****
Gadym döwürlerden bäri adamlar,halklar porhan,jadygöý,palmanlary halamandyrlar. Hasam 15 asyrlarda katolik buthanalary jadygöýlere,palman we porhanlara garşy rehimsiz göreş alyp barypdyr. Şol asyryň özünde Ýewropada 100000 e golaý adam gara jadyda aýyplanyp öldürilipdir. Anygragy,şol döwrüň kanunyna görä,diriligne oda ýakylan.
Gadymda jadygöýi anyklamak adamlara kynçylyk döretmändir. Başgaça aýdanda, kimiň saçy çypar (рыжий) bolsa, şol jadygöý hasaplanypdyr. Käbir ýerlerde bolsa aýal ýa-da erkegiň jadygöý ýa-da däldigini anyklamak üçin boýnuna ullakan daş daňyp suwa taşlapdyrlar. Eger ol suwdan çykyp bilse,jadygöý hasaplanypdyr. Çykyp bilmän gark bolsa eden işlerne puşman we toba edip gidiberipdirler. Şol sebäpli bolsa bir bigünä bende ölüm tapypdyr.
Taryhy maglumatlara görä Ýewropada soňky jadygöý aýaly 1782 ýylda öldüripdirler. 1735 ýylda bolsa Angliýa hökümeti jadygöýlik jenaýatyny hilegärlik (moşenniçestwo) diýip üýtgedýär. Indi şu kanun boýunça jady ussatlary öldürilmeýän boldy. Edil şu kanun 1940 ýyla çenli öz güýjünde galdy.1951 ýyly jady ussatlaryny jezalamak jenaýat kodeksinden bütinleý aýryldy.
Emma jadygöýlere garşy göreş biziň günlerimizde-de dowam edýär. Mysal üçin Keniýada 2008 ýyly mähelle (tolpa) 11 adamy jadygöýlükde aýyplap diriligne ýakyp göýberipdirler.2009 ýyl martynda bolsa Gambiýa hökümeti tarapyndan jadygöýlük,porhançylyk we palmançylykda aýyplanyp 1000 kişi ogurlap gidilen we syrly ýagdaýda öldürilen. Hindistanda hem jadygöýlere garşy rehimsiz gatnaşykda bolýarlar. Käbir ştatlarda ýaşaýanlar bu göreşi özleriniň haýryna hem peýdalanýarlar. Mysal üçin,kimdir birine ýer,pul gerek bolsa, goragsyz aýaly tutýarda jadygöýlükde aýyplaýar. Bu adamyň pikirine beýlekiler hem goşulýar we aýyplanýan aýal öldürilýär. Ol adam bolsa ýowuz niýetine ýetýär. Bigünä bendäň ýerini ýada pulyny özleşdirip hiç zat bolmadyk ýaly ýaşaberýär. Statistik maglumatlara görä 1995-2009 ýyllar aralygynda Hindistanda 3000 ýakyn adam jadygöýlükde aýyplanyp öldürilen. Papua-Täze Gwineýada bu jenaýat üçin 2 ýyl azatlykdan mahrum edýärler.
Yslamda-da jadygöýlük,pal açmak gadagan edilen.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.