Bir gün okuwdan çykyp öýlerine gaýtjak bolup taksi tutjak bolup durka bir oglan Mercedes bilen gelip Leýliniň deňinde durýar we ony öýlerine alyp gidýar. Leýliniň nirede gören zady, oglan baýa meňzeýär, maşyny bar, her elinde telefon, süýji sözli... Şol günden soň her gün ýaňky maşyn şol uniwersitetiň deňinde durup Leýla garaşyp başlady. Ondaky oglanyň ady Nazardy. Leýliniňem göwnünden kem galmady. Bularyň arasynda ýönekeýje gürrüňler başlap iň soňunda bolsa Nazar Leýliniň başyny aýlady, ýagny söýgi başlady. Leýliniň pikiriçe Nazar Döwletden gowy görünýärdi. Nazar bolsa her gün sowgatdyr, güller bilen gyzy begendirýärdi. Bu söýgi uzaga çekendir öýdýäňizmi? Döwlet soňky döwür Leýlä jaň etse ol ýa elini almaýardy ýa-da bahanalar bilen telefony goýýardy. Onuň boluşy Döwlete ýaramaýardy. Emma Leýlanyň ýadyna bolsa Döwlet düşmeýärdi, onuň aklyny baý oglan Nazar aldy. Leýli mese-mälim üýtgedi. Öýlerine wagtynda gelmän başlady. Bu ýagdaý hatda onuň ejesinem gaýga goýýardy. Bir gün ejesi gyzy bilen gürleşip otyrka Döwlet hakda sorady, Leýli bolsa: “eje şonuň adyny indi meniň ýanymda tutaýma” diýdi. Ejesi bir tüýsli boldy. Hiç zatdan habarsyz Döwlet bolsa okuwy bilendi. Güni geçse bolýar adama azary ýokdy. Ýanynda bolsa elmydama Maýsa bardy, ýöne olaryň arasynda söýgi gatnaşygy ýokdy. Leýli bolsa söýginiň keýpindedi. Bir gün Nazar bilen Leýliniň arasynda jynsy gatnaşygy boldy. Netijede Leýli gyzlygyny ýitirdi. Nu ýagdaý Nazaryň durmuşynda ilkinji sapar däldi. Nazaryň Leýlide başga ep-esli gyzlar bilen aragatnaşygy bardy. Bu zatlardan bi habar gyz Nazara tutuş özüni sowgat etdi. Indi bolsa Nazaryň göwni Leýliden sowaşyp başlady. Leýli bolsa oňa gabanjaňlyk häsiýetini görkezip başlady. Hany indi her gün uniwersitetyň öňünde durýar Mercedes? Edil ýitirim ýalydy, hatda telefonyny hem alanokdy. Leýli bolsa gidere ýer tapanokdy. Indi kime arzyňy aýtmaly? Kim kömege gelmeli? Asla kim ýalňyşdy? Şular ýaly soraglar däliredip barýardy. Indi Döwlet bilen arasyny gowulap başlady. Ýöne gyz Nazary küýseýärdi, sebäbi ony Döwletden hem beter söýüpdi. Döwletiň göwnüne bolsa bir kemçilik bardy. Ol hamala duýýan ýaly gaýgy edýärdi. Wagt geçdi. 1-nji kursy tamamlap tomus dynç alyşyna çykan Döwlet Aşgabada howlukýardy. Onuň gelýänligi hakda onuň ene-atasynyň hatda Leýliniňem habary ýokdy. Bar bilýän adam onuň dosty Mekandy. Dostlar aeroportda sataşdylar. Döwletiň ýanynda bolsa Maýsa bardy. 3 bolup Mekanynyň ulagyna mündiler. Döwletiň ilkinji aýdan salgysy bolsa Leýlileriň öýidi. Emma Mekan bir tüýsli bolup: —borlaý dost soňurrak baraýalylaý şolara, ilki öýňüze gideli —Ýok, ýöri Leýlilere, men ony eýýäm 10 aý bäri görmedim dost, gaýrat edäýdä. Döwletiň ýüzünden geçip bilmedik Mekan Leýlilere tarap ýöredi. Olaryň ýanyna baryp Leýlä jaň etdi. Ol bolsa telefony almady. Döwletiň garaşasy gelmedi. Mekana: “aý ýöri dost öýe taşlasanaý” diýeninde olaryň gapdalynda bir maşyn gelip ondan Leýli düşüp bir oglan bilen ogşaşyp öwrülende bolsa Döwlede, Mekana we Maýsa gözi düşdi. Gyz näme etjegini bilmän doňup durdy. Döwlet onuň ýanyna baryp: —Leýli bu nämäniň alamaty? —Döwlet bagyşla meni... Aralarynda uruş turjak ýaly Döwlet gygyryp başlady. Mekan ony elinden çekip ulaga mündirip Leýliniň ýanyndan alyp gitdi we ähli bolup geçen zady gürrüň berdi: —Dostjan...bilýän saňa şu wagt kyn ýöne men saňa sen ýokgaň bolan wakalary aýdaýyn. Seniň Türkiýedekäň bir ministryň Nazar atly Mercedes sürýän ogly seniň Leýliňi zaýalady. Düşün dost ol indi gyz däl. Ol elden-ele geçip gitdi... —Näme üçin öň aýtmadyň men gelerdimdä —Dost menem senden 1 aý öň geldim, gelemde klasdaş gyzlarymyzy gördim, şolar aýtdy maňa, meniňem habarym ýokdy şu zatlardan. Hakyky söýgini gözlemelimi ýa-da geçmişi unudyp täze durmuşa başlamalymy...Döwlet elbetde täze durmuşa başlady, oňa bolanlary untmak Türkiýä gitmekdenem agyr düşdi. Ýöne ol başardy. Tomusda dynç alyp ýören wagtlary Döwlet bilen Maýsanyň arasynda täze söýgi romany başlary. Emma Leýli bolsa “çyraçy gyz” hökmünde gezip ýör. Şeýdip Leýli elden-ele gitdi. Göräýmäge oglan daşary ýurda gidip ikilik edäýjek ýalydy emma beýle bolmady.
Cheshme: Talyplar.com
Awtor : Lal
Cheshme: Talyplar.com
Awtor : Lal
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.