Tutanhamonyň hanjarynyň syry açyldy
Arheologlar faraon Tutanhamonyň aramgähindäki hanjaryň gadymy Müsüriň çäklerinden daşarda meteor demirden ýasalandygyny anykladylar. Bu açyş arkaly 1922-nji ýylda Tutanhamonyň aramgähinden tapylan hanjaryň ilkibaşda başga bir gadymy döwletden Tutanhamonyň atasyna sowgat hökmünde iberilendigini tassyklandy. Bu artefakt miladydan öňki XIV asyra degişlidir.
Ýaponiýanyň Çiba tehnologiýa institutynyň alymlar toparynyň geçiren derňewlerinde jisimiň 950 ° C-den pes bolmadyk temperaturada eredilip, Müsüriň daşynda – Anadolyda ýasalandygy anyklandy.
Şeýle hem rentgen barlaglary hanjaryň tutawajynyň müsürliler tarapyndan has soň ulanylan hek gipsinden ýasalandygyny görkezdi. Alymlaryň pikiriçe, ýaş faraon hanjary atasyndan miras alypdyr.
18-nji Müsür neberesiniň faraony Tutanhamon, miladydan öňki 1332-nji ýyldan 1323-nji ýyla çenli Müsüri dolandyrypdyr.
lkinji gezek 1922-nji ýylda britaniýaly Goward Karter tarapyndan Müsürde ýüze çykarylan Tutanhomonyň aramgähi häzirki günlere çenli dünýä arheologlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.