Uranyny gordum

agalar ýalançy bäş gün dünýede, aýalyň erkegne uranyny gördüm, gelinler gygyrýar ärleň üstüne, ärleriň müzzerip duranyny gördüm indi sylamaýar ini agany, agalar hem sylamaýar inini, ak süýt beren bir mähriban enäni, zalym ogluň ýenjip duranyny gördüm jepasy kän bu ýalançy pelegiň, gadry gaçdy hormat bilen sylagyň, bäş gün pully bolan ýeňi ýolugyň, dostunam äsgermän duranyny gördüm nesibesi güýçli öňki gelenleň, gabahat işleri görmän ötenleň, ýoldaşyn ukladyp käbir gelinleň, özgäniň gujagna dolanyny gördüm zemin gury bolsa açylmaz güller. gül bolmasa, saýramaýar bilbiller, oglundan, gelninden ýanan bendeleň, gözün açyp göre girenini gördüm

Cheshme: Guljahan Annayewa
10 лайков 198 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
19 дек 2021, 15:26
Gowy goşgy brawo
Enegul
19 дек 2021, 15:26
gowy goşgy eken
aika
19 дек 2021, 15:27
govy goshgy yany tas yene like diyp yazyadmda
Shahrukh khan
Автор 19 дек 2021, 15:28
Цитата: aik
govy goshgy yany tas yene like diyp yazyadmda


)))
malvina_texnoloc
19 дек 2021, 15:38
Hawwada?.ayy bylar yaly zatlar hachandan barem bar
Ejegyz.
19 дек 2021, 15:55
durmuşda hemme zada gabat gelýäň...