Müsür bikanun äkidilen taryhy gymmatlyklary gaýdyp aldy
Soňky on ýylyň içinde Kairiň hökümetine ýurtdan ogurlanyp äkidilen taryhy gymmatlyklaryň 30 müňüsini yzyna gaýdyp almagy başartdy. Bu barada Al-Hayat teleýaýlymyna Turizm we gadymy miras ministrliginiň baş inspektory Şaaban Abdel Gauad habar berdi.
«2011-nji ýyldan bäri Müsür hökümetine artefaktlaryň 29300-sini yzyna almak başartdy. Hut şu ýylyň dowamynda Waşingtondaky Injil muzeýinde gadymy müsür siwilizasiýasyna degişli 5300 sany taryhy gymmatlyklaryň üstünden bardyk” diýip, ol gürrüň berdi.
Ol öz edarasynyň bütin dünýäde geçirilýän auksionlarda we internetde gadymy ýadygärlikleriň satuwyny yzarlamagy netijesinde ogurlanyp ýurtdan çykarylýan taryhy ýadygärlikleri ele salýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy. Asyl Watanyna getirilen gymmatlyklar soňra rejelenip, ýerli muzeýlerde goýulýar. Mysal üçin, Belgiýada tapylan gadymy adam ystyhany (skeleti) häzirki wagtda Müsüriň Milli muzeýinde saklanýar.
2020-nji ýylda Müsür Interpola Londondaky auksionda satylan faraon Tutanhamonyň döşheýkelini tapmakda kömek sorap ýüz tutdy. Ol 1970-nji ýyllarda Luksordaky Karnak ybadathanasyndan ogurlanyp, daşary ýurda äkidilipdir. Häzirki wagtda onuň nirdedigi belli däl.
Ýeri gelende aýtsak, Müsür soňky ýyllarda ýurtdan bikanun alnyp gidilen gadymy gymmatlyklary yzyna dolap almak bilen bagly işjeň hereket edýär.
Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, alnyp gidilýän gymmatlyklaryň 95 göterimi ýurduň çäginde bikanun gazuw-agtaryşlary amala aşyrýan dellallara degişlidir.

26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.