Bol

Sabryň düýbi sap altyndan bolarmyş
Dostum,sabyrly bol, kanagatly bol
Kanagaty bara döwlet gelermiş 
Sabyrly bol, kanagatly, bagtly bol
Durmuşda tupan bar, harasat, gaý bar
Ejizi syndyrar, merdany saýlar
Toprak bir topragyň müň edip gaýtar
Ene toprak ýaly sahabatly bol
Gazanjyň gor bolsun, gaýmak deý sakla
Bereý diýse rysgal döwlet kän hakda
Söwdaýy sowurma, baýlygyň bukma
Hasap guşy ýaly, hasabatly bol
Ataňy ynjytsaň, pygamber ynjar
Eneňi ynjytsaň Biribar ynjar
Ýagşyzada ýaly belent bol ynsan
Ataňa-eneňe sagadatly bol
Her bir kalpda bardyr Hakdan terezi
Merdiň dagy beýik giňdir deresi
Muhannesiň ahyr dargar deregi
Edil Süleýman deý adalatly bol
Sapar aýdar kylgyl topraga togap
Günäň özi geler, gözlegiň sogap
Halkyň,il-ulusyň,diliňde dogaň
Diýaryňa mydam ybadatly bol

(Beýik Saparmyrat Turkmenbashy )
4 лайков 160 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahrukh khan
Автор 22 дек 2021, 19:06
Mekdep dowrumiz 2likchiler un goshgusy bardy "Ruhynyz tug deyin belentde bolsun" diyip. Mekdepde her 1 gun pastreniya bolardy. Oglanlary chykaryp goshgy aytdyrardylar. Kop oglan shony aydardy. Yenil goshgy bolanson yatlamak ansatdy )))
Ejegyz.
22 дек 2021, 19:30
Shahrukh khan,
Like !
Ejegyz.
22 дек 2021, 19:32
"Ruhnama " kitaby gaty gyzykly ! "Eziz oglum , mähriban gyzym ! " Diyip başlayan sozleri hasam gowy
arkac
22 дек 2021, 19:56
Цитата: Ejegyz
"Ruhnama " kitaby gaty gyzykly ! "Eziz oglum , mähriban gyzym ! " Diyip başlayan sozleri hasam gowy
.

Tas Kuran-Kerime deñelipdi...
Shahrukh khan
Автор 22 дек 2021, 19:58
Цитата: arkac
Цитата: Ejegyz
"Ruhnama " kitaby gaty gyzykly ! "Eziz oglum , mähriban gyzym ! " Diyip başlayan sozleri hasam gowy
.

Tas Kuran-Kerime deñelipdi...


Bizde kitabyny Kurana ozlerini Hudaya denemeklik normal zat.
Ejegyz.
22 дек 2021, 21:46
arkac,
Deñelerçe bar ... Gaty gowy kitap
Shahrukh khan
Автор 22 дек 2021, 22:05
Цитата: Ejegyz
arkac,
Deñelerçe bar ... Gaty gowy kitap


Kuran bn bir dunyewi kitaby deneyanmi?
Ejegyz.
23 дек 2021, 11:59
Shahrukh khan,
Diňe men deňedimmi ?!